Hazar deňzi hakda

10 Ýanwar 2024
844

Hazar deňzi dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýapyk suw howdany bolsa-da, onda balyklaryň köp görnüşleri ýaşaýar. Ihtiologlaryň tassyklamalaryna görä, deňizde ýaşaýan balyklaryň görnüşleri 140-dan hem aşýar. Olaryň arasynda uzynlygy adaty otluçöpden geçmeýän kinniwan balyjyklar bilen birlikde uzynlygy birnäçe metre ýetýän uly balyklar hem bardyr. Munuň özi Hazaryň suwunyň duzlulyk derejesiniň dürlüdigi bilen düşündirilýär. Onuň demirgazyk bölegindäki, Wolga derýasynyň deňze guýýan ýerindäki suwunyň düzüminde duz ýok diýen ýalydyr.

Akbalyk

Şemşat Taganowa,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar