"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ruhy tämizligiň baýramy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Adam­za­dyň me­de­ni ösü­şi­niň be­lent ru­hy we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň mil­li däp-des­sur­la­ry­nyň bin­ýa­dy kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer ýö­rel­geleri­ne da­ýan­ýar. Gözbaşyny ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan Gur­ban baý­ra­my­ny ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de bel­le­mek türk­men hal­ky­nyň asyl­ly däp­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu asyl­ly ýö­re­lge­ler ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ri­lip­dir. Bu baý­ram türk­me­niň ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­lyk, ýo­ka­ry ru­hy-ah­lak, pä­him-paý­has gym­mat­lyk­la­ry­ny giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýar.

Bio­teh­no­lo­gi­ýa — «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm pu­da­gy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Her döw­rüň çöz­gü­di­ni tap­ma­ly me­se­le­si, öz düz­gü­ni bar. Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösen hä­zir­ki döw­rün­de bu me­se­le­ler yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Bu­lar bol­sa «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet diý­len dü­şün­je bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. «Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet, esa­san, dört ugur bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýär. Olar eko-, na­no-, bio- we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­lan­ýar. Bu­la­ryň her bi­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gin­de aý­ra­tyn uly or­ny bar­dyr. Bio­teh­no­lo­gi­ýa yl­my hem şo­la­ryň bi­ri hök­mün­de mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2024

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 2024-nji ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu da­ba­ra­ly çä­rä ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.

Bagtly çagalygyň mekany

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Hä­zir­ki wagt­da to­mus pas­ly­nyň şat­lyk­ly gün­le­ri­ni baş­dan ge­çir­ýän bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň my­na­syp dynç alyş­la­ry­ny, wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çi­riş­le­ri­ni syn­la­nyň­da mi­ze­mez dur­muş ha­ky­kat­la­ry bi­len ýe­ne bir ýo­la ýüz­be-ýüz bol­ýar­syň. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de wagt­la­ry­ny hoş­luk­da ge­çir­ýän ça­ga­la­ryň şat­ly­gy­ny syn­la­nyň­da, hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň ça­ga­lar ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de ed­ýän çäk­siz ala­da­la­ry­nyň öz mi­we­si­ni bol­luk bi­len eçil­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Çagalar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň körpeleriň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak ba­bat­da­ky ta­lap­la­ry he­mi­şe baş ýö­rel­ge, ugur gör­ke­zi­ji bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçi­nem bu ýer­le­re ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­den gel­ýän ça­ga­lar bi­len iş­leş­mek­de TKA-nyň Bal­kan we­la­ýat, et­rap-şä­her bir­leş­me­le­ri ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te me­ýil

Ýaş alym­la­ry sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 12-nji iýu­n­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýaş alym­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­ýar.

Päl­wan­la­ry­my­zyň üs­tün­lik­le­ri

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de Ku­raş bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty hem-de Hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Ola­ra se­bi­tiň 20 döw­le­tin­den 200-e go­laý tür­gen gat­naş­dy.

Parahatçylyk ilçisi

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­ly­gy, ýet­miş iki saz gu­ra­ly­nyň naý­ba­şy­sy, iki ki­riş­li, on üç per­de­li du­tar türk­me­niň ak öýü­niň tö­rü­niň gel­şi­gi, toý-baý­ram­la­ryň şa­ga­laň-şow­hu­ny­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri bo­lup­dyr.

Gurban baýramy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Häzirki wagtda her bir gü­nü­miz toý­dur baý­ram­la­ra bes­le­nip, toý­la­ry­myz to­ýa ulaş­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ama­la aşy­ryl­ýan her bir tu­tum­ly baş­lan­gyç­lar­da Gah­ry­man Arka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän hal­ky­my­zyň asu­da, aba­dan, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­ra­da­ky be­lent mak­sat­la­ry dur­ýar.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Bi­ziň ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr. Adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bol­sa döw­le­ti­mi­ziň baş ala­da­sy. Bu hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýän baş ugur­dyr. Yn­san üçin sag­lyk­dan uly baý­lyk ýok­dur. Döw­let üçin ra­ýat­la­ryň jan sag­ly­gy iň uly baý­lyk. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen ýö­rel­gäniň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da uly öňe­gi­di­şlik­ler ga­za­nyl­ýar.

Ruhubelentlige beslenen baýram

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 82-nji mej­li­sin­de «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» at­ly Ka­rar­na­ma BMG-niň äh­li ag­za ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. De­giş­li Ka­rar­na­ma­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň hem­me­si­ne, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni ge­çir­mek, şol gü­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak hem-de ol ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­mak iş­le­ri­ni ge­çir­mek bel­le­nil­ýär. Bu hoş ha­bar şol pur­sat­lar­dan baş­lap, öz tä­sir­li­li­gi­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. Gah­ry­man Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry­nyň Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, mil­li spor­ty ös­dür­mek ba­ra­da­ky alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­ka­ry gö­te­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Belent sarpa

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­me­niň be­ýik og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň se­tir­le­ri­ni okap, onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne dü­şün­mek ýa­şa­ý­şyň syr­la­ry­na akyl ýe­tir­mek diý­mek­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we­li­lik bi­len aý­dan se­tir­le­rin­den yl­ham alyp, onuň ru­hy dün­ýä­si­niň gym­ma­ty­na ara­laş­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miziň bu ugur­da alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri şahyryň paý­has dün­ýä­si­ni aç­ma­ga gö­nük­di­ri­­len­dir. Şol kämil ýö­rel­ge­ler dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne hem uly ba­dal­ga ber­ýär.

Mag­tym­gu­ly, söz­le her­ne bi­le­niň!

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­dy­gy­myz: «Her bir hal­kyň be­ýik­li­gi onuň öňe çy­ka­ran, dün­ýä be­ren şah­sy­ýet­le­ri­niň be­ýik­li­gi­ne ba­ra­bar bol­ýar. Kö­ňül­le­riň we dö­wür­le­riň şa­hy­ry, adam­za­dyň iň gö­zel, iň tä­miz duý­gu­la­ry­nyň aý­dym­çy­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy be­ýik­li­gi­dir. Be­ýik şa­hy­ryň bi­ze go­ýup gi­den mi­ra­sy öz­bo­luş­ly ter­bi­ýe mek­de­bi­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.

Tamdyr keramaty

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­men top­ra­gy­nyň ke­ra­ma­ty bar. Bu ke­ra­mat ata Wa­ta­nyň her da­ban ýe­rin­den baş­lap, ýe­ke gy­sym gu­mu­ny­ňam süň­ňüne si­ňip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz dün­ýä­niň gö­zel-gö­zel ýer­le­ri­ne seýran et­se­ler-de, ahy­ryn­da öz ýur­du­na do­la­nyp­dyr­lar. Bu top­rak üçin gö­re­şip­dir­ler, go­rap­dyr­lar. Goý­nun­da owal-ahyr bol be­re­ket eçi­lip, üs­tün­de Oguz han, Gor­kut ata, Gö­rog­ly beg ýa­ly be­ýik şahsyýet­leri ýe­tiş­di­ren bu ga­dy­my top­rak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men hal­ky­nyň bolelin ýa­şa­ma­gy üçin ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de öz gud­ra­ty­ny gör­kez­di. Türk­me­niň top­ra­gy gör­lüp-eşi­dil­me­dik ak pag­ta­nyň, ak bug­da­ýyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny eçil­di. Mu­kad­des top­ra­gyň be­re­ket­li ak bug­da­ýy­nyň ke­ra­ma­ty türk­men tam­dy­ry­na-da ge­çip­dir.

Ko­reý me­de­ni­ýe­ti

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Ko­reý me­de­ni­ýe­ti bir­nä­çe müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ösüp, dün­ýä­de tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan baý we ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň bi­ri­dir. Ol asyr­la­ryň do­wa­myn­da öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, sun­ga­ty­ny we ede­bi­ýa­ty­ny kä­mil­leş­di­rip­dir. Bu me­de­ni­ýe­tiň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bir­nä­çe ugur­lar­da göz­den ge­çi­re­liň:

Be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Sport ru­hu­be­lent ýa­şaýşyň göz­ba­şy­dyr» di­ýip, aý­ra­tyn bel­läp geç­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan ugur alnyp, be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si­ne hem öz­bo­luş­ly äh­mi­ýet ber­lip baş­lan­dy. Sport sag­ly­gyň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si — bu ke­sel­le­riň we șikes­len­me­le­riň be­jer­gi­sin­de, ke­sel­le­rin gaý­ra üzül­me­le­ri­niň öňüni al­mak­da, işe ukyp­ly­ly­gy di­kelt­mek­de be­den­ter­bi­ýe se­riş­de­le­ri­ni ulan­ýan öz­baş­dak ulgam der­si­dir. Be­de­niň ýașaýyş funk­si­ýa­la­ry­ny hö­wes­len­di­ry­än esa­sy se­rișde fi­zi­ki maşk­lar bo­lup dur­ýar­. Be­je­riș be­den­ter­bi­ýe­si hä­zir­ki döw­ürde top­lum­la­ýyn be­je­ri­şiň iň wa­jyp dü­züm bö­le­gi­dir. Top­lum­la­ýyn be­je­ri­şiň esa­syn­da her şah­sy­ýe­te aý­ra­tyn saý­la­nyp al­nan be­je­riş usul­la­ry we se­rișde­le­ri hi­rur­gi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa, be­je­riş iý­mit­le­niş, der­man be­je­ri­şi we bașga­lar ýa­tyr. Top­lum­la­ýyn be­je­rișde funk­sio­nal (ișjeň­lik) te­ra­pi­ýa usu­ly hök­mün­de be­je­riş

Sport hakynda gyzykly maglumatlar

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Uly ýaş­da­ky­lar üçin ten­nis, suw­da ýüz­mek we we­lo­si­ped sür­mek sportuň iň peý­da­ly gör­nüş­le­ri­dir.

Ke­nar­da­ky ýa­kym­ly pur­sat­lar

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dö­re­di­len äh­li şert­ler di­ňe bir to­mus paslynda däl, eý­sem ýy­lyň beý­le­ki pa­syl­la­ryn­da dynç al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry, da­şa­ry ýurt myh­man­la­ry bu ýer­de dö­re­di­len döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­la­nyp, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dynç alyp bil­ýär­ler. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry­ny be­ze­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da şu gün­ler to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär.

Gün­den go­ra­na­lyň!

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Gün şöh­le­si­niň gyz­gyn­ly­gy ýyl-ýyl­dan ar­typ, bu ýag­daý, aý­ra­ty­nam, Gün şöh­le­si­niň ýi­ti we dik düş­ýan möw­sü­mi bo­lan to­mus pas­lyn­da has-da güýjeýär. Dog­ry ka­bul edi­len­de, D wi­ta­mi­niň çeş­me­si bo­lan Gün şöh­le­si­niň muk­da­ry art­sa, adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir edip, jöw­za­ly ys­sy­da Gün ur­ma ha­dy­sa­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin bol­sa Gün­den go­ran­mak ze­rur­dyr.

Aşgabat —Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Sport ýa­ryş­la­ry di­ýil­se, me­dal­lar­dyr ku­bok­lar, re­kord­lar­dyr ýo­ka­ry ne­ti­je­ler göz öňün­de jan­lan­ýar. Bu spor­tuň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Sport hak­da gür­rüň edil­se, mil­le­ti­ne, ýa­şy­na ga­ra­maz­dan, adam­la­ryň jem­le­nip, bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän pur­sa­ty ha­ky­da­da peý­da bo­lar. Bu ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Sport diý­mek, bir söz bi­len aýt­ma­ly bol­sa, her bir ada­myň dur­mu­şy­ny öz içi­ne al­ýar. Üs­tün­lik­le­riň çür ba­şy­na çy­kan ada­ma ýe­ňi­ji, sport­da bol­sa çem­pi­on di­ýil­ýär. Diý­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak di­ňe bir özü­ňi beý­gelt­mek däl, eý­sem ata Wa­ta­ny­ňy hem beý­gelt­mek di­ýen dü­şün­jä­ni öz içi­ne al­ýar.

Ar­zy­ly ke­na­ryň gu­ja­gyn­da

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyny ös­dür­mek­ ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.