''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sülgün guşy

Sülgün öý towugyna çalymdaş, emma guýrugy inçeden uzyn guşdur. Olaryň horazynyň ýelekleri ala, altynsow, goýy-ýaşyl, mämişi we mawumtyl reňkleriň utgaşygynda, guýrugy sarymtyl-gyzyl, gyzylymtyl-ýaşyl öwüşginli sarymtyl goňur reňkli bolýar. Mäkiýanlarynyň sada bezegli boýny syýa öwüşginli goňur sary, boýny melewşe reňk öwüşginlidir. Sülgünleriň horazy mäkiýanyndan ep-esli uly we guýrugy has uzyndyr. Ylganynda kellesini we boýnuny öňe süýndürip, guýrugyny ýokary galdyrýar. Gowşak we az uçýar. Ilkinji gezek uçanyndan soň gaýtadan uçmaýar, jeňňellikde bukulýar. Horazlarynyň agramy 2 kilogram, mäkiýanlaryň agramy bolsa 1,4 kilograma çenli barýar. Olar guýrugynyň uzyndygy bilen towukşekillileriň ählisinden tapawutlanýarlar. Türkmenistanda sülgünleriň dört görnüşi: pars, murgap, amyderýa we hywa sülgünleri gabat gelýär. Olar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüdigi, köpelýän wagtlary we ýaşaýan ýerleri boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu guşlar Günbatar we Günorta Ýewropa, Kawkaz, Alynky, Merkezi we Gündogar Aziýa Amerikanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Tasmaniýanyň käbir ýerlerinde uýgunlaşdyrylandyr. Türkmenistanyň çäklerinde bolsa, sülgün guşlary Günbatar Köpetdagda, Tejen, Murgap, Garagum derýalarynyň, Amyderý

Ýantar şaý-sepleri

Demirgazygyň altyny hasaplanýan bu göze ýakymly, «güneşli» daşy adamlar göwherden hem has öň ulanypdyrlar. Häzirki zaman zergärleri bu günki gün ýantar daşyna täze äheň bermäge synanyşyp, mineraly öwrenmegi dowam edýärler. Ýantar daşy gadymy hwoýa ýaprakly agaçlaryň şepbigidir. Mineralyň ýaşynyň ýokarky çägi 140 million ýyl ozal diýlip çaklanylýar. Ýantar bölekleri neolit döwrüniň ilatly ýerlerinden tapylypdyr. Ýaňy-ýakynda bolsa Petrozawodsk şäheriniň golaýynda ýantar daşly tapyndylaryň üsti açyldy, ýagny 100—150-den gowrak ýantar monjuklary we dürli şekilli ýantar asyklary tapyldy.

Tebigat – täsin mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerin

Akpatlawuk

Türkmenistanda täsin howa şertleriniň bolmagyna Hazar deňziniň goşandy örän uludyr. Ol baý biodürlüligi, kenarýakadaky gadymy ýadygärlikleri, tebigy gözellikleriň sazlaşygy bilen bir hatarda, läbik patlawuklary bilen hem köpleriň ünsüni çekýär. Hazaryň kenar ýakasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri läbik wulkanlardyr. Adatça, «wulkan» diýlende, garaşylmadyk ýerden ýüzlerçe metr ýokarlygyna atylyp gidýän ýa-da ergin halda ýerden çogup çykýan gyzgyn suwuk akym göz öňüňde janlanýar. Hakykatda welin, olaryň tebigatyň iň kuwwatly, iň täsin we iň howply hadysalarynyň biridigi şübhesizdir. Wulkanlar Zemin döräli bäri onuň daşky durkuny ilkibaşdakysyndan düýpgöter özgerdip gelen hadysalaryň hatarynda durýar. Olar hut häzirki günlerde-de Ýeriň daşky keşbini ýuwaş-ýuwaşdan «timarlamaklaryny», «özgertmeklerini» dowam etdirýärler. Bar bolan maglumatlara görä, mahal-mahal hyruç bilen atylyp ýa-da çogup çykýan wulkanlaryň umumy sany 1500-e ýetýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň häzirki çäkleriniň onlarça million ýyl mundan ozal, ýagny daglaryň emele gelýän döwürlerinde has güýçli wulkanlaryň mesgeni bolandygyny taryhy-geologik galyndylar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Wagtyň geçmegi bilen, kuwwatly wulkanlaryň aglabasy hereketlerini tamamlan-d

Kiçi çille

Türkmenleriň nesilme-nesil peýdalanyp dowam etdirip gelýän ýyldyz ýörelgesine eýerýän milli senenamasy boýunça 16-njy ýanwarda gyşyň iň uly bölegi bolan uly çille tamamlanyp, aýyň 17-sinde kiçi çille başlandy. Ata-babalarymyz kiçi çilläni örän yzgytsyz hasaplaýarlar. Sebäbi ol bary-ýogy 20 gün dowam etse-de, çarwany-da, daýhany-da aljyradypdyr. Özüniň aýazly, aňzakly we garly günleri bilen ol köpi synaga salypdyr. Kiçi çillede ýagan garyň ýeriň ýüzünde 40 günläp eremän duran ýyllary-da bolupdyr. «Gyş gazabyna tutdy, hernä yzy düzüw bolsun-da!» diýip, çarwalar şonda howanyň maýlamagyna garaşypdyrlar. Eýýäm agralyp başlan ene goýunlary alada bilen gurşap, olaryň ýyly we dok saklanmagy üçin alada baryny edipdirler. Ätiýaçlyk otuň we iýmiň aglaba bölegi hut şu döwürde sarp edilipdir. Çopanlara goşmaça adamlar berkidilipdir. Daýhanlar bolsa bu döwürde, esasan, gyşky ýuwuş suwuna üns beripdirler. Suwy ýeriň içinde doňduryp bilseň, onuň peýdasy az bolmandyr. Bu ýyl uly çille gazabyna tutmady. Howanyň maýyllyk we sowuklyk ýagdaýy şol bir derejede saklandy. Gijelerine aýazly bolsa-da, gündizlerine maýlady. Eýsem, kiçi çilleden nähili howa garaşylýar? Köp ýyllaryň dowamynda howany we tebigatyň üýtgemelerini synçy nazary bilen degşirip-deňeşdirip gelýän ýaş

Bulary bilýärsiňizmi?!

Gyş möwsüminde iýilýän miweler beýleki pasyllardakydan biraz üýtgeşik bolýar. Baýramçylyklarda-da, adaty ýagdaýlarda hem saçaklarymyzda orun alan mandarin, pyrtykal, greýpfrut şeýle miwelere degişlidir. Olar biri-birine meňzeş hem bolsa, tagamy-da, daşky görnüşi-de biri-birinden saýlanýar. Eýse, olaryň nähili tapawutly taraplary bolýarka? Mandarin

Kiçi çille

(18-nji ýanwar — 7-nji fewral aralygy) Pelegiň hemme taraplaryna syýahat edip aýlanýan Ýer öz ýolunda dürli ýyldyzlaryň örüsine aralaşýar. Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň hasabyndan başyň çykmagy, olaryň dogup-ýaşýan wagtlary tebigatda bolýan hadysalary anyk bilmek ekerançylykda-da, maldarçylykda-da, durmuşda-da iňňän zerur bolup durýar.

Bathyzyň ajaýyp täsinlikleri

Garadaş Ol ýyl saragtly dostlarymyňka gezelenje baranymda olar:

Palmalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ekilýän dürli baglardyr güller obalarymyzyňdyr şäherlerimiziň gözelligine görk goşýar. Owadan, kaşaň binalaryň öňlerinde, köçeleriň gyralarynda beýleki baglar bilen bilelikde, palmalar hem ekilip, olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Palmalar, esasan, tropiki we subtropiki ýerlerde ösýän agaçdyr. Tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan, bezeg agajy bolan palmalar özüniň daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Ösümlikler dünýäsinde

Dünýäde iň tiz ulalýan ösümlik bambukdyr. Ol bir gije-gündizde 40 santimetrden 1 metre çenli ösýär. *  *  *

Gözelligiň aşygy

Dag eteginde ýaşamagyň aýratyn lezzeti bar. Çar ýanyň dag bolsa özüňi goragly, arkaly duýýarsyň. Halkymyzyň gezelenç etmek üçin iň arzuwlaýan ýerleriniň biri bolan Sekizýap jülgesinde ýaşamagym maňa aýratyn ylham berýär. Öten agşamky güpüläp düşen gar daş-töweregimizi ertekiler dünýäsine öwürdi. Ir bilen bu gözelligi synlap, aklykdan ganyp bilmän durşuma Aşgabatda garyň ýaganyny-ýagmanyny bilmek üçin jorama jaň etdim. Ol howanyň sowandygyny, ýagşyň ýagyp, garyň entek ýagmandygyny aýtdy. Soňra biz joram bilen geçenleri ýatladyk. Joram dagdan inýän çeşme suwunyň aşygy. Myhmançylyga gelen wagty çeşmeleriň owazyny diňläp aýdym diňlän ýaly bolýandygyny ol hemişe gürrüň bererdi. Dag eteginiň gözelligi dil bilen beýan ederden aňyrda. Bu ýerler her pasylda öz gözelligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Käwagt daglaryň göwsüni ýaryp çykýan öt-çöpleri, dürli pürli we miweli agaçlary synlap oturyşyma öz-özüm bu keramatly ýerleriň syrly dünýäsine düşünesim gelýär. Kinniwanja otjagazlaryň, näzijek gülleriň, äpet-äpet agaçlaryň dag göwsüni böwsüp gögermesi diýseň täsindi. Mellegimiziň aýagujunda akyp ýatan durnagöz ýap hem gözbaşyny dagdan alyp gaýdýan çeşme suwy. Ol suwdan taňkada gaýnadyp çaý içen wagtyň dünýäni unudýarsyň. K

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Köýtendag - täsin mekan

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli ýurdumyzyň gündogar çetinde ýerleşýän Köýtendag jülgesi tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Köýtendagyň asyrlaryň syrlaryny goýnunda saklaýan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhymyzyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen gaýalar bilen berk gurşalan täsin ýerleri göreni haýrana goýýar. Köýtendagyň geografiki ýerleşişi - Köýtendag gündogarda Täjigistanyň, Özbegistanyň çäklerinde günbatara uzalyp gidýän Gissar dag ulgamynyň iň günbatarky bölegi - kiçeňräk gerşi bolup durýar. Köýtendag Gissar dag ulgamynyň umumy ulgamynyň uzalýan ugrundan tapawutlylykda demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugrugyp gidýändir. Dag gerşi bilen uzalyp gidýän jülgäniň düýbünden Köýten derýasy akyp, Köýtendagyň günbatarynda tebigy çäk emele getirýär. Köýtendag demirgazyk-gündogarda geriş şekilini ýitirmän, doganlyk ýurt bolan Özbegistanyň çäklerine geçip gidýär. Umuman, Köýtendagyň suw bölüji gerşinden Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçägi geçýär. Bu gerşiň iň beýik depesi 3139 metr belentlikdäki Aýrybaba depesidir. Aýrybaba ýurdumyzyň çäklerindäki iň beýik depe, ýagny Türkmen

Il-ýurt bähbitli işiň öň hatarynda

Umumy öýümuz bolan tebigatyň ekologik deňagramlylygyny saklamakda tokaýlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda tokaýlary gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar. — Biz döwlet Baştutanymyzyň bagçylygy ösdürmek, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek ugrundaky ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolýarys. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowy görkezijilere eýe bolduk — diýip, welaýat tokaý hojalygynyň baş bagbany Rüstem Joraýew höwes bilen gürrüň berýär.

Gyşyň örküji

Türkmen halkynyň milli senenamasynda uly çille döwri gyşyň örküji hasaplanylýar. Ol dekabr aýynyň 8-inden başlanyp, tä ýanwar aýynyň 17-sine çenli dowam edýär. «Çille» pars sözi bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Uly çille döwri 40 günläp dowam edip, sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille çopandyr çoluklar üçin iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanylýar. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlarymyz bolsa täze hasylyň düýbüni tutmak ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Halkymyz gyşyň bu döwri bilen bagly birnäçe nakyllary hem döredipdirler. Olara «Çille gary ― ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz», «Çillede ― çepek, jöwzada ― içmek» ýaly pähimler degişlidir. Şeýle-de halkymyzyň arasynda çille bilen bagly «Çille dolmak — gyş pasly tamamlanmak» diýen düşünje ýörgünlidir. Bular halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda tebigata, onda bolup geçýän hadysalara eden gözegçilikleriniň, durmuşy tejribeleriniň önümidir.

Hazar deňzi hakda

Hazar deňzi dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýapyk suw howdany bolsa-da, onda balyklaryň köp görnüşleri ýaşaýar. Ihtiologlaryň tassyklamalaryna görä, deňizde ýaşaýan balyklaryň görnüşleri 140-dan hem aşýar. Olaryň arasynda uzynlygy adaty otluçöpden geçmeýän kinniwan balyjyklar bilen birlikde uzynlygy birnäçe metre ýetýän uly balyklar hem bardyr. Munuň özi Hazaryň suwunyň duzlulyk derejesiniň dürlüdigi bilen düşündirilýär. Onuň demirgazyk bölegindäki, Wolga derýasynyň deňze guýýan ýerindäki suwunyň düzüminde duz ýok diýen ýalydyr. Akbalyk

Paratetis — iň uly köl

Paratetis Ýeriň taryhynda iň uly köl hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Niderlandlaryň Utreht uniwersitetiniň alymlary braziliýaly, russiýaly we germaniýaly kärdeşleri bilen iňňän gadymy döwürde bu kölüň 2,8 million inedördül kilometr meýdany eýeländigini anykladylar. Munuň özi häzirki Orta ýer deňziniň tutýan meýdanyndan hem uludyr. Mundan, takmynan, 11 million ýyldan hem ozal bu suw howdany günbatarda Alp daglaryna, gündogarda bolsa Türkmenistana çenli aralygy eýeläpdir. Ol özünde suwuň 1,77 million kub kilometrini jemläpdir. Munuň özi onda dünýäniň häzirkizaman kölleriniň ählisindäkiden, takmynan, 10 esseden köp suwuň jemlenendiginden habar berýär. Kölde haýwanlaryň äpet görnüşleri, şol sanda, murtly läheňler ýaşapdyr. Onuň kenaryndaky batgalyklar bolsa häzirki pillerden hem äpet holtumly deýnoteriýalaryň mesgeni bolupdyr. Bu suw howdany 350 müň ýylyň dowamynda kem-kemden gurap, meýdanynyň üçden iki bölegini ýitiripdir. Gara, Hazar we Aral deňizleri onuň galyndylarydyr. Kölüň ady gadymy Tetis ummany bilen baglanyşykly bolup, ol onuň bir bölegi hasaplanylýar. Köl Alp, Karpat daglarynyň we beýleki dag ulgamlarynyň döremegi bilen bu ummandan bölünip aýrylypdyr. Utreht uniwersitetiniň bu suw howdanynyň möçberini öwrenýän alymlary Paratetisiň ýok bolmag

Biler bolsaňyz...

Üzüm miladydan öňki 6000-nji ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. ***Banan miwe däl-de, ösümlikdir. ***Gülleýän ösümlikler 130 million ýyl ozal peýda bolupdyr.***Dünýäde 298 müň ösümlik görnüşiniň bardygy çak edilýär. ***Ösümlikleriň 70 müň töwerek görnüşi lukmançylykda ulanylýar. ***Dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň 80 müň sanysyny iýip bolýar. ***XVII asyrdan ozal käşirleriň ählisi gyrmyzy reňkde ekeni.

Ýelda

Ýelda — güýz paslynyň ahyrky güni we gyşyň uly çillesiniň başlangyjy. Adatça, gyş paslynyň bu güni ýagyş-ýagmyryň kän ýagmagy bilen häsiýetlendirilýär. Muny nusgawy edebiýatymyzyň wekili Seýitmuhammet Saýadynyň şu setirleri hem tassyk edýär: Bolup ol gije göýä ki ýeldan,Howadan ýagdy ýagmyr misli neýsan.

Palmalar

Seýilgählerde ekilýän dürli agaçlardyr güller tebigatyň gözelligine görk goşýar. Ýurdumyzda beýleki agaçlar bilen bilelikde palma agaçlaryna hem aýratyn üns berilýändigini hem-de olaryň sanynyň artdyrylmagy üçin dürli görnüşleriniň ekilýändigini bellemek gerek. Aslynda palmalar tropiki we subtropiki etraplarda ösýän agaçlardyr. Bu agajyň esasy gelip çykan watany Hindi-Malaý we Gwineý-Brazil topraklary hasaplanylýar. Palmalar tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan ajaýyp we özboluşly agaçlardyr. Bu agaç bezeg agajy bolmak bilen, islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Çünki olar özüniň daşky görnüşi we owadanlygy bilen beýleki agaç görnüşlerinden mese-mälim tapawutlanýarlar.