Il-ýurt bähbitli işiň öň hatarynda

10 Ýanwar 2024
667

Umumy öýümuz bolan tebigatyň ekologik deňagramlylygyny saklamakda tokaýlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda tokaýlary gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar.

— Biz döwlet Baştutanymyzyň bagçylygy ösdürmek, oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek ugrundaky ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolýarys. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowy görkezijilere eýe bolduk — diýip, welaýat tokaý hojalygynyň baş bagbany Rüstem Joraýew höwes bilen gürrüň berýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar