Türkmen silkme telpekleri

11 Iýun 2024
299

Ýurdumyzda başy silkme telpekli ýaşululary, ýaş ýigitleri göreniňde milliligimize bolan buýsanjyň has-da artýar. Telpekler senetçi halkymyzyň maldarçylykdan alýan iň arzyly önümleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda onuň asyl durky üýtgedilmän, şu günlere çenli saklanyp gelipdir. Halkymyzyň telpege bolan garaýşy hem-de hormaty juda uludyr. Muňa onuň bilen baglanyşykly dörän dürli däp-dessurlar, düşünjeler, nakyllardyr atalar sözi anyk mysal bolup biler. Telpek uly adamlar bilen bir hatarda çagalara hem geýdirilipdir. Telpek çagalary sowukdan, yssydan goramakda uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Telpekçi ussalaryň maňlaý derini siňdirip, tokludyr guzularyň derisinden taýýarlaýan, buýralary seçelenip duran silkme telpeklerini tikmek irginsizligi, zähmetsöýerligi talap edýär. Olar maşgalasyna wepaly, dogumly we gaýratly türkmen ýigitlerini has-da nazarkerde görkezýär. Atalarymyz telpekleri diňe bir başgap hökmünde görmän, eýsem, erkek kişileriň mertebesi, at-abraýy bilen baglanyşdyrypdyrlar.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar