''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Dehistan alymlaryň üns merkezinde

Türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny açyp görkezýän maddy mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, wagyz etmek, rejelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki, şol sanda Balkan welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde hem bu ugurdaky toplumlaýyn çäreler üstünlikli dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň günorta etraplarynda bürünç, demir we orta asyrlaryň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň emeli suwaryşa esaslanan ekerançylygyndan başlap, maddy medeniýetiň gymmatlyklarynyň dürli görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Şoňa görä-de, bu sebitiň geçmiş mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmek möhüm meseleleriň hatarynda durýar. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran bürünç-demir asyrlar döwrüne degişli we orta asyrlar bilen senelenýän taryhy-medeni ýadygärliklerde türkmen hem-de daşary ýurtly arheologlar tarapyndan ylmy-barlaglar geçirildi. Maşat ata kümmetinde, Juma metjidinde, Gökjük depede, Yzzatguly depede we beýleki ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri muňa mysaldyr. Goraghananyň esasy wezipeleriniň ýene biri bina ýadygärlikleriniň saklanyp galanlaryny bejermek, abatlamak bilen baglydyr.

Amangeldi pälwan

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Her bir işde yhlas, tutanýerlilik hem-de ýanbermez hyjuw gerek. Bu sportda-da şeýle. Ine, sport äleminde uly ussatlyga ýeten, esasan-da, türkmen milli göreşinde öz ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezen Amangeldi Şahanow hem şeýle ezber, tutanýerli pälwanlaryň biri bolupdyr.

Sungatyň sarpaly künjegi

Gadymy goňurdepede galan pursatlar

Akademik W.I.Sarianidiniň gadymy Marguşda geçiren gazuw-agtaryş işleri halkymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak sahypalardyr. Dünýä meşhur alymyň alyp baran uly işleriniň pederimiň durmuşy bilen baglanyşýandygy göwnümi hemişe buýsanja besleýär. Bu hakda maňa 1980 – 1985-nji ýyllarda Garagum etrap häkimliginde dürli wezipelerde işlän Ilgeldi Allalyýew şeýle gürrüň berdi: — 1985 — 1986-njy ýyllarda Çaryýar Seýitmuhammedow Garagum etrabynyň sähra içindäki «Tahyrbaý» diýen ýerinde sürüji bolup zähmet çekýärdi. Şol döwürde-de akademik W.I.Sarianidi «Tahyrbaýa» golaý bolan ýerde işgärlerine ýer parçasyny ölçäp bermek bilen, gazuw-agtaryş işlerini geçirýän eken.

Paýhas ummanynyň şamçyragy

Eziz Watanymyzda ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi dikeltmek we ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň durmuşy giňişleýin öwrenilýär. Şeýle şahsyýetleriň biri-de orta asyryň görnükli alymy Abu Seýit Abylhaýyr ýa-da halk arasyndaky adyny aýtsak, Mäne babadyr. Gündogaryň beýik danasy Mäne babanyň asly ylymly-bilimli maşgaladan bolupdyr. Orta asyr Mäne şäheri Türkmenistanyň taryhynda medeniýetiň güýçli ösen ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ol ýerde öz döwründe güýçli alymlar, danalar, şahyrlar kemala gelipdir.

Köneürgenjiň orta asyr kerwensaraýlary

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheri Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we beýleki sebitleriň söwda hyzmatdaşlygynyň ösmeginde möhüm merkez bolup hyzmat edipdir. Bu bolsa Gürgenjiň bazarlarynyň Ýewraziýa ýurtlarynda öndürilen önümlerden doly bolmagyna getiripdir. Taryhyň dürli döwürlerinde görlüp-eşidilmedik gülläp ösüşleri başdan geçiren bu şäher ösen medeni merkez hökmünde tanalypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bu beýik şäheriň başyndan geçiren ähli betbagtlyklaryndan hem-de weýrançylyklaryndan soň diňe hökümdarlaryň hem-de keramatly kişileriň baky ýatan ýerleriniň birnäçesi, ägirt uly desganyň girelge tarapy, Orta Aziýada iň beýik minara saklanyp galypdyr. Bu şäher taryhda «Müň derwezeli şäher» diýip ýatlanylýar».

Taryhy ýadygärlikleriň ykrarnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir. Ýurdumyzyň hökümeti milli ýadygärlikleri saklap galmaga we goramaga, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin onuň hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan hasaplanýar. Ýurdumyzda medeni ýadygärlikleriň iň gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul galalarynda, Merw ýadygärlikler toplumynda haýran galarlyk täsinlikleri görmek bolýar. Aýratyn hem, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Gökjükdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly taryhy-medeni ýadygärlikl

Simap küýze

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda iň köp duş gelýän tapyndylaryň biri hem simap küýzelerdir. Olar ylmy edebiýatda «sferekonus» diýlip atlandyrylýar. Esasan, Gündogar ýurtlarynda köp duş gelýän bu küýzeleriň içi ýangyçdan doldurylyp, darajyk bokurdagyndan pelte çykarylyp, çyra hökmünde peýdalanylandygy sebäpli, olara «musulman çyralary» hem diýilýär. Emma professor M.Ý.Massonyň pikirine görä, bu küýzeler simap saklamak üçin niýetlenipdir. Simap küýzeler diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, reňki, galyňlygy, hatda agramy boýunça-da adaty küýzelerden tapawutlanýar. Garamtyl-çal reňkli küýzäniň gabarasy kiçijik bolsa-da, götereniňde eliňe agram berýär. Häzirki wagta çenli tapylan şeýle görnüşli küýzeleriň aglabasy çyzma nagyşlar bilen bezelipdir. Simap küýzeler orta asyr senetçiligine mahsus bolup, olaryň gadymy Merwde, Şähryslamda, Misserianda, Köneürgençde köpçülikleýin öndürilendigi barada taryhy maglumatlar bar. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýanyndaky Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde simap küýzeleriň iki sanysy saklanýar.

Bezeglideräniň täsinlikleri

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Bezeglideräniň suratynyň ýerleşdirilmegi we gadymy ata-babalarymyzyň dag gowaklarynda, gaýalarda galdyran taryhy yzlarynyň tutuş adamzadyň şöhratly geçmişini öwrenmekde iňňän derwaýysdygy baradaky parasatly pikirleri güneşli Diýarymyzyň günbatarynda ýerleşýän bu täsin medeni ýadygärligiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu kitapda gadymy şekilleriň, suratlaryň, nagyşlaryň, nyşanlaryň wajyplygy barada şeýle bellenilýär: «Adamzadyň taryhy, dünýä hakyndaky oýlanmalary örän irki döwürlerde daşlara, diwarlara, tansyk önümlerine, agaç gabyklaryna, gönlere, tylla tagtalara, kagyzlara, göllere, nagyşlara ýazylypdyr».

Istemi han — meşhur türkmen serkerdesi

Merdana halkymyz Oguz han döwründen bäri dünýä ýaň salan döwletleri, jahanşalyklary döredip, taryhda öçmejek yz galdyrypdyr. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgynyň döremegi hem tötänden däldir. Parasatly pederlerimiz Oguz han atamyzdan dowam edip gelýän döwleti esaslandyrmak däplerini mynasyp dowam etdiripdirler. Şunda il-halkyň başynda öz döwrüniň görnükli serdarlary durupdyr. Olar syýasatdan, harby sungatdan ussatlyk bilen baş çykarypdyrlar. Şeýle beýik serkerdeleriň biri-de Göktürkmen döwletiniň esaslandyrylmagyna uly goşant goşan Istemi handyr. Mälim bolşy ýaly, Göktürkmen döwletine degişli iň ygtybarly maglumatlar onuň hökümdarlary Bilge hanyň, Külteginiň hormatyna galdyrylan mazar daşlarynda ýazylyp galdyrylypdyr. Biz olary Oguz-orhon ýazgylary diýen at bilen bilýäris. Külteginiň we Bilge hanyň ýadygärlikleri 1889-njy ýylda rus alymy N.M.Ýadrinsew tarapyndan ýüze çykaryldy. Şol ýazgylarda Bumyn han bilen Istemi hanyň atlarynyň bir ýerde gelmegi hem göktürkmenleriň olaryň ikisini hem özleriniň nesilbaşylary hasap edendiklerini aýdyň görkezýär. Has takygy, Külteginiň we Bilge hanyň mazaryna daş galdyran Ýolly han daşyň ýüzüne: «Haçan-da ýokarda gök, aşakda ýer döredilende, bu ikisiniň arasynda adamzat nesli ýaradyldy. Adamzat nes

Muny bilmek gyzykly

SAÝAWAN Güneşli Diýarymyzda häzirki wagtda jöwzaly tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda, adatça, başgaply ýa-da saýawanly gezilýär. Eýsem Günden goranmak üçin döredilen saýawanlar ilki haçan we nirede peýda bolduka?

Gül desseleri goýuldy

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň dürli künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen  bellenilip geçilýär. Şol gün bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde ajaýyp gül desseleri goýulýar. Şu gün, 27-nji iýunda şeýle dabara geçirilip, oňa  Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa, jemgyýetçilik gurmalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Munuň özi  akyldar şahyrymyzyň döredijiligine we medeniýet, sungat işgärlerine goýulýan sarpanyň uludygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Döwdan — gadymy oba

Häzirki döwürde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerdir şertler esasynda biziň obalarymyz şäherler bilen bäsleşýär. Ine, şeýle obalaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan gadymy Döwdan obasydyr. Döwdan obasynyň ady Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän kanalyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Döwdan kanaly taryhdan belli bolşy ýaly, bol suwly kanal bolup, geografiki taýdan ýerleşişi boýunça suwarymly ekerançylykda, daýhanlara ekin ekmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Geçen asyrdan bäri Döwdan kanaly ýerli halkyň durmuşynda esasy orna eýe bolmak bilen, çeper edebiýatymyzda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Döwdan kanalynyň çeper eserlerde «Döwdan ýaby» diýlip atlandyrylan ýerlerine hem gabat gelmek bolýar.

Mertlere mertlik ýaraşýar

1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy taryhda öçmejek yz galdyrdy. Şol ýyllarda türkmen ýigitleri-de Watan goragyna çykypdy. Olaryň arasynda döredijilik işgärleri-de, ýazyjy-şahyrlar-da, žurnalistler-de bardy. Men aldym-berdimli söweşlere gatnaşan ýazyjylaryň ençemesini tanaýaryn, käbir žurnalistler bilen-ä bilerägem işleşdim. Hemmesiniň atlaryny sanap durmaýyn. Şu ýazgymda şolaryň diňe biri, ýagny Meretdurdy Temmimow hakynda gürrüň beresim gelýär.

Horasandan habar bersem

Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran gadymy-antiki we orta asyr ýurtlaryň çäk serhetleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy arheologlar we gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda Horasanyň ýerleri baradaky taryhy maglumatlar gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşler bilen berk baglanyşykly bolup, sebidiň taryhy aýratynlyklaryny öwrenmäge uly ähmiýet berdi. Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde Horasanyň ýerleri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Horasan welaýatynyň ady III asyrda ýüze çykyp başlapdyr. Sasanylar (224-651) döwletiň çäk-dolandyryş ýerleriniň serhedini bölenlerinde Günüň dogýan ýerlerini — Horasan, günbatar ýerlerini — Horwaran (Horbaran), demirgazygy — Bahtaraw, günorta ýerleri — Nimruz diýip atlandyrypdyrlar. Bu geografiki at XVIII asyryň ortalaryna çenli döwri öz içine alyp, çäk-dolandyryş ulgamy hökmünde dolanyşykda saklanylypdyr.

Horezmşalar-anuşteginler döwletiniň adalat ulgamy

Taryha ser salanymyzda, ýurdumyzyň çäginde kuwwatly döwletler dörändigi we şol döwletlerde kämil kanunçylyk hukuk ulgamynyň işi adalat ulgamynyň kämilleşmegi bilen amala aşyrylandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris. Sebitde ösen döwlet derejesine çenli ýokary göterilen, 1157 — 1231-nji ýyllarda halkara gatnaşyklary ulgamynda özbaşdak daşary syýasaty ýöreden Horezmşalar-Anuşteginler döwletinde hem adalat ulgamy ýurduň özbaşdaklygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, tertipli we kämil gurluşa eýe bolupdyr. Döwletiň adalat ulgamynda orta asyrlarda musulman döwletlerinde bolşy ýaly, adalatyň hökümi şerigatyň kanunlary we halkyň däp-dessurlary esasynda çykarylypdyr. Raýatlaryň arasynda ýüze çykan dawaly meseleler şerigatyň kanunlary esasynda düzülen kazyýetler tarapyndan çözülipdir.

Mukaddeslige öwrülen gymmatlyklar

Muzeý işgärleriniň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasynyň gadymdan galan nusgalaryny il içinde toplap, muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirip durmakdaky gözlegli işleri, şol gymmatlyklaryň her biri dogrusynda geçirýän ylmy derňewleri geçmiş taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde toplanylan nusgalaryň sany on iki ýarym müňden gowrak. Şol muzeý gymmatlyklarynyň arasynda taryhy ähmiýetli, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmeklige degişlileriň sany barha artýar, has irki döwürlere degişlileriň sany köpelýär. Irki döwürlere degişli pullar, gadymy teňňeleriň seýrek duşýan nusgalary, zergärçilik, küýzegärçilik, dokmaçylyk önümleri we senetçiligiň dürli ugurlaryna degişli gymmatlyklar muzeýimizi diňe bir görmek üçin gelýänleriň däl, eýsem geçmiş medeniýetimizi ylmy nukdaýnazardan öwrenmek isleýän bilermenleriň hem ünsüni özüne çekýär. Welaýatymyzda şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralarda muzeý işgärleri özleriniň göçme sergileri bilen ýygnananlara medeniýetli hyzmat edýärler. Dabaraly çärelere gatnaşyjylar muzeýiň gazna gymmatlyklaryndan guralan sergilere syn edip, ruhy lezzet alýarlar. Geçirilýän çärelerde sergä tomaşa et

Löw­ker — orta asyr şä­her-ker­wen­sa­ra­ýy

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da Mur­ga­byň ug­run­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da hem gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Şeý­le ýa­dy­gär­lik­le­riň bi­ri Asa­da­bat ýa-da Löw­ker ýa­dy­gär­li­gi­dir. Alym­la­ryň ýaz­ma­gy­na gö­rä, onuň Asa­da­bat, Löw­ker at­la­ry or­ta asyr­la­ryň ta­ry­hy çeş­me­le­rin­de duş gel­ýär. Ol söw­da du­ral­ga­sy, söw­da-ara­gat­na­şyk ýo­lun­da dü­şel­ge hök­mün­de bel­li bo­lup­dyr. Sy­ýa­hat­çy Ýa­kut Ha­ma­wy Asa­da­bat şä­he­rin­den di­ňe ga­la di­war­la­ry­nyň we bir sany go­rag di­ňi­niň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy­ny gö­rüp­dir. Asa­da­bat­da­ky ýa­şa­ýyş IX — XI asyr­lar­da we XII asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li do­wam edip­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýer­li ila­tyň «Çaý­ba­ba» di­ýip at­lan­dyr­ýan ýe­ri bu şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry­nyň az sak­la­nan bir bö­le­gi­dir.

Elmemmediň gowagy

Bu gowak Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Kürüždeý geňeşliginiň Durdyhan obasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşip, onuň girelgesiniň ini 20 metre, beýikligi 3,5 metre, içiniň giňligi 55 inedördül metre, dikligine gazylan çykalgasyna alyp barýan bir adam sygarlyk oý bolsa takmynan 150 metre barabardyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde şeýle diýýär:

Döwletliligiň milli ahlak ýörelgeleri

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýip nygtaýar. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik duýgularyna ýugrulan bu sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde we onuň ähli ýurtlar bilen gatnaşygynda binýat bolup hyzmat edýän ahlak ýörelgeleriniň kökleri baradaky pikirleriň uşlybyny çözleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Halkymyzyň beýleki halklar bilen köp asyrlaryň dowamyndaky gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagymyza esas bolandyr. Halkymyz islendik döwürde we islendik ýagdaýda dünýä bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, özara hormat goýmak, hemmelere deň göz bilen garamak, açyklyk häsiýetlerini elden bermändir» diýip bellemegi taryhy ýörelgelere belent sarpadan nyşandyr. Alym Arkadagymyz bu asylly ýörelgeleri kemala getirmekde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we milli mirasymyza daýanmagyň zerurdygyny nygtap, edebi-filosofik eserinde: «Oguz türkmenleriniň orta asyrlardaky durmuşyny, syýasy şertlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny şöhlelendirýän «Gorkut ata» şadessanynyň many-mazmunyny gahrymançylyk, gaýduw