Mukaddes borç

16 Fewral 2021
1738

Ene hakynda makala ýazmagyň kalbymyza ýakynlygy nämede? Elbetde, ilkinji nobatda ene düşünjesiniň biziň her birimiz üçin mähribanlygynda. Özümize iň mähriban ynsan — ene hakynda ýazanymyzda onuň mertebesine mynasyp sözleri, pikirleri beýan etmeli. Olar hemişe-de belent mertebä mynasyp. Biziň her birimiziň gursagymyzda çagalyk döwründen başlanan ene hakyndaky duýgular, pikirler durmuş kitaby mysaly jemlenýär. Ine, şunuň özi hem ene mertebesiniň perzent üçin mukaddesligini, mähriban ynsan hakda diňe gowy pikirleri aýtmagyň hökmanydygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby ene mertebesini ýokary derejede beýan edýän eserdir. Bu kitapda milli Liderimiziň öz käbesine mähriban garaýşyndan başlap, ene düşünjesiniň mukaddeslik derejesindäki belentlikdigi açylyp görkezilýär.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar