''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Gadymy gala

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen bagtly geljege barýan ýurdumyzyň her bir künjeginde biziň buýsançly taryhymyzdan söz açýan birnäçe ýadygärliklere, galalara, muzeýlere, kerwensaraýlara duş gelmek bolýar. Şeýle galalaryň biri hem Yzmykşir galasydyr. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň bolandygyna şaýatlyk edýän deliller, tapyndylar gaty köp duş gelýär. Olaryň iň esasylary köne galalar, irki döwürlerden galan ýadygärlikler, mukaddes hasap edilýän ýerlerdir. Yzmykşir galasy «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Bu şäheriň taryhy Gündogaryň beýik söz ussady Mahmyt Zamahşarynyň ömri bilim utgaşýar. Mahmyt Zamahşary ýaşlyk ýyllaryndan ylma uly höwes bildirýär. Ilkinji sowady öz kakasyndan alan alym, soňra Köneürgençde, Buharada ylmyny artdyrýar. Ylymda has-da çuňluklara ýetmek üçin Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Merwde, Nişapurda, Şamda, Hijazda ylmyň, medeniýetiň ösen ýerlerinde okaýar. Beýik alym soňky nesiller üçin örän uly ylmy baýlygy miras galdyrypdyr. Onuň sözlük düzülişe, geografiýa, edebiýata, goşgy düzüliş kadalaryna, dini ylymlara degişli altmyşdan gowrak ylmy işi mälimdir.

Gadymy Marguş we Merw

Gadymy Marguş we Merw görlüp-eşidilmedik täsinlikleriň syrlaryny özünde saklap duran ýadygärliklerdir. Gadymy Marguş Baýramaly şäheriniň demirgazyk tarapynda Garagumuň ýarym çöllük zolagynda ýerleşýän örän gadymy ýadygärlikdir. Otparazlaryň mukaddes “Awesta” kitabynda bu ýurda “Mouru”, pars ýazgylarynda “Marguş”, orta asyr taryhy çeşmelerinde “Margiana”, “Şahyjahan” ýagny, “Şäherleriň şasy” diýlen bolsa, türkmen alymlary ony “Merw” diýip atlandyrýarlar. Häzirki wagtda Mary Türkmenistandaky bäş welaýatyň biridir.

Täsin ýadygärlikleriň ojagy

Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi.  Welaýatymyzdaky «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki taryhy-arheologik, arhitektura ýadygärlikleriniň 240-dan gowragy hasaba alnandyr. Goraghananyň işgärleri ýadygärlikleri goramak bilen birlikde, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerlerde rejeleýiş işlerini hem alyp barýarlar. Bu, ilkinji nobatda, bişen kerpiçden bina edilen ymaratlara degişlidir. Etrek etrabynda ýerleşýän Dehistan düzlüginde ýadygärlikleriň ençemesi bardyr. Bu ýerde gadymy döwürlerden başlap, orta asyrlara çenli medeniýetleriň gülläp ösendigini taryhy maglumatlar tassyklaýar.

Halkymyzyň şöhratly taryhy

Bu mukaddes toprak, ondaky binalar türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolup, ol mertligiň, synmaz erkiň, ruhy we medeni taýdan ösüş gazanýan halkymyzyň Watanyna bolan söýgüsiniň we jebisliginiň nyşanydyr. Olar häzirki döwürde umumadamzat taryhynyň bir bölegi hökmünde ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda saklanyp galan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary ýüze çykarmak, öwrenmek, durkuny saklamak, rejelemek işleri biziň muzeýimizde hem yzygiderli amala aşyrylýar. Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek we olara degişli maglumatlary we muzeý üçin gerekli bolan gymmatlyklary toplamak maksady bilen, welaýatymyzyň etrapdyr obalaryna guralýan ylmy iş saparlarynyň netijesinde toplanan gymmatlyklary düzgünnama laýyklykda hasaba almak muzeýimizde günübirin alnyp barylýar. Muzeý hünärmenleri tarapyndan milli gymmatlyklarymyzy halkymyza, dünýä halklaryna ýetirmekde, bu ýere gelýänleriň sanynyň köpelmegi we halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna söýgi-sarpa oýarmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Gündogaryň zenan şahyrlarynyň döredijiligi

Zenanlar — Zeminiň zynaty. Olara ähli döwürlerde-de hormat goýupdyrlar, olaryň sarpasyny belent tutupdyrlar. Kompozitorlar olar hakynda aýdym döredipdirler, şahyrlar goşgy setirlerinde olaryň tarypyny ýetiripdirler, ýazyjylar olar hakynda täsirli eserler döredipdirler. Olar barada ençeme ylmy işler hem ýazylypdyr. Olaryň biri hem Mahmud Mirzadanyň (1799-1858) «Nugl-e majlis» (‘Göçme mejlis») atly kitabydyr. Ol ensiklopedik kitaba Orta Aziýanyň, Eýranyň, Hindistanyň zenan şahyrlarynyň döredijiligi girizilipdir. Onda XVI asyrdan başlap, XIX asyrda hem ýaşap geçen birnäçe şahyrlaryň döredijiligi hakynda söhbet edilýär. Taryhda şol döwür «Bazgaşt adabi» diýlip atlandyrylýar. «Bazgaşt» pars sözüniň terjimesi «yza dolanmak» ýaly manyny berýär. Bu eserde Hindistanda Mogol imperiýasynyň zenan şahyry Nurjahan Bigumynyň (1577-1645) ady hem getirilýär. Soňra eýranly zenan şahyrlardan Mutamid Daulanyň, Sahabi Ispahaniniň, Malika Şuaranyň atlary tutulýar. Olaryň arasynda Nişat atly zenan şahyryň Yspyhanda «Zenan şahyrlar guramasy» atly sufizm mekdebini döredenligi barada maglumat berilýär. Ol zenanlaryň hanakasynda (sopularyň öýi) Rabiýa al Adowiýanyň, Walladanyň, Şahrizadanyň, Leýliniň, Belkisiň döredijiligi bilen ýakyndan tanşandygy barada maglumatlar getirilýär. Ýokarda a

«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 Taryh — aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlik. Onuň her bir düzüm bölegini öwrenip, aňyrsyna çykyp bolmaýar. Näçe öwrendigiňçe, onuň syrlary kem-kemden açylyp gidip otyr. Bäş müňýyllyk geçmişden gözbaş alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhyny alamatlandyrýan nyşanlaryň biri hem «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumydyr. Bu ýadygärlikler toplumynyň açylan we açylmadyk syrlary hakynda näçe gürrüň etseň hem azdyr.

Köneürgenjiň taryhy binalary

Alymlaryň bellemegine görä, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Köneürgenjiň ösen şäher medeniýeti miladynyň VI asyryndan başlap has-da ösüp ugraýar. Taryhyň belli bir döwürlerinde, aýratyn hem orta asyrlarda bu ýeriň şäher gurluşygy pajarlap ösüpdir. Şol wagtlar Mamuniler nesilşalygynyň (995 — 1017-nji ýyllar), Horezmşalar-Anuşteginler nesilşalygynyň (1097 — 1231-nji ýyllar), ýerli emir Gutlug Temiriň dolandyran döwri (1321 — 1335-nji ýyllar), ýagny XIV asyryň birinji ýarymy hasaplanýar. Soňraky wagtlarda — XIV—XVI asyrlar aralygynda hem nagyş bezegsiz, dürli görnüşli gümmezli kümmetleriň birnäçesi bina edilipdir.

Kitap hakynda

Gadymy kitaphanalar Iň gadymy kitaphanalaryň Merwde, Köneürgençde bolandygy hakynda taryhy maglumatlar bar. Golýazma çeşmeleriniň habar bermegine görä, Gadymy Merwdäki kitaphanalar, olaryň kitaplarynyň baýlygy aýratyn ünsüňi çekýär. Şonuň üçin hem bu kitaphanalar öz döwründe deňsiz-taýsyz diýip bellenilýär. Kitaplaryň köp bolandygy üçin asyrlaryň dowamynda bu mekanda ylym gülläp ösüpdir, ençeme alymlar ýetişipdir. Bu künjekde ýaşan alymlar ylmyň dürli ugurlaryna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Binagärlik medeniýetiniň taryhyndan

Türkmen binagärliginiň taryhy kökleri müňýyllyklaryň gatyna siňip gidýär. Köpetdagyň eteklerindäki oturymly ekerançylaryň binagärçiliginiň dörän wagtyny gadymy gündogar görnüşli ilkinji medeniýetleriň eýýamyna degişli edýärler. Miladydan öňki VII — VI müňýyllyklaryň sepgidinde bir otagly jaýlaryň peýda bolmagy öndüriji hojalyga geçilmegi bilen bagly bolupdyr. Şonuň ýaly jaýlar suw basmaýan belentliklerde gurlupdyr. Ýaşaýyş ýerleriniň meýilnamasy şol belent ýerleriň mümkinçiliklerine görä salnypdyr. Soň-soňlar dag etekleriniň çeşmejikleriniň akymynyň boýunda demirgazykdan günortalygyna emeli jaý gurluşyk ýörelgesi dowam edipdir. Jeýtun medeniýeti diýlip atlandyrylýan döwürde Günorta Türkmenistanyň ýaşaýyş ýerleriniň ilkinji görnüşleriniň we jaý gurluş däpleriniň kemala gelmegi müň ýarym ýyla golaý dowam edip, miladydan öňki V müňýyllygyň ortalarynda köp otagly jaýlara ornuny beripdir. Ýaşalgalaryň meýilnamalarynda köçeler we ötelgeler mese-mälim bildirýär. Bu ýaşaýyş üçin gurlan binagärçilik medeniýeti Jeýtun medeniýetiniň dowamy bolup Gadymy Nusaýyň ilkinji döwürlerine çenli aralaşypdyr. Parfiýa nesil şalygy döwründe Günorta Türkmenistanyň çäklerinde binagärligiň taryhy, tutuşlygyna alanyňda, birmeňzeş däldir. Parfiýa dö

Geçmişi şöhratly, şu güni şanly

«Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys» diýip, wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda nygtan hormatly Prezidentimiziň bu sözleriniň döwrümiziň beýik hakykaty bolup dabaralanýandygyna döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegi tabşyrmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.

Şöhratly taryhymyzyň hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirmekde, olary ylmy esasda öwrenmekde hem-de ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterip, alymlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Täze maksatnamanyň kabul edilmegi hem-de öňde duran wezipeler dogrusynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda Gadymy Dehistan taryhy-medeni döwlet goraghanasynda ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda goraghananyň ajaýyp gymmatlyklarynyň biri bolan Juma metjidiniň ylmy taýdan dikeldilen peştagynyň tanyşdyrylyşy boldy we Gadymy Dehistan ýadygärlikler toplumyna girýän kerwensaraýda başlanan ilkinji arheologiki işleriň barşy barada söhbet edildi.

Taryhy gymmatlyklara sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda müňýyllyklary aşyp gelýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly ylmy duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde arheologik tapyndylaryň sergisi guraldy hem-de «Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenişi» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy daşary ýurtlaryň wekilleriniň, alymlarynyň, arheologlaryň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda taryhy- medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary rejelemek, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly giň gerimli işleriň üstünde durup geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli duşuşyga gatnaşanlar öz hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Gadymy medeniýetiň we siwilizasiýanyň ojagynda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beýik medeniýetiň mekany bolan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gözelliklerimizi gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde, taryhy ýadygärliklerimizi, maddy-medeni mirasymyzy, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň çäginde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň subutnamasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala g

«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün – 16-njy aprelde Balkan welaýatynda ýerleşýän «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Balkan welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer M.Mämmedowa beren tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň çäginde geçirilýän çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri görüldi.

Türkmenistanyň gadymy buzhanalary

Türkmenistan döwletimizde ylym-bilimi dünýä ýurtlarynyň derejesinde ösdürmek, halkymyzyň gadymy medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ugurda saldamly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan gadymy suw desgalarynyň binagärlik aýratynlyklarynyň öwrenilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Olardan gadymy Merwiň dürli görnüşli sardobalaryny, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde saklanyp galan ýahdany, Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan birnäçe sardobalary görkezmek bolar.

Dehistan — ösen medeniýetiň göwheri

Türkmenistanyň orta asyr şäherleri binagärligiň, senetçiligiň, söwdanyň, dokmaçylygyň, medeniýetiň biçak ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň biri-de Dehistandyr. Bu şäheriň şöhratly geçmişden habar berýän galyndylary Hazar deňziniň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Dehistan öz döwründe diňe bir 200 gektar meýdany tutýan paýtagt şäher bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalary özünde birleşdirýän, gür ilatly welaýat bolupdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän günorta-gündogar bölegi häzirki döwrüň geografik kartalarynda «Misserian düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürlerde bu ýerde «Girkaniýa» ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly, giň oazis bolupdyr.

Taryhy ýadygärliklere buýsanç

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtady. Munuň özi ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrylan täze tapgyrynda-da türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işleriň alnyp baryljakdygyndan habar berýär. Türkmenistanyň çägi asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, medeniýetleriň çatrygynda ýerleşip, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan möhüm halka bolup hyzmat edipdir. Merw, Nusaý, Amul, Abiwerd, Dehistan ýaly gadymy şäherler bolsa Gündogaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gülläp ösen merkezleri bolupdyr. Bu günki gün şol binagärlik ýadygärliklerini milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklary hökmünde aýawly saklamak hem-de dikeltmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilý

Gadymy Merwiň binalary

Döwletimiziň halkara derejedäki at-abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän döwründe, ynsan kowmunyň bäş müňýyllyk taryhynyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimiziň aýratyn orny bardyr. Geçmişiň şöhratly we ýeňişli ýollarynda uly kerwensaraýlary, bazarlary, hanakalary, metjitleri, medreseleri, biri-birine juda meňzeş daşky diwarlary gasynly gurlan köşkleri, galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen gadymy Merwiň ajaýyp köşkleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Al-Mamunyň köşki — bu taryhy we medeni ýadygärligiň binagärliginde, esasan, çig kerpiçleriň ulanylandygy sebäpli, biziň günlerimize çenli gelip ýeten galyndylary hökmünde onuň aglaba böleginiň eremegi netijesinde emele gelen ullakan tümmegi we demirgazyk diwarynyň azda-kände saklanyp galan galyndylaryny görkezmek bolar. Ýadygärligiň saklanyp galan käbir böleklerinden we geçen asyryň ortalarynda geçirilen ylmy barlaglaryň maglumatlaryna salgylanmak esasynda öz döwründe iki gatdan ybarat köşk ymaraty bolandygyny çaklamak mümkin. Ymaratyň birinji gaty ýokarlygyna ýapgyt we galňap gidýän diwardan ybarat bolup, ikinji gatynyň daş tarapy ýarym aýlaw gasynlar arkaly bina edilipdir. Alymlaryň çaklamagyna görä, Al-Mamunyň köşki IX —

Jeýhunyň ýakasyndaky gadymy ýadygärlikler