"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň 2024-nji ýyl­da­ky 5-nji sa­ny oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di. Žur­na­lyň il­kin­ji sa­hy­pa­la­ryn­da 18-nji maý­da bel­le­ni­len Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li paý­la­şy­lan «Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň syn­maz sü­tün­le­ri» at­ly ma­ka­la ýer­leş­di­ri­lip­dir. «Mer­te­be be­lent­li­gi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan çy­kyş bol­sa Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň paý­tag­ty­myz­da bi­na bo­lan ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Täze neşir — köňülleriň paýhasy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 17-nji ma­ýyn­da gö­zel Kö­pet­da­gyň ete­gin­de akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ýa­dy­gär­li­gi hem-de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Be­ýik­li­gi 60 met­re deň bo­lan, ýüz­ler­çe ton­na bü­rünç­den bin­ýat bo­lan bu ýa­dy­gär­lik dün­ýä bi­na­gär­li­gin­de söz sun­ga­ty­na, şa­hy­ra ba­gyş­la­nan iň be­ýik bi­na­dyr. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň öz akyl­dar şa­hy­ry­na nä­hi­li be­lent de­re­je­de hor­mat goý­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ta­ry­hy Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­ny­lan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň hem şol ta­ry­hy gün­de oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy has-da çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.

Dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan 7 me­dal

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­tan­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar Pe­ruw­da ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 7 me­dal ga­zan­dy­lar

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len tä­ze tap­gyr­lar­da ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­tan­da we­los­por­tuň na­za­ry­ýe­ti we usu­ly­ýe­ti bo­ýun­ça ki­tap ne­şir edil­di

Wakalar we seneler

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 1-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. Oňa gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­den­ti, Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da, şy­pa­ly Gök­de­re­de hem-de we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Ça­ga­lar dynç alyş wag­ty gy­zyk­ly ge­ze­lenç­ler et­di­ler, aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik we sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­naş­dy­lar, ýur­du­my­zyň ta­ny­mal adam­la­ry bi­len du­şuş­dy­lar. To­mus gün­le­ri okuw­çy­lar dür­li ugur­lar­da, şol san­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ne we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne de­giş­li bi­lim­le­ri­ni­dir ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­dy­lar.

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko — kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Oleg Ko­no­nen­konyň kosmos giňişliginde görkezýän netijelerine bu gün dünýä şaýat bolýar. Golaýda ol Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren dün­ýä­de il­kin­ji adam bol­dy. Bu ba­ra­da «Ros­kos­mo­s» döwlet korporasiýasyna sal­gy­la­nyp, TASS habarlar agentligi ha­bar ber­ýär.

To­mus ýat­la­ma­la­ry

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 To­mus pas­ly çog­ly ys­sy­sy bi­len bir ha­tar­da ýü­rek­le­ri­miz­de go­ýan ýat­la­ma­la­ry bi­len hem kal­by­my­za ýy­ly­lyk eçil­ýär. Ça­ga­jyk­la­ryň söý­gü­li pas­ly to­mus uly-ki­çi hem­me­le­riň dynç al­ýan pas­ly. Maş­ga­la bo­lup gu­ral­ýan ge­ze­lenç­ler, sy­ýa­hat­lar to­mus pas­ly­nyň kal­by­myz­da ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry bi­len ar­zy­lan­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri­dir.

Türkmen te­bi­gat­ynyň te­bi­gy­lygy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­men hal­ky ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap, te­bi­ga­ta ýa­kyn du­ran, ony ýa­şaý­şyň çeş­me­si ha­sap­lan halk­dyr. Te­bi­gat­da te­bi­gy­lyk bar. On­da hiç zat ýa­sa­ma däl. Te­bi­ga­tyň bu aý­ra­tyn­ly­gy hal­ky­my­zyň süň­ňü­ne, me­de­ni­ýe­ti­ne, ru­hy dün­ýä­si­ne si­ňip gi­dip­dir. Top­rak ýa­ly sa­ha­wat­ly hal­ky­myz ga­dy­my­ýet­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir­ler. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­le­şen bu yn­san­per­wer däp­ler hä­zir­ki wagt­da tä­ze­çe maz­mun bi­len baý­la­şyp, tä­ze­çe rö­wü­şe eýe bol­ýar.

Eko­lo­gi­ýa baý­ram­çy­lyk­la­ry

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ýan­war aýy

Tü­ken­me­ýän baý­lyk

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ylym-bi­lim — ba­ha­syz ha­zy­na. Ýur­duň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň ylym-bi­lim bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­miz­de ylym-bi­li­me hö­we­sek ýaş­lar üçin oka­ma­ga, öw­ren­mä­ge, bi­lim al­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ojak­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry­nyň hem-de or­ta mek­dep­le­riň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­lip, ola­ryň ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ryň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­me­gi ýur­du­myz­da ylym-bi­li­miň has-da gül­läp ös­me­gi­ne ge­tir­di.

Bi­lim äle­mi­niň ba­dal­ga­sy

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Türk­men per­zen­di­ni asyl­ly sy­pat­lar­da ke­ma­la ge­tir­mek we­zi­pe­si ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň mek­de­be çen­li bi­lim we ter­bi­ýe işi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem hä­zir­ki wagt­da mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň mad­dy en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na, san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işle­ri­niň usu­ly­ýe­ti­niň baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na, şol san­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­me­giň yl­my esas­la­ry­na da­ýan­ýan mil­li pe­da­go­gi­ka­nyň usu­ly­ýe­ti çuň­ňur öw­re­nil­ýär we tej­ri­be­ler ar­ka­ly ber­ki­dil­ýär. Çün­ki Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, «Ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan bi­lim­li-ter­bi­ýe­li, ýo­ka­ry ah­lak­ly şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek bi­lim ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ryň, bi­ziň her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des borç­la­ry­myz­dyr».

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri, daş­ky gur­şa­wy ýa­ra­maz tä­sir­ler­den go­ra­mak bu gün tu­tuş dün­ýä­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny we gö­zel­li­gi­ni go­ra­mak, bu gym­mat­ly baý­ly­gy gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýö­red­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýurt Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, çog­ly Gü­ne­şe baý top­ra­gy­my­zyň köpdür­li öwüş­gin­li te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak, ýe­rüs­ti we ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Jo­gap­kär­li oý­na taý­ýar­lyk

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Hä­zir­ki wagt­da Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şähe­rin­de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy 1-nji iýun­da Gren­lan­di­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry bi­len hal­ka­ra ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Bu du­şu­şy­gy ne­ti­je­li ge­çi­ren mil­li ýy­gyn­dy­myz gar­şy­da­şyn­dan 5:0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­za ýe­ňiş ge­ti­ren top­la­ry El­man Ta­ga­ýew (2), Di­dar Dur­dy­ýew, Şa­na­zar Tir­ki­şow hem-de Ali­bek Ab­dy­rah­ma­now öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar.

Bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan, Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýedir.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 28-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň uly mej­lis­ler za­lyn­da «Ta­lyp joş­gu­ny — 2024» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di.

Ulu­dan toý­lan­ýan sport baý­ra­my

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Sport — yn­san öm­rü­niň mü­di­mi­lik hem­ra­sy. Ta­ryh sahypalary spor­tuň yn­san sag­ly­gy­na peý­da­sy­nyň, yn­sa­nyň spor­ta bo­lan söý­gü­si­niň soň­suz­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Sport di­ňe bir sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň göz­ba­şy däl, eý­sem pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem ke­pi­li­dir. XIX asyr­da ýa­şap ge­çen fran­si­ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri Pýer de Ku­ber­te­niň spor­ta ba­gyş­la­nan oda­syn­da­ky: «Eý, sport! Sen — pa­ra­hat­çy­lyk!» di­ýen se­tir­le­ri hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Öň­den gel­ýän baý­ram­çy­lyk­lar bol­sa ge­çen ýyl­ky­lar­dan has-da da­ba­ra­ly­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 3-nji iýun­da bel­len­ilýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ni gu­ra­mak öz­bo­luş­ly dä­be öw­rül­di. Em­ma bu ýyl bu se­ne di­ňe bir we­lo­si­ped ýö­ri­şi gör­nü­şin­de ge­çi­ril­mek bi­len çäk­len­män, Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesiniň «We­lot­rek» sport top­lu­myn­da 27-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da «Siz bi­len sport­da ga­dam­lar bat­ly, // Ak gel­je­ge ýö­rel­gä­miz Ar­ka­dag» at­ly we­lot­rek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le-de baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li 31-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­los­port bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Te­jen — Aş­ga­bat

Tebigaty söýmek — Watany söýmek

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da we dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ra aýaw­ly çe­me­leş­mek ug­run­da döw­let we dün­ýä möç­be­rin­de bir­nä­çe iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bir­nä­çe Ka­nun­lar ka­bul edil­ýär.