''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bedenterbiýe we sport

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi, Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň «Goturdepe» önümçiliginiň hojalyk bölüminiň hünärmeni Umyt Hydyrow 1-nji orny eýeledi. «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň pudaklaýyn harbylaşdyrylan goragynyň birleşdirilen otrýadynyň işgäri Baýrammyrat Täşliýew 2-nji, «Goturdepe» tilsimat ulaglar müdirliginiň mehanigi Azat Kiçigulow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen küşt boýunça ýaryşda Lukman Melikow, Tahyr Geldiýew hem-de Wadim Kubrakow dagy öňdäki orunlary eýeledi. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan işgärler guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Ame­ri­ka­nyň Mil­li hok­keý li­ga­sy­nyň Sten­li Ku­bo­gy ug­run­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. «Flo­ri­da Pan­ters» bi­len «Ed­mon­ton Oý­ler­siň» ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň 5-nji­si ge­çi­ri­lip, çem­pi­on­lyk in­di­ki du­şu­şy­ga gal­dy. Il­kin­ji 3 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan «Flo­ri­da Pan­ters» to­pa­ry il­kin­ji ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­na bir ädim go­laý­lap­dy. Ýö­ne 4–5-nji du­şu­şyk­lar­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 1-2-nji du­şu­şyk­lar Flo­ri­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 3:0 hem-de 4:1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da oý­na­lyp, bu oýun­da-da «Flo­ri­da Pan­ters» 4:3 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Ýö­ne 4–5-nji oýun­lar ju­da baş­ga­ça bol­dy. 4-nji du­şu­şyk Ka­na­da­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri 8:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­rip, 2 asist eden Kon­nor Mak­De­wid ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­di. Ol pleý-off tap­gy­ryn­da bir möw­süm­de 32-nji asis­ti­ni edip, bu ugur­da NHL-iň ro­wa­ýa­ty ýyl­dy­zy, ka­na­da­ly Weýn Grets­ki­niň 1988-nj

«Milan», «Ýuwentus», «Lasio» toparlarynyň täze tälimçileri

48-nji Ko­pa Ame­ri­ka

Fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky iň ga­dy­my ýa­ryş ha­sap­lan­ýan Ko­pa Ame­ri­ka – Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň çem­pio­na­ty ABŞ-da ge­çi­ril­er. Soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na bi­len Ka­na­da­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka ýa­ry­şy­nyň il­kin­ji oý­ny bo­lar. Çem­pio­na­ta 16 ýy­gyn­dy – Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň äh­li to­pa­ry (10) bi­len bi­le­lik­de, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan hem 6 ýy­gyn­dy we­kil­çi­lik ed­ýär. «A» to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na­nyň, Pe­ru­nyň, Çi­li­niň, Ka­na­da­nyň, «B» to­par­ça­da Mek­si­ka­nyň, Ek­wa­do­ryň, We­ne­sue­la­nyň, Ýa­maý­ka­nyň, «C» to­par­ça­da ýer eýe­le­ri ABŞ-nyň, Urug­wa­ýyň, Pa­na­ma­nyň, Bo­li­wi­ýa­nyň, «D» to­par­ça­da-da Bra­zi­li­ýa­nyň, Ko­lum­bi­ýa­nyň, Pa­rag­wa­ýyň hem-de Kos­ta Ri­ka­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar. To­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar Aş­ga­bat wag­ty bi­len 03:00-da, 05:00-da hem-de 06:00-da baş­la­nar. Her to­par­ça­da 1-2-nji or­ny eýe­län­ler ýa­ry­şy do­wam eder. Çär­ýek fi­na­lyň oýun­la­ry 5-6-7-nji iýul­da, ýa­rym fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry 10-njy we 11-nji iýul­d

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi

Klub­la­ryň ara­syn­da­ky iň esa­sy bäs­le­şik ha­sap­lan­ýan UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy tä­ze möw­süm­de tä­ze for­mat­da ge­çi­ri­ler. Umu­my­lyk­da 70-nji UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan bä­ri-de 33-nji ge­zek ge­çi­ril­jek ýa­ry­şyň ta­ry­hyn­da 3-nji ge­zek for­ma­ty üýt­gär. Ir­ki ýyl­lar­da di­ňe her ýur­duň çem­pio­ny­nyň gat­na­şan bäs­le­şi­gi utu­lan-çyk­dy tap­gyr­la­ry esa­syn­da gu­ral­ýar­dy. 1992/93 möw­sü­min­den baş­la­bam ýa­ryş il­ki to­par­ça­la­ýyn, soň­ra utu­lan-çyk­dy tap­gyr­lar esa­syn­da ge­çi­ri­lip gel­ýär­di. 1990-njy ýyl­la­ryň ahyr­la­ryn­da ýa­ry­şa di­ňe çem­pi­on klub­lar däl, eý­sem, çem­pio­nat­da öň­dä­ki 4 or­ny (ýur­du­na gö­rä üýt­ge­ýär) eýe­län­ler hem go­şu­lyp ug­ra­dy. Ine, in­di bol­sa utu­lan-çyk­dy hem-de to­par­ça­la­ýyn for­mat­la­ryn­dan soň, tä­ze for­mat­da, ýagny li­ga for­ma­tyn­da ge­çi­ri­ler. Tä­ze möw­süm­de klub­la­ryň, şol san­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň sa­ny hem art­dy­ry­lar. Li­ga ýa-da ozal­ky for­mat­da aý­dy­lan­da, to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ra 32 däl-de, 36 klub gat­na­şar. Şol 36 klu­buň 29-sy gö­nü­mel, has ta­ky­gy,

17-nji Ýewropa çempionaty dowam edýär

Fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam edip, to­par­ça­lar­da­ky 1-nji aý­la­wyň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Çem­pio­na­tyň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Şot­lan­di­ýa­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şy­gyň 10-njy mi­nu­tyn­da ha­sa­by açan Flo­ri­an Wirts çem­pio­na­tyň il­kin­ji go­lu­ny der­we­zä gi­riz­di. Weng­ri­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da-da şweý­sar­lar gar­şy­da­şy­ny 3–1 ha­sa­byn­da ýeňmegi başardy.

Sport

Mekdep okuwçylarynyň welaýat birinjiligi Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň sport eýwanynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň woleýbol we tanap çekmek görnüşleri boýunça oglanlaryň arasynda, küşt görnüşi boýunça oglan-gyzlaryň arasynda ýaryşlar geçirildi. Ýaryşy «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde gurady. Oňa Akdepe, Görogly, Şabat, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan we Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşdylar. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça okuwçy oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Daşoguz şäheri, üçünji orny Boldumsaz etrabynyň toparlary eýelediler. Tanap çekmek boýunça oglanlaryň arasynda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Boldumsaz, üçünji orny bolsa Daşoguz şäheriniň toparlary eýelemegi başardylar. Küşt boýunça oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda birinji orny Akdepe etraby, ikinji orny Şabat etraby, üçünji orny bolsa Daşoguz şäheriniň toparlary eýelediler. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Sagdyn durmuş — bagtly geljek

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bolelin, abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty has giň gerime eýe etmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak babatdaky işlere aýratyn üns berilýändigi guwandyrýan ýagdaýdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde Watanymyzyň halkara sport abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, adamlarda sporta bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Wagyz-ündew çäreleri, sport ýaryşlary hem şolaryň arasynda mynasyp orun eýeleýär.

Sport. Sport. Sport.

Welaýatymyzyň taekwondoçylarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde sport toplumlary, sport mekdepleri, stadionlar gurlup, olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan sport ussatlary ýurdumyzyň sportda abraýyny dünýä ýüzüne äşgär edýärler.

Taýýarlyk: Bakurianiden Pariže

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Bu işde tälimçiler toparyna hytaýly hünärmen Lin Şufen hem ýardam berýär. Lin Şufen 1991-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir. Ol 1996-njy ýylda Atlanta şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy. Tälimçi türkmen ýygyndysy bilen geçen ýylyň güýzünden bäri işleşip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda türkmen agyr atletikaçylary dekabr aýynda Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II ýaryşynda, şu ýylyň fewralynda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda we aprelde Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda medallara mynasyp boldular.

ÝEWRO- 2024 BADALGA ALDY

Ýewropa çempionaty badalga aldy. Ýewro-2024-iň açylyş oýny Mýunhen şäherindäki «Allianz-Arena» stadionynda geçirilip, onda ýer eýesi Germaniýa Şotlandiýany 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşykda Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysynyň oýnuň birinji ýarymynda gyzyl kart bilen jezalandyrylyp, meýdançadan çykarylandygy hem hasabyň aşa uly bolmagyna täsir etdi, emma muňa garamazdan, Germaniýanyň görkezen güýçli oýnyň onuň ýaryşyň çempionlygyna dalaşgärleriň biridigini tassyklady diýmek bolar. 15-nji iýunda «A» toparçanyň beýleki toparlary Wengriýa bilen Şweýsariýa özara güýç synanyşdylar. Bu oýunda 3:1 hasabynda şweýsarlar ýeňiş gazandylar. Şeýle-de şol gün «B» toparçada çykyş edýän Ispaniýa hem Horwatiýany 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Munuň özi düzümi ozalkylardan gowşak görünse-de, Ispaniýanyň hem çempionlyga dalaş etjekdigine ynam döredýär. 15-nji iýundaky soňky oýunda bolsa ýaryşyň häzirki çempiony Italiýa 2:1 hasabynda Albaniýadan üstün çykdy. Ýeri gelende bellesek, Ýewro-2024 14-nji iýula çenli dowam eder. Hünärmenler şu gezekki ýaryşda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Ispaniýanyň hem-de Portugaliýanyň ýygyndylaryny çempionlyga esasy dalaşgärler hasaplaýarlar.

Tälimçiler baradaky täzelikler

Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň güýçli klublarynyň birnäçesi täze tälimçilerini yglan etdiler Has takygy, Dortmundyň «Borussiýasy» Edin Terziç bilen hoşlaşyp, onuň ornuna Nuri Şahini bellän bolsa, «Milany» mundan beýläk Paulu Fonseka, «Ýuwentusy» bolsa Tiagu Motta türgenleşdirer. Mundan başga-da, tälimçiler barada gürrüň gozgalanda, «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylarynyň Erik ten Hagy işden boşatman, oňa ýene bir möwsümlik mümkinçilik bermek baradaky karara gelendigini bellemek gerek.

Iň uly hasap boýunça MHL-niň rekordy täzelendi

Aşgabat wagty bilen düýn irden Kanadanyň Edmonton şäherinde Milli hokkeý ligasynyň pleý-off seriýasynyň çäklerinde «Edmonton Oýlerz» «Florida Panterzi» kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň 8:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, bu ýeňiş arkaly «Edmonton Oýlerz» MHL-niň rekordyny täzeledi. Has takygy, mundan ozal hiç bir topar MHL-niň pleý-off seriýasynda 7 şaýba tapawut bilen ýeňiş gazanmandy. Ozalky rekord 1942-nji ýylda pleý-off seriýasynyň 5-nji oýnunda «Detroýt Red Uingzi» 9:3 hasabynda ýeňen «Toronto Meýpl Lifse» degişlidi.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li «Te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.

Päl­wan­la­ry­my­zyň üs­tün­lik­le­ri

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de Ku­raş bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty hem-de Hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Ola­ra se­bi­tiň 20 döw­le­tin­den 200-e go­laý tür­gen gat­naş­dy.

Ruhubelentlige beslenen baýram

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 82-nji mej­li­sin­de «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» at­ly Ka­rar­na­ma BMG-niň äh­li ag­za ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. De­giş­li Ka­rar­na­ma­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň hem­me­si­ne, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni ge­çir­mek, şol gü­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak hem-de ol ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­mak iş­le­ri­ni ge­çir­mek bel­le­nil­ýär. Bu hoş ha­bar şol pur­sat­lar­dan baş­lap, öz tä­sir­li­li­gi­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. Gah­ry­man Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry­nyň Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, mil­li spor­ty ös­dür­mek ba­ra­da­ky alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­ka­ry gö­te­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport hakynda gyzykly maglumatlar

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Uly ýaş­da­ky­lar üçin ten­nis, suw­da ýüz­mek we we­lo­si­ped sür­mek sportuň iň peý­da­ly gör­nüş­le­ri­dir.

Geliň, welosiped süreliň!

Bütindünýä welosiped güni. Ol siz ýaly oglanjyk ýa gyzjagaz bolsa, şu ýyl mekdebe barardy. Çünki edil sentýabrda ilkinji gezek ak mekdebe salam berjek jigilerimiz ýaly, Bütindünýä welosiped güni hem şu ýyl alty ýaşyny doldurdy. Alty ýaşlyjalarymyz alty gezek doglan gününi bellän bolsalar, hut şu aýda — 3-nji iýunda biz hem bütin Ýer ýüzi bilen bilelikde bu şanly senäniň doglan gününi altynjy gezek belledik. Özem diýseň gyzykly baýram boldy. Köpiňiz bilýänsiňiz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmeginde biziň döwletimiziň iňňän uly paýy bar. Çünki şu şanly sene bilen bagly hödürnamany BMG-niň Baş Assambleýasyna, hut Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biziň döwletimiz — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan teklip edipdi. 2018-nji ýylyň aprel aýynda bolsa dünýäniň iň abraýly guramasy bu teklibi goldap, her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar etdi. Ine, şol ýyldan bäri hem biz dünýä döwletleri bilen bilelikde bu şanly senäni belläp gelýäris.

Welosipedim we men

Ine, tomus! Dynç alyş,Üç aýlap hezil etjek.Ejem nirä ugratsa,Welosipedli gitjek. Säher ýa-da giç agşam,Meniň üçin parhy ýok.Welosipedim barkaHiç bir ýolda gorky ýok.

Türkmen tennisi ösüş ýolunda

Tennis — sportuň örän gyzykly we saglyk üçin peýdaly görnüşi. Şol sebäpden-de, bütin dünýäde tennis bilen meşgullanýan türgenleriň hem-de sportuň bu görnüşine gyzyklanma bildirýän janköýerleriň sany barha artýar. Tennis diňe bir ulularyň däl-de, çagalaryň arasynda hem meşhurdyr. Türkmenistanda-da tennis bilen meşgullanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ýylsaýyn köpelýändigi begendirýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat şäherinde çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi hem-de Aziýa tennis federasiýasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy ýaş türgenler we tennis muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka boldy. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen gurlan Tennis toplumy Merkezi Aziýa sebitinde sportuň bu görnüşi boýunça iň uly toplumdyr. Iri sport desgasynda giň gerimli sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek hem-de türgenleri ýaryşlara taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde birbada 4 müň tomaşaçy tennis ýaryşlaryna tomaşa edip bilýär. Soňky ýyllarda Olimpiý