Görüm-göreldäniň gözbaşy

19 Fewral 2021
2049

Ata-enä hormat goýmak, olary sylamak, berýän maslahatlaryna gulak asmak, her bir etjek işiňi olar bilen maslahatlaşmak perzent üçin ilkinji borçlaryň biri bolup durýar. Ata-ene hiç wagt çagasyna ters ýoly salgy bermeýär. «Ata-eneňe sarpa goý, gojalygy ýaňsylama. Çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr. Özüňden ulyny syla. Şeýtseň, soň saňa-da hormat ederler» diýip, ata-babalarymyzyň gulagymyza guýan pentleri bizi diňe ýagşylyk ýollaryna rowana edýär. Nesil dowamatynyň şeýle sypaýy häsiýetleri özünde jemlemegi bolsa, ilkinji nobatda, ata-enäniň öz käbesine, kyblasyna edýän sarpasyndan başlanýar. Ata-ene her bir babatda biziň üçin görelde, biz mana düşmez çagalygymyzdan şolaryň edýän hereketlerini gaýtalaýarys. Olaryň sözleýşi, biri-birine hormat goýşy, myhman garşylaýşy, çagalaryna ýumuş tabşyryşy, ýakynlaryna bolan mähri biziň nazarymyzdan sypanok. Şeýlekin mähirli gatnaşyklar şol ojagyň binýadynyň berk bolmagyna, maşgala agzybirligine getirýär. Maşgalada zähmet terbiýesi bilen edep terbiýesi utgaşdyrylanda, ähli gowy gylyk-häsiýetler süňňüňe ornap, öz-özünden guýmagursaklyga öwrülýändigini bilýäris. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýär. Şeýle hem çaga terbiýesi, esasan, enäniň üstüne düşýär, sebäbi ene terbiýeleýji, ata ekleýji bolup durýar, beýle diýmek bilen terbiýeçilik jähtde atany hem bir çetde goýasymyz gelenok, onuň öz ýeri bar. Ýöne çaga ene süýdi, mähriban ene hüwdüsi bilen, enäniň ähli edim-gylymlary hem geçýär diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Geýim-gejim babatynda-da ene çagasyna nähili geýinmegi, üst-başyňa serenjam bermegi kiçiliginden öwretse, çaga-da şoňa werziş bolýar.

Türkmen halkynyň beýleki halklaryňka meňzemeýän gözel däp-dessurlary, terbiýesi bar. Däp-dessurlarymyzyň owadanlyk, gözellik bilen deňelmeginiň öz sebäbi bar. Çünki türkmen perzendi ene-atasynyň ýüzüne gaňrylyp seredip, oňa ýakymsyz söz aýdyp bilmez. Olar bilen gürleşende ene-atanyň aýtjagyny gözünden aňar. Ata-enäniň aýdany hökmany nesilden-nesle geçýän däp bolýar. Däpleriň iň naýbaşylarynyň biri, ula-kiçä salam bermek, hormat-sylag etmek. Türkmen maşgalasyna myhmançylyga baranyňda gürrüňçilige çagalaryň goşulyp oturmagy ýa-da gapydan kellesini uzadyp sorag berip durmagy gelşiksiz hasaplanýar. Şonuň üçin ulynyň öz orny, çaganyň öz orny bolanda, şol ýerde çaga terbiýesi, ene-ata bolan sarpa has güýçli duýulýar. Biziň halkymyzda myhman garşylamak, oňa söwüş edip hezzetlemek hem gözbaşyny ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan däp-dessurlaryň biri. Bir ýere myhmançylyga baranyňda şol öýüň maşgalabaşylary bilen söhbet edip otyrkaň, çagajyklar derrew orta saçak ýazyp, çaýdyr nahar getirerler. Bu ene-atanyň öz göreldesinden emele gelen häsiýet. Myhman gelende hökman naharyň ugruna çykylmagy, myhmana edilýän gadyr-gymmatdyr.

Enegyz GURBANGELDIÝEWA,
Tejen şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar