''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ömrüň manysy (oçerk)

Kalbyň arassalygy, päk zähmet, ynsanlara bolan mähremligiň seni durmuş ýodalaryndan ýöredip, alyslara, ýagny umman ýaly uzalyp ýatan, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uzak ýollara saglyk hem-de bagtyýarlyk bilen alyp barýar. Durmuş ýollarynyň kötellikleri az däl. Ýöne aljyraman, howlukman, sabyrlylyga ten berip, ähli zady bolmalysy ýaly kabul edip, asuda, parahat ädimler bilen ýöräbermeli. Şeýle duýgulara gol bereniňde diňe özüň däl, eýsem, töwerek-daşyň hem durmuşdan ruhlanyp, lezzet alar, gözel dünýäni has-da görklendirer. Şeýle gözellikleri hemra edinseň, ömür daragtyň binýady berk bolup, gollaryny her ýana ýaýar. Ömrüň manysy hem, megerem, şularda jemlenýändir. Ömür hakdaky duýgularyň girdabyna düşüp barýarkam, ykbalyny ene topraga, tükenmez mährini çagalaryna bagyşlan Enejan ejäniň sadalyk bilen ýylgyryp oturan keşbi göz öňüme geldi. Ol ýanýoldaşy, «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy» Kadyr Seýidow hem-de dowamat-dowamy bagtyýar çagalary, agtykdyr çowluklary bilen altmyş ýyla basalyk Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň Ýasydepe obasynyň Daýhan köçesinde ýaşaýar. Garagum sährasynyň jümmüşinde seleňläp görünýän obanyň bu köçesiniň ene topragy başlaryna sežde edýän Seýidowlaryň hatyrasyna «Daýhan» diýlip

Görüm-göreldäniň gözbaşy

Ata-enä hormat goýmak, olary sylamak, berýän maslahatlaryna gulak asmak, her bir etjek işiňi olar bilen maslahatlaşmak perzent üçin ilkinji borçlaryň biri bolup durýar. Ata-ene hiç wagt çagasyna ters ýoly salgy bermeýär. «Ata-eneňe sarpa goý, gojalygy ýaňsylama. Çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr. Özüňden ulyny syla. Şeýtseň, soň saňa-da hormat ederler» diýip, ata-babalarymyzyň gulagymyza guýan pentleri bizi diňe ýagşylyk ýollaryna rowana edýär. Nesil dowamatynyň şeýle sypaýy häsiýetleri özünde jemlemegi bolsa, ilkinji nobatda, ata-enäniň öz käbesine, kyblasyna edýän sarpasyndan başlanýar. Ata-ene her bir babatda biziň üçin görelde, biz mana düşmez çagalygymyzdan şolaryň edýän hereketlerini gaýtalaýarys. Olaryň sözleýşi, biri-birine hormat goýşy, myhman garşylaýşy, çagalaryna ýumuş tabşyryşy, ýakynlaryna bolan mähri biziň nazarymyzdan sypanok. Şeýlekin mähirli gatnaşyklar şol ojagyň binýadynyň berk bolmagyna, maşgala agzybirligine getirýär. Maşgalada zähmet terbiýesi bilen edep terbiýesi utgaşdyrylanda, ähli gowy gylyk-häsiýetler süňňüňe ornap, öz-özünden guýmagursaklyga öwrülýändigini bilýäris. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýär. Şeýle hem çaga terbiýesi, esasan, enäniň üstüne düşýär, sebäbi ene terbiýeleýji, ata ekleýji bo

Durmuş sapaklary

Içýaga dolanan bagyr kebaby

Gerekli önümler: 800 g sygryň bagry, 300 g içýag, bir bogdak gök arpabadyýan, sirke, duz, gara burç.

Limon şireli itburunly içgi

Gerekli önümler: 100 g itburun miwesi, 2 sany limon, 5 litr suw, 200—250 g şeker.

Goşa ganatym

Heniz uly gyz döwürlerim ejem jany her näçe söýýän hem bolsam enelik söýgüsiniň beýle keramatdygyny göz öňüme getirip bilmezdim. Ene bolmagyň nämedigini bilmek üçin hut özüň ene bolmaly eken. Eli galam tutýanlaryň ählisi ene hakynda ýazýandyr. Emma ene bolup, şol duýgyny başyndan geçirýän adam welin öz ýüregindäkini galam bilen aýan edip bilmez. Sebäbi, ene bolmak öz-özüňi tutuşlygyňa perzende bagyş etmek ahyryn. Hawa, bu söýgi diýseň üýtgeşik. Erkiňi elden, hökmürowanlygy gursakdan alýan bu ylahy duýgy çagalarym üçin näçe güýç sarp edýändigime garamazdan gün saýyn meni kuwwatlandyrýar. Uzynly günki zähmetden soň ojagyma dolanyp gelenimde aňyrdan ylgap gelip: «Ejem geldi» diýip, boýnumdan iki elini hem orap, mäkäm gujaklaýan ogullarymyň maňa bolan söýgüsi meni ukudan oýanan ýaly edýär. Şol pursat öz enedigime bolan guwanjymdan ýaňa kalbym ganat bekleýär. Ene bolmagyň iň uly bagtdygyna, şundan uly bagtyň ýokdugyna göz ýetirmek meniň ömrüme ömür goşýar.

Uýalar, dogan üçin siz-de seždegähsiňiz!

Uýa-aýal dogan hakynda az ýazylmady. Men hem az ýazmadym, şonuň üçin hem biz — döredijilik adamlary öz-özümizi gaýtalamakdan çekinip, göwnüme bolmasa, olary selçeň ýatlaýarys. Uýalar bolsa, ene bilen bir hatarda goýulýan mähribanlar. Uýa — aýal dogan hakynda gussaly gürrüň etmäge (durmuş bi, çagalykdan bile önüp-ösen, bir döwüm çöregi deň paýlaşan mähribanlary ýatlasaň, gussa batyrýan pursatlar hem bolýar) meýil ýok sende, derrew ýagşy ýatlamalary sere getiresim gelýär. Eger özüňden uly gyz doganyň bar bolsa, ýaşkiçi oglan hem bolsaň, öýde-de, mekdepde-de, hatda özbaşdak maşgalaly bolsaň hem özüňi bütin ömre hossarly diýip biläý.

Ene — Käbe (durmuş pursatlary)

Ajap eje pejiň başynda basyrylgy duran gök çaýy öňüne çekdi-de dokuz ýaşyndaky agtyjagyna ýüzlendi: «Senem jan, jigiň uklan bolsa, gel gyzym bileje çaý içeli, günem eýýäm günorta bolup barýar. Guşluk çaýyny içmesem bir zat ýetmeýän ýaly» — diýip, ýanyp duran içi ojar közli pejiň golaýjagyna süýşdi. Soň ýene-de öz-özi bilen gürrüňini dowam etdi: —Bu gudraty diýseňizläň. Tomsuň jokrama yssysy bolsun, aňzak gyşyň sowugy bolsun çaý diýilýän zadyň lezzetini hiç bir zat bilen deňär eder ýaly däl. Içine-de öz tenekar topragymyzda biten çopantelpekdir ýandak güli, narpyzdyr käkilik oty dagy ataýsaň-a bar onsoň, tüýs janyňa şypadyr — diýip, Ajap eje göwnühoşluk bilen öňünde duran çaýly käsesine bir tokgajyk nabat oklady.

Mukaddes borç

Ene hakynda makala ýazmagyň kalbymyza ýakynlygy nämede? Elbetde, ilkinji nobatda ene düşünjesiniň biziň her birimiz üçin mähribanlygynda. Özümize iň mähriban ynsan — ene hakynda ýazanymyzda onuň mertebesine mynasyp sözleri, pikirleri beýan etmeli. Olar hemişe-de belent mertebä mynasyp. Biziň her birimiziň gursagymyzda çagalyk döwründen başlanan ene hakyndaky duýgular, pikirler durmuş kitaby mysaly jemlenýär. Ine, şunuň özi hem ene mertebesiniň perzent üçin mukaddesligini, mähriban ynsan hakda diňe gowy pikirleri aýtmagyň hökmanydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby ene mertebesini ýokary derejede beýan edýän eserdir. Bu kitapda milli Liderimiziň öz käbesine mähriban garaýşyndan başlap, ene düşünjesiniň mukaddeslik derejesindäki belentlikdigi açylyp görkezilýär.

Nesil terbiýesi — geljegiň badalgasy

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça geçiren iş maslahatynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi. Bu ugurlaryň bir ýere jemlenmegi ýöne ýerden däl. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň, saglygyň-sagdynlygyň, jemgyýetçilik guramalarynyň sazlaşykly gatnaşyklarynyň ýaşaýyş-durmuşymyzda, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerinde, nesil terbiýesinde uly ähmiýetiniň bardygy hakykat. Maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde berilýän bilim-terbiýe bilen sazlaşyp, ösýär, kämilleşýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, kärli-hünärli bolmagy, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, bedenterbiýe, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy olaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapyp, işlemegine, döretmegine, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine goşant goşmagyna ýol açýar.

Mähir sakasy

Ýaşy ýetmişiň onuny tegeläp barýan Sonagül eje indi esli ýyl bäri hormatly dynç alyşdady. Ol ömrüniň agramly bölegini çagalar bagynda işläp, çagalara bilim-terbiýe berdi. Tüweleme, döwletli ojagyň eýesi bolup, maşgalasynyň uludan-kiçä ählisiniň agzyny birikdirip oturan enäniň öýünde-de, obasynda-da sylagy ýetikdi. Bu obanyň ýaşaýjylarynyň aglabasy çagalyk ýyllary Sonagül ejäniň elinde terbiýelenipdi. Şonuň üçin hem olar Sonagül ejäni gören ýerlerinde, onuň bilen gadyrly salamlaşýardylar. Çagalar bagynda işlän döwründe Sonagül eje her gezek körpelere erteki aýdyp bolansoň, olar bilen pikir alyşýardy. Bir gulaga öwrülip, erteki diňleýän çagalaryň pikirlerini bilmek onuň üçin juda gyzyklydy we täsirlidi. Ol diňe ertekiniň däl, eýsem durmuşda bolup biläýjek wakalaryň üsti bilen çagalarda ene-ata sarpa, päk zähmete söýgi, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýärdi.

Edep - terbiýe

Hydyr atanyň nesihatlary Hyzyr seýran eder gudrat älemin,

Bagta ýetiren menziller (Oçerk)

Haçan-da maňa «Ömrüň manysy näme?» — diýip sowal berseler, men bu sowala edep-terbiýäni özüňe siňdirip, kemally nesli dowam etdirmek, ýagşy işleriň bilen köpe ýaramak, gowulykda yz galdyrmak diýerdim. Ogulsabyr hem wagtynda şeýle terbiýäni alan maşgala. Ol okamak, öwrenmek diýen närsäniň nämedigine düşünip başlanyndan, kitaby özüne hemra edinýär. Wagt diýilýän dynuwsyz öňe hereket edýän gymmatlygyň gadyryna bolsa has ir düşünýär. Kitap okalýan pursat onuň üçin iň manyly pursat bolýar. Ogulsabyryň ejesi dili süýji, mähirli aýal bolsa-da, maşgalada berk düzgüniň saklanmagynyň tarapdarydy. Ol ýaşlygyndan öwrenen ähli hünärini gyzlaryna geçirmeli diýen ýörelgä uýup ýaşan zenandy. Gyzlar öý bikesi hökmünde arassaçylygy, aşhana işlerini birinji öwrenmelidi. Ejeleriniň göreldesine eýerip, gyzlar ýaşlygyndan bu işlere werziş bolýarlar. Bu babatda Ogulsabyr daýza şeýle diýýär:

Parahatçylyk döwrümiziň gahrymany

Emin Wepaýew Mary şäherindäki 1-nji kömekçi mekdep-internatyň 4-nji “A” synpynda okaýar. Ol sapaklaryna oňat ýetişip, synpdaşlary we beýleki toparyň okuwçy çagalary bilen hem dostlukly gatnaşyp, özüniň üýtgeşik çaga ýylgyryşy bilen mugallymlaryň söýgüsini gazandy we olaryň ýakyn kömekçisine öwrüldi. ...Gyşky dynç alyş günleriniň iň soňky günüdi. Ol gün Eminiň kakasy öýlerine täze alan demir gapysyny getiripdi. Ýöne ony dakmaly ussa käbir sebäplere görä, wagtynda gelip bilmändi. Täze demir gapy bolsa diwara söýelgi durdy.

Maşgalanyň sütüni

Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, 92 ýaşy arka atan mährem ene Hurma Mawyýewa eşretli döwrümize, bagtly şu günlerimize buýsanyp ýaşaýandygyny hemişe tekrarlaýar. Biz onuň döwletli ojagynda myhmançylykda bolanymyzda bu hakykata has aýdyň göz ýetirdik. Sebäbi dili senaly, kalby ajaýyp arzuwlardan doly bu mähribanyň her bir sözünde öwüt-ündew, ýagşy arzuw-hyýallar bar. Ol gün bagtyýar döwrümize buýsanjy nurana ýüzünden, her bir sözünden aýan bolýan ene bizi mähir bilen garşylap gyzykly gürrüňleriň ýumagyny çözledi. Hurma ene özüniň durmuş ýoluny, uruş döwrüne gabat gelen çagalyk, ýaşlyk ýyllaryny ýatlady: —Ol wagtlar men ýaňy on-on iki ýaşlarymdadym. Heniz kiçijekdigimize garamazdan, deň-duşlarymyz bilen bilelikde ulular bilen deň hatarda zähmet çekýärdik. Gazy gazmak, orak orup, döwek döwmek ýaly işleriň ählisi gyz-gelinleriň gerdenine düşdi. Garaz iş dannar ýaly däldi. Haýsy iş eliňden gelse edibermelidi. Indi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, eşretli günlerimizi görüp, çeken kynçylyklarymyz edil düýş ýaly bolup dur. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär.

Görüm-göreldäm eje

Mahal-mahal ejeli günlerimi ýatlaýaryn. Şol günleri ýatladygymça, süňňüm ýeňläp, göwnüme şatlyk aralaşýar. Ýüregime niredendir bir ýerden gelýän ýylylyk tutuş bedenime gurbat berýär. Ejemiň mylaýym sesi gulagymda ýaňlanyp, onuň mähirli gözleri maňa bakyp duran ýaly bolýar. Şol pursat, eger bolýan bolsa, şol arzyly — ejeli günlerimiň gujagyna dolanyp barasym gelýär... Golaýda joralarymyň biriniň jaý toýuna gatnaşdyk. Dürli-dümen naz-nygmat bilen bezelen toý saçagynyň başyna geçenimizden soň nahar goýlup başlady. Birden öý eýeleriniň biri: «Saçakda kem zat barmy?!» diýip sorady. Saçak başyndakylar ýerli-ýerden: «Kem zat ýok, arkaýyn boluň» diýişdiler. Bu sözleri eşiden joram saçakda bir kemçiligiň bardygyny, ýöne ony diňe özüniň bilýändigini aýdyp, syrly ýylgyrdy. Geň galyp bir-birimiziň ýüzümize seredişdik. Ol barmana-da daşky gapy açylyp: «Salamälik» diýen ses eşidildi. Joram:

Mähir doly dünýäm — enem

Perzentler üçin dünýäde eneden arzyly, eneden mähriban ynsan ýok. Ýyllaryň gözümiziň öňünde saçlaryna ak girizip, gül meňzine ýygyrtlary düşürenini görenimizde, bu mähriban ynsanlara bolan söýgimiz has-da artýar. Perzentleriniň bagty üçin ömrüni yhlas bilen irginsiz zähmete bagyşlaýan eneler mertligiň hem edebiň beýik nusgasydyr.  Mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde eziz enelere çuňňur söýgüsi, mähir mukamy bar. Çünki onda türkmen maşgalasynyň edep-ekramy, görüm-göreldesi jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öý-ojaklarymyzyň bezegi hem diregi bolan, barlygy bilen ynsan kalbynda ýylylyk döredýän, nurana geljege ruhlandyryp, baky bagta atarýan mähriban käbelerimiz baradaky ajaýyp eserini gaýta-gaýta okap, mährem eneň bilen bagly söhbetlere dolanýarsyň. Ynsan kalbyna güýç-kuwwat berýän ene kalby ýaz ýaly ýakymy bilen seni bagryna basar-da, ünjüleriňden halas eder. Gahryman Arkadagymyzyň mähir mähraby bolup oturan käbesi bilen bagly: «Ejem janyň hemişe gepleýşi örän mylakatly hem özüneçekiji bolandygy üçinmi, nämemi, biz ondan üýtgeşik mähribanlygy aňýardyk. Ýüregi bilen bizi ezizleýändigine, janyndan jan berýän mähribandygyna düşünýärdik. Ol: «Siz meniň guwanjym, ganatymsyňyz!» diýýärdi» diýen

Çagalygyma seýran etsem

(oýlanma) Ine, ýene-de şol ýakymly ses, maýyl ediji jaňjagazyň sesi gulagymda ýaňlanyp başlady. Ol sesi eşidenimde nähilidir bir ýakymly ýatlamalar ýadyma düşýär. Bu düýäniň boýnuna dakylan jaňjagazyň sesi. Düýe juda alyslara barýan kerwene goşulypdy. Kerwen bizden uzaklaşdygyça, jaňjagazyň sesi-de kesilip, daşlaşyp barýardy...

Lezzetli tagam

Gerekli önümler: 1 sany towuk, 50 g mesge, limon, 3—4 diş sarymsak, duz, gara burç.

Kelemli işlekli

Hurşy üçin gerekli önümler: 2 sany ýumurtga, 1 bulgur süýt, 60 g peýnir, 1 sany käşir, 1 sany sogan, 200 g kelem, 200 g üwelen et, şibitdir arpabadyýan oty, geregiçe duz, burç, ýag.