Şöhratly ahalteke bedewleri

11 Iýun 2024
168

Häzirki wagtda ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek giň gerime eýe bolýar. Ahalteke atlary daşky görnüşi boýunça ýatdan çykmajak täsir döredýär. Bu atlar özboluşly syn-sypaty, tohum arassalygy, ýyndamlygy we owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Ahalteke atlary oýnaklap duran alma gözlüdir, maňlaýy giňdir, keýerjekläp duran gamyşgulaklydyr.

Ahalteke atlarynyň döş kapasasynyň göwrümi uly, arkasy, bili uzyn bolýar. Sagrysy uzyndan ýapgyt. Olarda üns berilmeli syna agzalarynyň biride aýaklarydyr. Ahalteke atlaryna süňki inçeden uzyn aýaklylyk häsiýetlidir.

Ýusup WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar