ÝEWRO- 2024 BADALGA ALDY

16 Iýun 2024
97

Ýewropa çempionaty badalga aldy. Ýewro-2024-iň açylyş oýny Mýunhen şäherindäki «Allianz-Arena» stadionynda geçirilip, onda ýer eýesi Germaniýa Şotlandiýany 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu duşuşykda Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysynyň oýnuň birinji ýarymynda gyzyl kart bilen jezalandyrylyp, meýdançadan çykarylandygy hem hasabyň aşa uly bolmagyna täsir etdi, emma muňa garamazdan, Germaniýanyň görkezen güýçli oýnyň onuň ýaryşyň çempionlygyna dalaşgärleriň biridigini tassyklady diýmek bolar. 15-nji iýunda «A» toparçanyň beýleki toparlary Wengriýa bilen Şweýsariýa özara güýç synanyşdylar. Bu oýunda 3:1 hasabynda şweýsarlar ýeňiş gazandylar. Şeýle-de şol gün «B» toparçada çykyş edýän Ispaniýa hem Horwatiýany 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Munuň özi düzümi ozalkylardan gowşak görünse-de, Ispaniýanyň hem çempionlyga dalaş etjekdigine ynam döredýär. 15-nji iýundaky soňky oýunda bolsa ýaryşyň häzirki çempiony Italiýa 2:1 hasabynda Albaniýadan üstün çykdy.

Ýeri gelende bellesek, Ýewro-2024 14-nji iýula çenli dowam eder. Hünärmenler şu gezekki ýaryşda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Ispaniýanyň hem-de Portugaliýanyň ýygyndylaryny çempionlyga esasy dalaşgärler hasaplaýarlar.

Taýýarlan: Selim AGAÝEW,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar