«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024
Türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik işleriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna, şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň mukaddes borçlarymyzdyr».