Taýýarlyk: Bakurianiden Pariže

19 Iýun 2024
139

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Bu işde tälimçiler toparyna hytaýly hünärmen Lin Şufen hem ýardam berýär.

Lin Şufen 1991-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir. Ol 1996-njy ýylda Atlanta şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy. Tälimçi türkmen ýygyndysy bilen geçen ýylyň güýzünden bäri işleşip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda türkmen agyr atletikaçylary dekabr aýynda Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II ýaryşynda, şu ýylyň fewralynda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda we aprelde Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda medallara mynasyp boldular.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar