Türk­menleriň Re­su­lo­gul­la­ry begligi

30 Noýabr 2021
2214

Adamzat özüniň taryhy ösüşinde uzak ýoly geçipdir. Taryh ylmy Ýeriň ýüzünde ozal ýaşan we häzir ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşlaryny, olaryň ýaşaýşynda deňsizligiň ýüze çykyşynyň sebäplerini, döreden jemgyýetlerini, döwletlerini, döwlet dolandyryş edaralaryny, syýasy we ykdysady gurluşlaryny öwrenýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredi. Türkmen halky müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhyna saldamly goşant goşup geldi. Geçmişde türkmenler dürli sebäplere görä, dünýäniň köp ýerlerine göç edipdirler. Olar baran ýerlerinde döwlet gurup, öz başarnyklaryny görkezipdirler. Türkmenler taryhyň sahnasyna çykan gününden başlap, birnäçe döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde beýleki halklar bilen mäkäm jebisleşip, agzybirligiň we parahatçylygyň saklanmagyna uly goşant goşupdyrlar. Bu bolsa olaryň guran döwletleriniň syýasy ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, söwda-ykdysady taýdan ösmegine we kämilleşmegine itergi beripdir.

Durdy AGAÝEW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar