Horasandan habar bersem

17 Iýun 2022
1558

Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran gadymy-antiki we orta asyr ýurtlaryň çäk serhetleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy arheologlar we gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda Horasanyň ýerleri baradaky taryhy maglumatlar gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşler bilen berk baglanyşykly bolup, sebidiň taryhy aýratynlyklaryny öwrenmäge uly ähmiýet berdi. Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde Horasanyň ýerleri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar.

Horasan welaýatynyň ady III asyrda ýüze çykyp başlapdyr. Sasanylar (224-651) döwletiň çäk-dolandyryş ýerleriniň serhedini bölenlerinde Günüň dogýan ýerlerini — Horasan, günbatar ýerlerini — Horwaran (Horbaran), demirgazygy — Bahtaraw, günorta ýerleri — Nimruz diýip atlandyrypdyrlar. Bu geografiki at XVIII asyryň ortalaryna çenli döwri öz içine alyp, çäk-dolandyryş ulgamy hökmünde dolanyşykda saklanylypdyr.

Orazgeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar