«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024
Gahryman Arkadagymyz: «Sport ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr» diýip, aýratyn belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bejeriş bedenterbiýesine hem özboluşly ähmiýet berlip başlandy. Sport saglygyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bejeriş bedenterbiýesi — bu keselleriň we șikeslenmeleriň bejergisinde, kesellerin gaýra üzülmeleriniň öňüni almakda, işe ukyplylygy dikeltmekde bedenterbiýe serişdelerini ulanýan özbaşdak ulgam dersidir. Bedeniň ýașaýyş funksiýalaryny höweslendiryän esasy serișde fiziki maşklar bolup durýar. Bejeriș bedenterbiýesi häzirki döwürde toplumlaýyn bejerişiň iň wajyp düzüm bölegidir. Toplumlaýyn bejerişiň esasynda her şahsyýete aýratyn saýlanyp alnan bejeriş usullary we serișdeleri hirurgiýa, fizioterapiýa, bejeriş iýmitleniş, derman bejerişi we bașgalar ýatyr. Toplumlaýyn bejerișde funksional (ișjeňlik) terapiýa usuly hökmünde bejeriş bedenterbiýesiniň ähmiýeti uludyr. Çünki fiziki maşklar ähli bedeniň işjenligine täsir edýärler. Bejeriş bedenterbiýesi näsaglaryň aň düşünjeli we işjeň fiziki maşklaryň ýerine ýetirmeklerini göz öňünde tutýar.