Simap küýze

6 Iýul 2022
1122

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda iň köp duş gelýän tapyndylaryň biri hem simap küýzelerdir. Olar ylmy edebiýatda «sferekonus» diýlip atlandyrylýar. Esasan, Gündogar ýurtlarynda köp duş gelýän bu küýzeleriň içi ýangyçdan doldurylyp, darajyk bokurdagyndan pelte çykarylyp, çyra hökmünde peýdalanylandygy sebäpli, olara «musulman çyralary» hem diýilýär. Emma professor M.Ý.Massonyň pikirine görä, bu küýzeler simap saklamak üçin niýetlenipdir.

Simap küýzeler diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, reňki, galyňlygy, hatda agramy boýunça-da adaty küýzelerden tapawutlanýar. Garamtyl-çal reňkli küýzäniň gabarasy kiçijik bolsa-da, götereniňde eliňe agram berýär. Häzirki wagta çenli tapylan şeýle görnüşli küýzeleriň aglabasy çyzma nagyşlar bilen bezelipdir. Simap küýzeler orta asyr senetçiligine mahsus bolup, olaryň gadymy Merwde, Şähryslamda, Misserianda, Köneürgençde köpçülikleýin öndürilendigi barada taryhy maglumatlar bar. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýanyndaky Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde simap küýzeleriň iki sanysy saklanýar.

Parahat NAZAROW,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar