Döwletliligiň edebi kökleri

1 Dekabr 2021
2005

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny dünýä tanatmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny dabaralandyrmakda uly işleri bitiren taryhy şahsyýetlerimiz hatyralanylyp, olaryň atlaryny ebedileşdirmek asylly däbe öwrüldi. Taryhda uly yz galdyran şeýle şahsyýetlerimiziň biri-de asly baharly türkmenlerden bolan Muhammet Baýram han Türkmendir.

XVI asyrda Mogol imperiýasynyň dörän döwründe türkmenler ýurdumyzyň çäklerinde we onuň sebitlerinden daşarda döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanymyzdan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biri hökmünde tanalypdyr. Bu barada taryhy çeşmelerde gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Hindistanyň Deli şäherindäki uniwersitetiň professory Ram Kişori Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol türkmendi» diýip belläpdir.

Raziýa TAÝYROWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar