Goşa ganatym

18 Fewral 2021
1715

Heniz uly gyz döwürlerim ejem jany her näçe söýýän hem bolsam enelik söýgüsiniň beýle keramatdygyny göz öňüme getirip bilmezdim. Ene bolmagyň nämedigini bilmek üçin hut özüň ene bolmaly eken. Eli galam tutýanlaryň ählisi ene hakynda ýazýandyr. Emma ene bolup, şol duýgyny başyndan geçirýän adam welin öz ýüregindäkini galam bilen aýan edip bilmez. Sebäbi, ene bolmak öz-özüňi tutuşlygyňa perzende bagyş etmek ahyryn.

Hawa, bu söýgi diýseň üýtgeşik. Erkiňi elden, hökmürowanlygy gursakdan alýan bu ylahy duýgy çagalarym üçin näçe güýç sarp edýändigime garamazdan gün saýyn meni kuwwatlandyrýar. Uzynly günki zähmetden soň ojagyma dolanyp gelenimde aňyrdan ylgap gelip: «Ejem geldi» diýip, boýnumdan iki elini hem orap, mäkäm gujaklaýan ogullarymyň maňa bolan söýgüsi meni ukudan oýanan ýaly edýär. Şol pursat öz enedigime bolan guwanjymdan ýaňa kalbym ganat bekleýär. Ene bolmagyň iň uly bagtdygyna, şundan uly bagtyň ýokdugyna göz ýetirmek meniň ömrüme ömür goşýar.

Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar