''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Gadymy ýazgylara ýüzlensek...

Darganata etraby welaýatymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerinde gojaman Jeýhuny etekläp oturan bu etrabyň çägindäki galalar we desgalar, olaryň döreýşi barada gymmatly maglumatlara duş gelinýär. X asyryň arap syýahatçysy Abu Abdylla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Horezmde onuň paýtagty Ürgençden soň iň uly şäheriň Dargandygyny, ol ýerde Amyderýadan geçelgäniň bardygyny ýazypdyr. XIX asyryň rus alymy A.L.Kun bolsa «Gadymyýetden bäri Hywa hanlygynda ýerleşilmegiň taryhy barada oçerk» atly eserinde derýadan geçelgäniň eýesine «darga» diýilýändigini we bu wezipäniň edil miraplyk ýaly Hywa hanynyň köşgünde hormatly kär hasaplanylýandygyny belläpdir. Türkmen diliniň sözlüginde «darga» diýen at iki manyda — «Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämini çekýän adam ýa-da ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam, gämiçi» diýlip düşündirilýär. Alym S.Atanyýazow hem «Türkmenistanyň geografiki atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda «dargan» sözüniň «gaýykçy», «gämiçi» manysy bolup, «darga» sözüniň köplük sany bolmagynyň ähtimaldygyny we bu sözüň soňuna goşulan ata sözüniň mukaddes ýerleriň — öwlüýäleriň, mawzoleýleri

Gelinlik dünýäsiniň gelşigi

Gaýyn öýüniň işiginden ilkinji ätlän gelinleriň başyna gyzyl-elwan bolup lowurdap duran, gül-gunçaly, älemgoşar öwüşginli çarşawyň (ýurdumyzyň günbatar sebitinde çäşewi diýlip atlandyrylýar) atylmagy onuň gelinlik dünýäsiniň şeýle gözellige beslenmegi baradaky arzuwdan gözbaş alýar. Balkan welaýatynda mahsus bolan bu ýörelge asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ene-mamalarymyz başy çarşawly gelni alnyna sylyp, ýagşy niýet bilen garşylapdyrlar. Ýigidiň gelni alyp gelen ýeňňesidir öýlenýän oglanyň dost-ýarlary bolsa: — Mahmal-begres içinde,Saýlanýarsyň, gözel gyz.Çäşewini atynyp,Sallanýarsyň, gözel gyz —

Asylly ýörelgeler

Adamzat ýaşaýşynda ynsany bezeýän mukaddes häsiýetleriň biri hem edepdir. Edep ynsanyň durmuşda, maşgalada hem-de jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem edep-ekram barada halkymyz çaganyň ýaşlygyndan aýratyn aladalanyp başlapdyr, sebäbi edep adamzat ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Iňňän inçeden yzarlanan ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän edep-ekramlylygy mydama özüne ýaran edinen halkymyz çagany şol duýgular bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Milli terbiýede çaganyň ýanynda diňe gowy zatlar hakynda söhbet açylyp, onuň özüne hem diňe gowy zatlar hakynda pikirlenmegi ündäpdirler. Halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen nakyla eýerilipdir. Edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Edep-ekramyň, görüm-göreldedir ýagşy terbiýäniň bar ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlygyňam, agzybirligiňem, üstünligiňem bolýandygy durmuşyň ykrar eden iň beýik hakykatydyr.

Halallykdan gözbaşly kärizler

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hökmünde hem-de geljek nesillere galdyrmaga mynasyp zatlaryň hatarynda kärizleriň agzalmagy ýöne ýere däl. Ol adamzat ösüşiniň taryhynda oýlanyp tapylan suw geçiriş ulgamlarynyň iň gadymylarynyň hem-de iň bir kämilleriniň biri hasaplanýar. Kärizde, beýleki ulgamlardan tapawutlylykda, tebigy taýdan arassa suw gözbaşdan ulanyş akabasyna çenli aralykda ýitmeýär, hapalanmaýar. Suwuň käriziň söwleri (dikanalary — guýulary birikdirýän ötelge) arkaly gerekli ýere akyp barmagy üçin bolsa uly bir çykdajy hem gerek bolmaýar. Onuň suwy daşyndan hiç bir zadyň täsiri bolmazdan akyp duran ýaşaýyş çeşmesidir. Käriz ýerasty ulgam bolany üçin jalawadaky (käriziň suwunyň ýeriň ýüzüne çykýan ýeri) suw gyşyna ýyly, tomsuň jöwzaly günlerinde bolsa ýaňy sowadyjydan çykarylan ýaly sowujak bolýar. Dürli tebigy ýagdaýlara görä, käriziň palanasyna (gözbaşyň, söwleriň, dikanalaryň diwarlarynyň opurylmazlygy üçin daşdan, agaçdan, bişirilen kerpiçden örülen örtgi) zeper ýetmedik ýagdaýynda onuň ýüzlerçe ýyllap hyzmat edýändigini şu günlerimizde-de adamlary süýji suwundan gandyrýan kärizleriň mysalynda arkaýyn aýdyp bileris. Bäherden şäherindäki Garajanyň käriziniň ýaşynyň iki ýüz ýyla golaýdygyny ýerli ýaşulular aýdýar. On

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary Horezmşalar döwrüne degişli gadymy teňňeleri tapdylar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň ýaşaýjylary 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň böleklerini we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapdylar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler Köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.

Tamdyr keramaty

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­men top­ra­gy­nyň ke­ra­ma­ty bar. Bu ke­ra­mat ata Wa­ta­nyň her da­ban ýe­rin­den baş­lap, ýe­ke gy­sym gu­mu­ny­ňam süň­ňüne si­ňip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz dün­ýä­niň gö­zel-gö­zel ýer­le­ri­ne seýran et­se­ler-de, ahy­ryn­da öz ýur­du­na do­la­nyp­dyr­lar. Bu top­rak üçin gö­re­şip­dir­ler, go­rap­dyr­lar. Goý­nun­da owal-ahyr bol be­re­ket eçi­lip, üs­tün­de Oguz han, Gor­kut ata, Gö­rog­ly beg ýa­ly be­ýik şahsyýet­leri ýe­tiş­di­ren bu ga­dy­my top­rak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men hal­ky­nyň bolelin ýa­şa­ma­gy üçin ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de öz gud­ra­ty­ny gör­kez­di. Türk­me­niň top­ra­gy gör­lüp-eşi­dil­me­dik ak pag­ta­nyň, ak bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny eçil­di. Mu­kad­des top­ra­gyň be­re­ket­li ak bug­da­ýy­nyň ke­ra­ma­ty türk­men tam­dy­ry­na-da ge­çip­dir.

Ibn Si­na­nyň pent­le­rin­den

Hakydalarda ýaşaýan gerçek

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hakydalarymyzda baky ýaşaýar. Şol galagoply günleri ýatlamak ýeňil bolmasa-da, mahal-mahal ýatlamalar kölüne batanyňy duýman galýarsyň. Çünki gerçek ýigitlerimiz Watan goragynda gahrymançylyk görkezseler, zenanlarymyz, oglan-uşak tylda zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny miras goýdular. Merdana halkymyz öz ezizlerini unutmaýar we olary uly hormat bilen ýatlaýar. Biziň bu günki söhbedimiz şeýle Watan goragçylaryň biri Mädeli Tegelekow hakynda bolar... Paşşy serdaryň hormatyna ýardam edilip, ogly Tegelek serdaryň 14 öýli dogan-garyndaşlary bilen 1894-nji ýylda göçülip gelnen, Oguzlaryň deresiniň iki dagyň agzyndaky tekiz meýdanda düýbi tutulan Artyk obasynda 1913-nji ýylda Paşşy serdar ogly Tegelek serdaryň (azan ady Berdimyrat) we Täçsoltanyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Tegelek serdar öz kowmundan bolan, şol döwürde abraýly din wekilleriniň biri Gylyçnyýaz karyny çagyryp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, kakasynyň goňşy dag etegindäki dosty gala hanynyň hormatyna Mädeli diýip at dakýarlar.

Zerim bar, zergärim bar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny, ruhubelentligini artdyrýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toý dabaralary milli gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi dünýä aýan edýär.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky ýygnagyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi geçirildi. Iki günüň dowamynda gatnaşyjy döwletler bütin dünýäde janly mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary ugrukdyrmak maksady bilen Konwensiýanyň wajyp meselelerine seretdiler. Gün tertibine Hökümetara Komitetiň we Sekretariatyň hasabatlary, 2024-2025-nji ýyllarda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň ulanylyşy boýunça meýilnamalary, täze Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň akkreditasiýasy, 2023-nji ýylda Konwensiýanyň 20 ýyllygy boýunça hasabaty we Komitetiň 12 sany täze agzalarynyň saýlawlary degişli edilýär.

Ak öýleriň ýaraşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmäge, giňden wagyz etmäge ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynda sallançak bilen bagly ýörelgeler hem aýratyn orny eýeleýär. Sallançak bilen baglanyşykly aýdylýan gyzykly gürrüňler biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Sallançak, esasan, ak öýleriň töründe iki sany sözen agajy dikilip gurlupdyr. Sözen agajyny dikenlerinden soň, «iner diş» diýlip işilýän ýogyn alaja ýüpi iki agaja berk daňypdyrlar. Goýnuň ak bilen gara ýüňünden taýýarlanýan ol ýüpi çagajygyň babasy işipdir. Oňa «iner diş» diýilmegi körpäni gözden-dilden goramak ynanjy, şeýle hem «Iner ýaly ogul bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen baglanyşyklydyr. Sallançak kilimini bolsa çagajygyň mamasy dokap, ony agtygyna sowgat hökmünde beripdir. «Gyz bäbejigiň eli çeper, eli işli bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen bu kilime gülýaýdy nagşy salnypdyr. Sallançagyň üwrelýän ýüpüniň düýäniň ýüňi garylan alaja bolmagy hem gözden-dilden goramak ynanjy bilen baglanyşyklydyr. Sallançagyň iki ýan çetini saklap duran agajy dagdan agajyndan edipdirler. Dagdan köpýyllyk agaç bolup, ata-babalarymyz «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýipdirl

Ýüz — kalbyň aýnasy

«Göz — kalbyň aýnasy» diýen pederlerimiz «Ýüz — kalbyň aýnasy» diýmegi-de unutmandyrlar. Adam oglunyň duýgularyny çakgan äşgär edýän onuň ýüzüdir. Adamyň ýüz keşbi şahyrlar tarapyndan wasp edilipdir. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: Eý, ýaranlar, bir ýüzi gül, aýa aşyk bolmuşam,Barçalar maksudy — gül ragnaýa aşyk bolmuşam —

Durmuşyň sogaply sepgidi

Dünýä halklarynyň köpüsiniň belleýän Gurban baýramy ýene Zeminiň uly bölegini toýhana öwrer. Halkymyzda «Köpüň dilegi köl bolar» diýlişi ýaly, Gurban baýramynda töwerek-daşa, adamzat ähline diňe gowulyklaryň ýaran bolmagy arzuw edilýär. Dünýäniň çar künjünde sadakalar berlip, birek-biregiň boldan bezelen saçagynyň başynda töwir galdyrylyp edilýän iň ýagşy dilegleriň Zemine parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk, rysgal-bereket bolup doljakdygyna ynanylýar. Gurban baýramynyň umumy dessurlar arkaly halklary birleşdirişi, birek-birege ýakyn edişi-de üýtgeşik. Gurbanlygyň öň ýanynda içerini, goş-golamlary tämizlemek, baýramyň ilkinji gününde säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmek hem gurbanlyk edýän halklaryň köpüsi üçin umumy dessur. Munuň özi Gurban baýramynyň tämizligiň baýramydygyny görkezýär. Biz içerimizi, töwerek-daşymyzy arassa saklamak bilen, birek-birege, gapydan gelene, galyberse-de, öz-özümize kalbymyzy diňe tämiz saklamalydygymyzy ýatladýarys. Gelen myhmanyň kalbyna bolsa: «Sizi arassa ýürek bilen, iň ýagşy niýetler bilen kabul edýäris» diýen duýgyny guýýarys.

Milli dessurlar

Haly, palas dokamak, keçe basmak türkmen halkynda, esasan, gelin-gyzlaryň senetçiligi hasaplanýar. Asyrlaryň çuňluklaryna uzaýan haly, palas, keçe senetçiligi bilen bagly köp sanly dessurlar hem döräpdir. Haly, palas kesilende, bu işi ilki iň sylagly halyçy başlapdyr. Soňra bu dabara gatnaşyjylaryň hersi bir garyş ýaly ýerini kesip, syndyny yzyndaka geçiripdir. Haly eýesi haly kesilip bolansoň, onuň erşinden iki-üç tary alyp, haly kesmäge gatnaşanlaryň başyna daňyp çykypdyr.

Şygyr äleminiň soltany

Asyrlar, heňňamlar özüniň dürli wakalary bilen taryha ýazylýar. XVIII asyr hem türkmen halkynyň ykbalynda çylşyrymly döwür bolup, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldary dünýä berdi. Magtymguly Pyragy halky agzybirlige, bir bitewi döwlet bolmaga çagyrypdyr. Onuň her bir şygrynda watansöýüjiligiň kämil nusgalary şöhlelenipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragy bu gün umumadamzat şahyryna öwrülip, dünýä paýhas nuruny saçýar. Alymlaryň nygtaýşy ýaly, Magtymguly arap edebiýatyndaky aruz şygyr düzüliş gurluşy bilen türki edebiýatyndaky goşuk galyply goşgy düzüliş aýratynlygyny birleşdirdi. Netijede, edebiýatda täzeçe görnüş we halka ýakyn dilli şygyrlar döredi. Bu hem edebiýatyň uly hadysasy hökmünde taryha girdi. Magtymguly Gündogaryň edebi däplerini, ýordumlaryny türkmen edebiýatynyň edebi däpleri, ýordumlary bilen utgaşdyryp, täze keşpleri döretmegi başaran ussatdyr. Ol Gündogaryň iň gowy däplerini halkymyzyň ruhuna, ýörelgelerine, medeniýetine, ruhy-ahlak kadalaryna laýyklykda ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr. Şeýlelik-de, Magtymguly öz döredijiliginde öňe sürýän garaýyşlar

Dograma

Türkmen naharlarynyň içinde dograma taýsyz tagam hasap edilýär. Dogramanyň taýýarlanylyşy dürli aýratynlyga eýe. Dograma taýýarlamak üçin, ilkinji nobatda, petir çörek bişirilýär. Soňra gazana suw guýup, güýçli otda goýulýar hem-de guýlan suw reňkine geler ýaly pomidor atylýar. Ondan soňra oňa elin soýlan goýnuň täze eti atylyp, et bişip süňkden sypar derejesine ýetýänçä gaýnadylýar. Şu ýagdaýda gazanyň agaçdan edilen galyň gapagynyň bolmagy zerurdyr. Çünki gapak bugy ýaýratman özünde saklap, etiň tagamynyň has-da süýjemegine täsir edýär.

Medeni gymmatlyklarymyzyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ruhy taýdan galkynmagyna, milli medeniýetimiziň, taryhymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyna hem-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Şeýle işleriň çäklerinde beýik akyldarlarymyzyň, alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň çuň mazmunly kitaplary yzygiderli neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilip durulýar. Ýakynda beýik söz ussady Pyraga goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşany hökmünde taryha girjek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli akyldaryň asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy munuň subutnamasy bolup durýar.  Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimiz uly ösüşlere beslenýär. Milli medeniýet medeni gymmatlyklarymyzdan, ynsanperwer däp-dessurlarymyzdan, ýörelgelerimizden, adatlarymyzdan gözbaş alýar. Ş

Şöhratly ahalteke bedewleri

Häzirki wagtda ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek giň gerime eýe bolýar. Ahalteke atlary daşky görnüşi boýunça ýatdan çykmajak täsir döredýär. Bu atlar özboluşly syn-sypaty, tohum arassalygy, ýyndamlygy we owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Ahalteke atlary oýnaklap duran alma gözlüdir, maňlaýy giňdir, keýerjekläp duran gamyşgulaklydyr. Ahalteke atlarynyň döş kapasasynyň göwrümi uly, arkasy, bili uzyn bolýar. Sagrysy uzyndan ýapgyt. Olarda üns berilmeli syna agzalarynyň biride aýaklarydyr. Ahalteke atlaryna süňki inçeden uzyn aýaklylyk häsiýetlidir.

Türkmen silkme telpekleri

Ýurdumyzda başy silkme telpekli ýaşululary, ýaş ýigitleri göreniňde milliligimize bolan buýsanjyň has-da artýar. Telpekler senetçi halkymyzyň maldarçylykdan alýan iň arzyly önümleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda onuň asyl durky üýtgedilmän, şu günlere çenli saklanyp gelipdir. Halkymyzyň telpege bolan garaýşy hem-de hormaty juda uludyr. Muňa onuň bilen baglanyşykly dörän dürli däp-dessurlar, düşünjeler, nakyllardyr atalar sözi anyk mysal bolup biler. Telpek uly adamlar bilen bir hatarda çagalara hem geýdirilipdir. Telpek çagalary sowukdan, yssydan goramakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Telpekçi ussalaryň maňlaý derini siňdirip, tokludyr guzularyň derisinden taýýarlaýan, buýralary seçelenip duran silkme telpeklerini tikmek irginsizligi, zähmetsöýerligi talap edýär. Olar maşgalasyna wepaly, dogumly we gaýratly türkmen ýigitlerini has-da nazarkerde görkezýär. Atalarymyz telpekleri diňe bir başgap hökmünde görmän, eýsem, erkek kişileriň mertebesi, at-abraýy bilen baglanyşdyrypdyrlar.

Kürtekçe, kirlik

Maşgalada çaga dünýä inenden ene-mamalarymyz oňa geýdirjek eşiklerini ýagşy arzuw bilen tikipdirler. Bäbek kyrk çileden çykandan soň, 3 – 4 ýaşaýança oňa kürtekçe, kirlik geýdiripdirler. Kürtekçe – çagalaryň egnine geýýän eşigi bolup, ol dikligine dürli görnüşli mata bölejiklerden gurnalyp, işliklenip tikilýär.