48-nji Ko­pa Ame­ri­ka

21 Iýun 2024
85

Fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky iň ga­dy­my ýa­ryş ha­sap­lan­ýan Ko­pa Ame­ri­ka – Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň çem­pio­na­ty ABŞ-da ge­çi­ril­er. Soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na bi­len Ka­na­da­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka ýa­ry­şy­nyň il­kin­ji oý­ny bo­lar. Çem­pio­na­ta 16 ýy­gyn­dy – Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň äh­li to­pa­ry (10) bi­len bi­le­lik­de, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan hem 6 ýy­gyn­dy we­kil­çi­lik ed­ýär. «A» to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na­nyň, Pe­ru­nyň, Çi­li­niň, Ka­na­da­nyň, «B» to­par­ça­da Mek­si­ka­nyň, Ek­wa­do­ryň, We­ne­sue­la­nyň, Ýa­maý­ka­nyň, «C» to­par­ça­da ýer eýe­le­ri ABŞ-nyň, Urug­wa­ýyň, Pa­na­ma­nyň, Bo­li­wi­ýa­nyň, «D» to­par­ça­da-da Bra­zi­li­ýa­nyň, Ko­lum­bi­ýa­nyň, Pa­rag­wa­ýyň hem-de Kos­ta Ri­ka­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar. To­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar Aş­ga­bat wag­ty bi­len 03:00-da, 05:00-da hem-de 06:00-da baş­la­nar.

Her to­par­ça­da 1-2-nji or­ny eýe­län­ler ýa­ry­şy do­wam eder. Çär­ýek fi­na­lyň oýun­la­ry 5-6-7-nji iýul­da, ýa­rym fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry 10-njy we 11-nji iýul­da oý­na­lar. 3-nji ýer üçin du­şu­şyk 14-nji iýul­da oý­nal­sa, fi­nal 15-nji iýul­da ge­çi­ri­lip, 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka­nyň çem­pio­ny bel­li bo­lar.

Beýleki habarlar