Halallykdan gözbaşly kärizler

17 Iýun 2024
143

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hökmünde hem-de geljek nesillere galdyrmaga mynasyp zatlaryň hatarynda kärizleriň agzalmagy ýöne ýere däl. Ol adamzat ösüşiniň taryhynda oýlanyp tapylan suw geçiriş ulgamlarynyň iň gadymylarynyň hem-de iň bir kämilleriniň biri hasaplanýar. Kärizde, beýleki ulgamlardan tapawutlylykda, tebigy taýdan arassa suw gözbaşdan ulanyş akabasyna çenli aralykda ýitmeýär, hapalanmaýar. Suwuň käriziň söwleri (dikanalary — guýulary birikdirýän ötelge) arkaly gerekli ýere akyp barmagy üçin bolsa uly bir çykdajy hem gerek bolmaýar. Onuň suwy daşyndan hiç bir zadyň täsiri bolmazdan akyp duran ýaşaýyş çeşmesidir. Käriz ýerasty ulgam bolany üçin jalawadaky (käriziň suwunyň ýeriň ýüzüne çykýan ýeri) suw gyşyna ýyly, tomsuň jöwzaly günlerinde bolsa ýaňy sowadyjydan çykarylan ýaly sowujak bolýar. Dürli tebigy ýagdaýlara görä, käriziň palanasyna (gözbaşyň, söwleriň, dikanalaryň diwarlarynyň opurylmazlygy üçin daşdan, agaçdan, bişirilen kerpiçden örülen örtgi) zeper ýetmedik ýagdaýynda onuň ýüzlerçe ýyllap hyzmat edýändigini şu günlerimizde-de adamlary süýji suwundan gandyrýan kärizleriň mysalynda arkaýyn aýdyp bileris. Bäherden şäherindäki Garajanyň käriziniň ýaşynyň iki ýüz ýyla golaýdygyny ýerli ýaşulular aýdýar. Onuň suwunyň ýylyň ähli möwsüminde şol bir akyşydygyny, hiç hili kemelmeýändigini Bäherdeniň ýaşaýjylary bize şol ýerde bolanymyzda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Bäherdenli ýaşulular şol etrabyň çäginde häzirki döwürde bar bolan 16 sany käriziň käbiriniň ýaşy müň ýyl bardyr diýip çaklaýarlar.

Hakykatyň hatyrasyna, bir zady bellemegimiz gerek. Adamlary ýyllarboýy ekologik taýdan arassa, jana şypaly suw bilen üpjün edýän, ulanmak üçin arzan düşýän suw geçiriji ulgam bolan kärizi taýýarlamak iň bir güzaply hem howply işleriň biridir. Kärizçiniň käri ussadan inçe duýgurlygy, aň ýitiligini, bedeniň çydamlylygyny, batyrlygy, ilkinji nobatda bolsa, çekýän zähmetinde halallygy talap edipdir. Ýeriň aşagynda howa ýetmeýän darajyk ýerde tozana boglup ýer köwmek her kime başardaýýan iş däl. Käriz gazylanda edilen jinnek ýaly galplyk ýa-da hasapda goýberilen sähelçe ýalňyşlyk bolsa ussanyňam, kömekçileriniňem başyndan bela inmek howpunyň ähtimallygyny ýokary derejelere ýetiripdir. Ussanyň aňrybaş halallygy diwarlaryň olaryň özleriniň üstlerinden opurylmak, ýer astynda galyp heläk bolmak howpuny aradan aýrypdyr.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».
Beýleki habarlar