Binagärlik medeniýetiniň taryhyndan

20 Aprel 2022
1265

Türkmen binagärliginiň taryhy kökleri müňýyllyklaryň gatyna siňip gidýär. Köpetdagyň eteklerindäki oturymly ekerançylaryň binagärçiliginiň dörän wagtyny gadymy gündogar görnüşli ilkinji medeniýetleriň eýýamyna degişli edýärler. Miladydan öňki VII — VI müňýyllyklaryň sepgidinde bir otagly jaýlaryň peýda bolmagy öndüriji hojalyga geçilmegi bilen bagly bolupdyr. Şonuň ýaly jaýlar suw basmaýan belentliklerde gurlupdyr. Ýaşaýyş ýerleriniň meýilnamasy şol belent ýerleriň mümkinçiliklerine görä salnypdyr. Soň-soňlar dag etekleriniň çeşmejikleriniň akymynyň boýunda demirgazykdan günortalygyna emeli jaý gurluşyk ýörelgesi dowam edipdir. Jeýtun medeniýeti diýlip atlandyrylýan döwürde Günorta Türkmenistanyň ýaşaýyş ýerleriniň ilkinji görnüşleriniň we jaý gurluş däpleriniň kemala gelmegi müň ýarym ýyla golaý dowam edip, miladydan öňki V müňýyllygyň ortalarynda köp otagly jaýlara ornuny beripdir. Ýaşalgalaryň meýilnamalarynda köçeler we ötelgeler mese-mälim bildirýär. Bu ýaşaýyş üçin gurlan binagärçilik medeniýeti Jeýtun medeniýetiniň dowamy bolup Gadymy Nusaýyň ilkinji döwürlerine çenli aralaşypdyr.

Parfiýa nesil şalygy döwründe Günorta Türkmenistanyň çäklerinde binagärligiň taryhy, tutuşlygyna alanyňda, birmeňzeş däldir. Parfiýa döwrüniň şäher gurluşy imperiýanyň beýleki ýerlerinde döreden binagärlik medeniýetinden doly tapawutlanýar. Munuň şeýledigini köne Nusaýda geçirilen arheologik barlag işleri tassyklaýar.

Yslam DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar