Gözelligiň aşygy

16 Ýanwar 2024
481

Dag eteginde ýaşamagyň aýratyn lezzeti bar. Çar ýanyň dag bolsa özüňi goragly, arkaly duýýarsyň. Halkymyzyň gezelenç etmek üçin iň arzuwlaýan ýerleriniň biri bolan Sekizýap jülgesinde ýaşamagym maňa aýratyn ylham berýär. Öten agşamky güpüläp düşen gar daş-töweregimizi ertekiler dünýäsine öwürdi. Ir bilen bu gözelligi synlap, aklykdan ganyp bilmän durşuma Aşgabatda garyň ýaganyny-ýagmanyny bilmek üçin jorama jaň etdim. Ol howanyň sowandygyny, ýagşyň ýagyp, garyň entek ýagmandygyny aýtdy. Soňra biz joram bilen geçenleri ýatladyk. Joram dagdan inýän çeşme suwunyň aşygy. Myhmançylyga gelen wagty çeşmeleriň owazyny diňläp aýdym diňlän ýaly bolýandygyny ol hemişe gürrüň bererdi.

Dag eteginiň gözelligi dil bilen beýan ederden aňyrda. Bu ýerler her pasylda öz gözelligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Käwagt daglaryň göwsüni ýaryp çykýan öt-çöpleri, dürli pürli we miweli agaçlary synlap oturyşyma öz-özüm bu keramatly ýerleriň syrly dünýäsine düşünesim gelýär. Kinniwanja otjagazlaryň, näzijek gülleriň, äpet-äpet agaçlaryň dag göwsüni böwsüp gögermesi diýseň täsindi. Mellegimiziň aýagujunda akyp ýatan durnagöz ýap hem gözbaşyny dagdan alyp gaýdýan çeşme suwy. Ol suwdan taňkada gaýnadyp çaý içen wagtyň dünýäni unudýarsyň. Käkilik otudyr dag narpyzynyň, böwürslendir atgulaklaryň ýakymly ysy lezzet berýändir. Megerem, dag eteginde ýaşaýan adamlaryň sagdyn bolmagy, uzak ýaşamagy hem şundan ybarat bolsa gerek. Bu ýer diňe gözelligi bilen ömrüňi uzaltman, derman öt-çöpleriň, duruja çeşme suwunyň täsiri bilen hem saglygyňy dikeldýär we bar bolan ýadawlygy zym-zyýat edýär.

Täzegül REJEPOWA,
Gökdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar