''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Jeýtun — gadymy ekerançylyk ojagy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Maddy we ruhy medeni gymmatlyklar adamzadyň inkär edip bilmejek beýik buýsanjydyr, müňýyllyklaryň dowamynda döreden, kämilleşdirip gelýän paýhas hem gözellik genjidir» diýip belleýär. Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň şöhratly geçmişiniň sahypalaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak diýmek, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny geljekki nesiller üçin goramak diýmekdir. Muňa her bir türkmenistanlynyň pugta düşünmegi zerurdyr. Çünki Türkmenistanyň ähli ýerlerinde umumadamzat taryhynyň altyn sahypalarynyň beýany bolan iňňän wajyp medeni gymmatlyklar saklanyp galandyr. Gadymy medeni ojaklardan tapylýan arheologik tapyndylaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde örän möhüm maglumatlary ýüze çykarjakdygy ikuçsuzdyr. Keremli topragymyzda döräp, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan baý medeniýetli şäherlerimiz, oba-kentlerimiz, olarda ýaşan, döreden beýik şahsyýetlerimiz barada birtopar kitaplar ýazylsa-da, az boljakdygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Medeniýet irki döwürlerden bäri halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ese­rin­de it ha­kyn­da

XI asyrda Mahmyt Kaşgarly tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Türki dilleriň diwany» atly eseri orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm kitaplaryň biridir. Bu sözlük türki halklaryň medeniýeti barada köp sanly maglumatlary özünde jemleýän ajaýyp eserdir. Kitapdaky sözleriň käbirleri ulanyşdan galan hem bolsa, käbirleri häzirki wagtda hem halkymyz tarapyndan gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Mahmyt Kaşgarlynyň eseriniň iň esasy aýratynlygy, sözlükdäki ähli sözleriň türki asylly bolmagydyr. Ýagny bu sözlük türkmen diliniň gadymy dilleriň biri bolandygyny subut etmek babatynda möhümdir. Dilçi alymyň bu eserinde ynsanyň wepaly dosty we goragçysy bolan itler bilen baglanyşykly maglumatlar hem öz beýanyny tapypdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde «it» sözi häzirki manysynda giňden ulanylypdyr. Eserde itler bilen baglanyşykly kyrkdan gowrak ýerde maglumat berlipdir. Dilçi alym itiň güjügine «enük» diýlendigini ýazmak bilen, syrtlan, möjek çagasy üçin hem bu adalganyň ulanylýandygyny belläp geçipdir. Eserdäki maglumatlara görä, itiň güjüklemegine «it enüklendi» diýlipdir. Itiň boýnuna geçirilýän tasmanyň, halkanyň bolsa «kesgük» diýlip atlandyrylýandygy beýan edilipdir.

Ýaşaýyş çeşmesi

Ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolan suw hakynda gürrüň gozgalanda pederlerimizden miras galan «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli», «Sil suwy bal suwy», «Suw hasylyň enesidir», «Gyş suwy — gyzyl suw», «Hasyly bişirýänem suw, ýitirýänem» diýen ýaly gyzyla gaplaýmaly pähimler biygtyýar ýadyňa düşýär. Şu pähimlerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyz suwuň her damjasyny altyna deňäp, ony hemişe tygşytly ulanmagy başarypdyrlar. Kärizler arkaly dag etegindäki ýerasty çeşmeleriň süýji suwlaryny ýeriň üstüne akdyrypdyrlar. Taryhy çeşmelerde bellenilişi ýaly, 1958-nji ýyla çenli Türkmenistanda kärizleriň 180-e golaýy bar eken. Ýaş nesillerimize suwa aýawly çemeleşmek duýgusyny döretmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti juda uludyr. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem Kesearkajyň (Kesearkaç — Gyzylarbat (häzirki Serdar etraby) bilen Kaka aralygyny tutup ýatan giň meýdan, Köpetdagyň etegi) gadymy çaýlarydyr, çeşmeleri barada buýsanç bilen söhbet edilýär. Kitapdaky: «Bakja, Arwaz çaýlary, Degirmenjik, Pantyş, Kyrkgyz çeşmeleri, Hankäriz, Guryçaý, Hüntüş kärizleri bilen bagly gürrüňler bolsa, il içinde häzir hem aýdylyp ýör» diýen sözleri okan her bir adam öz döwründe Kesearkajyň ilatyny

Meşhur neberäniň beýany

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhynda şöhratly zamanalar näçe diýseň bar. Ol beýik zamanalary öwrenmek mukaddes işdir. Ata-babalarymyz tarapyndan orta asyrlarda gurlan we umumadamzat mirasyna uly goşant goşan Beýik Seljuk türkmen döwletiniň baý taryhy mirasy, medeniýeti we sungaty alymlaryň hemişe diýen ýaly ünsüni özüne çekip gelipdir. Dünýä taryhynda döwletiň gurluşy we edara edilişi taýdan «Beýik» diýlip at berlen örän az sanly döwletleriň bardygyny ýatlamalydyrys. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň altynjy ogly Deňiz hanyň körpe nesli bolan kynyklaryň guran bu beýik döwleti juda meşhurlyga eýe bolupdyr. «Oguznamalary» ýazan belli taryhçylar Reşiteddin, Abulgazy, Salyr baba Gulaly ogly kynyklar neberesiniň juda meşhurlyga eýe bolandygyny belleýärler.

Milli gymmatlyklaryň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjegine bezeg berýän Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaradaky taryhy çykyşy milli medeniýetimizi çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Milli Liderimiz: «Biz häzirki döwrümiziň nyşanlaryny müňýyllyklary aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrýarys. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini yzarlap, türkmençilik ýol-ýörelgeleri, ilimiz, milletimiz, şöhratly taryhymyz dogrusynda oýlananyňda hem aýdara zat örän kändir» diýip nygtamak bilen, behişdi bedewlerimiziň, nepis halylarymyzyň, edermen türkmen alabaýlarymyzyň aýratynlyklary barada aýdan ylmy maglumatlary milli buýsanjymyzy artdyrdy.

Sardoba — sowuk suwly howdan

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň sähraýy ýaýlalarynda, öri meýdanlarynda ine-gana ýaýnap ýören goýundyr geçilerini, düýelerini suwa ýakmak üçin guýulardyr kaklar bilen birlikde, sardobalaryň hyzmatyndan hem peýdalanypdyrlar. Çarwa ilatynyň, adamlarynyň «çöl howuzy» diýip atlandyran sardobalary barada gürrüňe başlamazdan öňürti kak suwy, kaklar barada aýtsak, sardobalaryň çarwa durmuşyndaky ähmiýetine, zerurlygyna has-da oňat düşüneris. Kak suwunyň üstüniň açyk bolmagy yssy howada çalt bugaryp gutarmagyna getiripdir. Daş-töwereginiň goragsyzlygy bolsa, ondaky suwuň hapalanmagyna sebäp bolupdyr. Suwuň her damjasyny altyna deňän pederlerimiz ony isrip etmezlige çalşyp, kak suwuny saklamagyň rejeli we kämil usulyny döretmegi başarypdyrlar. Öňi bilen kak suwunyň daşyna gorag diwarlaryny aýlapdyrlar. Gorag diwary çöl ösümliklerinden, berdaşly çöl daragtlaryndan, palçykdan gurlupdyr. Kakyň daş-töweregine aýlanan gorag diwary suwuň hapalanmazlygynyň bellibir derejede öňüni alsa-da suwy bugarmakdan gorap, saklap bilmändir. Ata-babalarymyz bu meseläni sardobalary gurmak arkaly çözüpdirler. Şonuň üçin-de sardobalar çarwa ilatynyň arasynda «çöl howuzy» diýlip atlandyrylypdyr.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri-durmuşy ile-ýurda söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugurtapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat. Şol beýikleriň geçen ýollaryny öwrenmek her bir esgeriň, serkerdäniň synmaz watançylyk ruhy bilen gaýnap-joşmagyny gazanmagyň iňňän möhüm ugrudyr.

Şöhratly taryhyň beýany

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi dünýäde ak bugdaýyň şanyna gurlan ýeke-täk binadyr. Bu ymarat binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar, onuň ajaýyp görkünde guşgursak ak bugdaýyň şekili bar. Geçen asyryň başlarynda gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçirilen gazuw işleri netijesinde, 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylmagy hem bu gadymy topragyň ak bugdaýyň asyl mekanydygy bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Özboluşly muzeýiň bu gözel künjekde gurulmagy-da şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Şägirt ussatdan ozdurmasa... Daşkent şäherinde ýerleşen Merkezi Aziýa uniwersitetinde arheologiýa kafedrasyny esaslandyrmagy ussat alyma başarjaň hem zähmetsöýer şägirtler neslini ýüze çykarmaga-da giň mümkinçilikler berdi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde zähmet çekip, arheologiýa ylmynyň ussady bolup ýetişen akademikleriň, professorlaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, ylymlaryň kandidatlarynyň onlarçasy M.Ý.Massonyň şägirtleridir. Halypanyň şägirtleriniň aglaba böleginiň türkmen alymlarynyň bolmagy hem-de olaryň iň ussatlarynyň ukypdyr başarnyklaryny Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge bagyşlandygy aýratyn buýsançlydyr. Özem halypa alym şägirtleriniň başarjaňlygyna, bilim derejesine hem-de ylmy gyzyklanmalaryna laýyklykda, haýsy döwrüň ýadygärliklerinde ylmy gözlegleri alyp barmalydygyny kesgitläp beripdir, olaryň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk edipdir. Mysal üçin, sankt-peterburgly (öňki döwürde Leningrad) belli arheolog, taryh ylymlarynyň doktory A.Okladnikowyň Türkmenistanyň çägindäki daş asyryna degişli ýadygärliklerde, I.Hlopiniň Türkmenistanyň günorta-günbatar etraplarynyň mis-daş eýýamyndaky taryhyny, etnograflar W.Moşkowa bilen A.Morozowanyň türkmen halysynyň çeperçilik aýratynlyklaryny, moskwaly arheolog W.Pilipkonyň, G.Lisisinanyň, O

Ykbalyny arheologiýa baglan

Taryha şan beren ylmy açyşlar M.Ý.Massonyň we onuň ýetişdiren şägirtleriniň yhlasy bilen geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy arheologiýa we etnografiýa taýdan çuňňur öwrenildi. Alymyň 1950-nji ýyllarda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde neşir edilen «Merwden Horezme we Mawerennahra orta asyr söwda ýollary» atly makalasynda Merwden Köneürgenje barýan ýoluň ugrunda Wiza, Marduş, Ispas, Saýfana (Seng rabaty — Daşrabat), Tahyryň rabaty (Daýahatyn), Budina rabaty, Dargan, Jigerbent, Dahanşir, Sadwar, Hazarasp, Hywa, Zamahşar ýaly iri şäherlerdir kerwensaraý-rabatlar, şeýle hem Merwden gaýdan kerweniň Garagum sährasynyň içi bilen Sengärabada barýan ýolunyň bolandygy baradaky maglumatlary ilkinji bolup ylma girizdi.

Dürdäneler mekany

«Köneürgenç binalarynyň beýikligi we üýtgeşik owadanlygy bilen şöhrat gazanyp, dabarasy kerwen ýollary bilen dünýä ýaýran ussalaryň şäheri bolupdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýär. Özüniň gülläp ösen döwürlerinde dünýä jahankeşdelerini haýrana goýan bu mekan, üstünden ýüzlerçe wakalary geçirendigine garamazdan, sadranç ýaly bolup, ilki başky çeperçiligini, asyl nusgasyny saklap otyr. Ol bu gün bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýerli we dünýä jahankeşdeleriniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Gadymy jaňlar

Diýarymyzyň taryhyny, milli mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde hem-de taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmakda muzeýleriň goşandy uludyr. Medeni mirashana hasaplanylýan muzeýlerimizde gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinden tapylan taryhy tapyndylar milli gymmatlyk hökmünde aýawly saklanylýar, abatlanylýar we öwrenilýär. Bu taryhy gymmatlyklary synlan her bir adam türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygyna doly göz ýetirýär. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde hem ata Watanymyzyň taryhyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine degişli bolan gymmatly tapyndylaryň uly topary saklanylýar. Muzeýde sergilenen gadymy jaňlar taryhda halkymyz tarapyndan olaryň giň gerimde ulanylandygy barada habar berýär. Bu täsin görnüşli jaňlar we olaryň atlandyrylyşy barada gadymy sözlüklerde hem aýdylýar. Ata-babalarymyz ir döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan söwda kerwenlerinde jaňlary örän köp ulanypdyr. Olary tegelek görnüşde, ýagny içi açyk, aşak tarapy boş şekilde demirden ýuka hem-de galyň görnüşde ýasapdyrlar. Jaňlar köp görnüşli bolupdyr. Türkmen jaňlary juda ir döwürlerden bäri belli bolup, geçmişde olar durmuşyň dürli maksatlarynda giňden ulanylypdyr. Kerwe

Şöhratly taryhyň täze sahypalary

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammetdurdy Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk. — Muhammet Annaýewiç, degişli Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi medeni mirasy ylmy esasda öwrenmekde hem-de wagyz etmekde täze gözýetimleri açandyr diýip umyt edýäris.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Çuň mazmunly nazaryýet Arheologiýa we etnografiýa ylmynyň düýbüniň tutulmagy taryhy-medeni ýadygärlikleri asylky durkunda gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmagyna giň ýol açýar. Ylmy taýdan çuňňur nazary bilimi we amaly-usuly taýýarlygy talap edýän bu işiň agyr ýüki, has takygy, Orta Aziýa arheologiýasynyň düýbüni tutmak M.Ý.Massonyň egnine düşýär.

Gowaga siňen taryh

«Ýekegowak» ýurdumyzyň günortasynda, Tagtabazar şäherçesini gallap oturan Garabil belentliginiň gap böwründe ýerleşýär. Gowagyň näbelli ussalar tarapyndan 1500 — 2000 ýyl mundan ozal gurlandygy hakynda çaklamalar bar. Aşakdan synlanyňda, gowagy saýgarmak kyn. Bu bolsa onuň ýaşaýyş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gurlandygyny görkezýär. Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşýär. Şol döwürler oňa diňe ýa-ha aşakdan dik merdiwanlar bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu sebitde şeýle gowaklaryň 200-e golaýynyň bardygy çaklanylýar. Häzirki wagtda olaryň 20-den gowragy hasaba alnypdyr.

Ykbalyny arheologiýa baglan

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärliklerinde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, berkidiş-rejeleýiş, etnografiýa-gözleg işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylaryň kömegi bilen hem-de etnografiýa barlaglarynyň netijesinde taryhy-medeni mirasymyzyň henize çenli mälim bolmadyk syrly sahypalary açylýar. Türkmen alymlarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda «Simap küýzejigi» diýlip atlandyrylýan keramiki gaplaryň ençemesini ýüze çykarmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Akademik M.Ý.Masson şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalarynyň Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylandygyny hem-de olaryň simaby saklamak üçin giňden ulanylandygyny ylmy taýdan esaslandyrdy. Bagtyýarlyk döwrümizde belli alymyň XX asyryň ortalarynda öňe süren bu ylmy nazaryýetine laýyklykda, Abiwerd

Halypa mugallym hem alym

Hormatly Prezidentimiz her bir işde halypa-şägirt ýoluny dikeldip, örän sogaply iş etdi. Munuň şeýledigine biz öz işimizde, durmuşymyzda göz ýetirýäris. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gurbanmyrat Gurbanmyradow hem şeýle halypalaryň biridi. Ol daşyndan göräýmäge diýseň özerkli, özgeleriň pikirine känbir gulak gabartmaýan adamdyr diýdirse-de, hakykatda, örän ýumşak häsiýetlidi. Birine gatyrganyp, bir gezegem sesini gataldan ýeri ýokdy. Gurbanmyrat aga zähmet ýoluna 1977-nji ýylda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-tehniki institutynyň astrofizika laboratoriýasynda uly tejribeçi wezipesinde başlap, 1996-njy ýyla çenli bu institutyň şol wagt täze döredilen “Asman ýagtylanmasy» laboratoriýasynda ylmyň dürli basgançaklarynda işleýär. Inžener, uly inžener, kiçi ylmy işgär, uly ylmy işgär, 1994 — 1996-njy ýyllarda “Asman” atly ylmy-önümçilik merkezinde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary wezipesinde işlemegi Gurbanmyrat aganyň ylym bilen dowamly meşgullanandygyny, bu ýyllarda-da kämilleşendigini, uly tejribe toplandygyny subut edýär.

Döwletliligiň edebi kökleri

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny dünýä tanatmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny dabaralandyrmakda uly işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimiz hatyralanylyp, olaryň atlaryny ebedileşdirmek asylly däbe öwrüldi. Taryhda uly yz galdyran şeýle şahsyýetlerimiziň biri-de asly baharly türkmenlerden bolan Muhammet Baýram han Türkmendir. XVI asyrda Mogol imperiýasynyň dörän döwründe türkmenler ýurdumyzyň çäklerinde we onuň sebitlerinden daşarda döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanymyzdan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biri hökmünde tanalypdyr. Bu barada taryhy çeşmelerde gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Hindistanyň Deli şäherindäki uniwersitetiň professory Ram Kişori Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol türkmendi» diýip belläpdir.

Han­la­r ha­ny

Türk­menleriň Re­su­lo­gul­la­ry begligi

Adamzat özüniň taryhy ösüşinde uzak ýoly geçipdir. Taryh ylmy Ýeriň ýüzünde ozal ýaşan we häzir ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşlaryny, olaryň ýaşaýşynda deňsizligiň ýüze çykyşynyň sebäplerini, döreden jemgyýetlerini, döwletlerini, döwlet dolandyryş edaralaryny, syýasy we ykdysady gurluşlaryny öwrenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredi. Türkmen halky müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhyna saldamly goşant goşup geldi. Geçmişde türkmenler dürli sebäplere görä, dünýäniň köp ýerlerine göç edipdirler. Olar baran ýerlerinde döwlet gurup, öz başarnyklaryny görkezipdirler. Türkmenler taryhyň sahnasyna çykan gününden başlap, birnäçe döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde beýleki halklar bilen mäkäm jebisleşip, agzybirligiň we parahatçylygyň saklanmagyna uly goşant goşupdyrlar. Bu bolsa olaryň guran döwletleriniň syýasy ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, söwda-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine itergi beripdir.