Taryhy ýadygärliklere buýsanç

13 Aprel 2022
1386

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtady. Munuň özi ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrylan täze tapgyrynda-da türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işleriň alnyp baryljakdygyndan habar berýär.

Türkmenistanyň çägi asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, medeniýetleriň çatrygynda ýerleşip, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan möhüm halka bolup hyzmat edipdir. Merw, Nusaý, Amul, Abiwerd, Dehistan ýaly gadymy şäherler bolsa Gündogaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gülläp ösen merkezleri bolupdyr. Bu günki gün şol binagärlik ýadygärliklerini milli mirasymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklary hökmünde aýawly saklamak hem-de dikeltmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylyp, olara laýyklykda, Diýarymyzyň dürli künjeginde ýerleşýän arheologik, taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesinde gazuw-agtaryş, dikeldiş we rejeleýiş işleri alnyp baryldy.

Şemşat URAÝEWA,
Köneürgenç şäheriniň merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar