Taryhy ýadygärlikleriň ykrarnamasy

6 Iýul 2022
1343

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir. Ýurdumyzyň hökümeti milli ýadygärlikleri saklap galmaga we goramaga, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin onuň hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan hasaplanýar. Ýurdumyzda medeni ýadygärlikleriň iň gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul galalarynda, Merw ýadygärlikler toplumynda haýran galarlyk täsinlikleri görmek bolýar. Aýratyn hem, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Gökjükdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi we geçirilýär. Ol ýerlerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy, Ysmamyt ata, Aksaraýdiň, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň aramgähi ýaly başga-da birnäçe taryhy-medeni binalar Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklere juda baý ülkedigini subut edýär. Ýadygärlik binalaryň arhitektura gurluşy we ol ýerlerden tapylan tapyndylar biziň ata-babalarymyzyň juda sowatly, medeniýetli halk bolandygyny subut edýär. Daşoguz welaýatynyň çäkleriniň taryhy ýadygärliklere baýdygy göz öňüne tutulyp, 2016-njy ýylda Daşoguz şäheri «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Nurberdi MÄMEDOW.
TKA-nyň Görogly etrap birleşmesi.
Beýleki habarlar