Şöhratly taryhymyza buýsanç

17 Aprel 2022
1404

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beýik medeniýetiň mekany bolan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gözelliklerimizi gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde, taryhy ýadygärliklerimizi, maddy-medeni mirasymyzy, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň çäginde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň subutnamasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip başlapdyr we olar kuwwatly döwlet bolmak bilen, medeniýeti ösüp, ýokary derejä ýetipdir.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar