"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Anyk wezipeler, oňyn çözgütler

Häzirki wagtda oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, obasenagat toplumynda we sebitlerde möwsümleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Baş alada — eşretli durmuş, bagtyýar geljek

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylyp, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Ahal we Mary welaýatlarynda döwrebap gidrotehniki desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy munuň aýdyň güwäsi boldy.

Dostlukly gatnaşyklaryň miweleri

Ata Watanymyzyň daşary syýasatynda Ýakyn Gündogar sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýeti we özboluşly medeniýeti bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilim hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryndan ybarat topar dostlukly ýurduň ady agzalan Diplomatik Akademiýasynda okuw sapaklaryny geçdiler. «Halkara aragatnaşyklar: BAE-niň syýasaty, medeniýeti we ykdysady ugurlary» atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň geçen sapaklary diýseň täsirli boldy. BAE-niň Halypa diplomatlar geňeşiniň başlygy doktor Saýid Al Şamsiniň dostlukly döwletiň taryhy, daşary syýasatynyň esasy ugurlary, medeniýeti, ykdysadyýeti boýunça beren sapagy bizde uly gyzyklanma döretdi. Akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýuminiň, Ýakyn Gündogaryň syýasaty

Baýramçylyk dabarasy

Golaýda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan kärhananyň merkezi diwanynyň işgärleriniň we edara-kärhanalaryň arasynda geçirilýän Spartakiadalara işjeň gatnaşýan türgenleriň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi. Uly ruhubelentlige, joşguna beslenip geçirilen medeni çärede çagalar üçin «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny we «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa görkezildi.

Sungat ýürekleri birleşdirýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ildeşlerimiz, aýratyn hem, ýaşlar estrada ýyldyzlarynyň şüweleňlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde meşhur estrada ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.

Şahandaz halkyň wäşileri okyjylarymyza iň gowy arzuwlaryny aýdýarlar

Her birimiz Täze ýylyň sepgidinde ömrüň iň ýakymly pursatlary hakyndaky süýji ýatlamalara berlenimizi duýman galýarys. Öz ýanyňdan geçen günlere nazar aýlap, täze bat, täze gadam bilen täze ýyla aýak basýarsyň. Her ýyl bolşy ýaly, 2024-nji ýyl hem watandaşlarymyz üçin iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, biz hem baýramçylyk günlerinde şahandaz halkymyzyň wäşi ogullary, ykbalyny sahna baglan ussatlar — Tikgi, Potdyş, Çepbe we Garly kaka bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Siz Täze ýyla taýýarmy?

Ýer planetasynyň Günüň daşyndan bir gezek doly aýlanmagy bilen tamamlanýan 365 gün «1 ýyl» diýlip atlandyrylýar. Ýylyň tamamlanyp, täze ýylyň başlanmagy bolsa dünýäniň çar künjünde uly şowhun bilen bellenilýär. Eýýäm noýabr aýynyň soňky hepdesinden Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli söwda merkezlerinde arzanlaşyklar başlaýar. Dekabryň gelmegi bilen bolsa bütin dünýä Täze ýyl baýramynyň ruhuna girýär. Daş-töwerekdäki bezelen arçalar, Aýazbabalar, sowgatly torbalar... baýramyň golaýlaşyp gelýändiginiň buşlukçysydyr. Eýsem, siz Täze ýyla taýýarmy?! NÄME ÜÇIN TÄZE ÝYLY BELLEÝÄRIS?

Duýguly dünýä

HOŞ GELDIŇ, TÄZE ÝYL! Ýürekleri gülki bilen dolduryp,Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!Günleň gujagynda aýdym galdyryp,Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!

Şygryýet çemeni

«DÄLIBAL» FILMINDEN SOŇKY OÝLANMA Dälibalym!Dälibalym!Dälibal!Haly harap hyýallaryň goý indi.Telbelenip joşa düşen köňüldeYşkyň pelsepesi aýan göründi.

Şygryýet älemi

WATANYMYŇ TÄZE ÝYLY Her kim seni janu-tenden söýýändir,Her kim seni goraýandyr mençeräk.Watan, gökde pasyrdadyp baýdagňy,Bu ýyl kimler daşgyn, joşguny bilenAbraýyňa abraý goşdy çemçeläp.

Aýagyň düşsün, 2025! (Durmuş we biz)

Eýýäm üçje gün galaýypdyr geleriňe. Köçeler ýene şagalaňa beslenipdir. Bir-iki sapar gar dagam ýagdy. Mazaly sowady howalaram. Şunça adamlar ýene seniň geleriňe howlugýarlar. Dünýäniň süýjüden-süýji günleriniň, başdan geçirilmeli gowulyklaryň, ýürekde beslän arzuwlarynyň hasyl bolary üçin hemme senden umytda. Üsti naz-nygmatdan doly saçaklaram hut şol yrym bilen ýazylýar. Her ykbala alyp geljek şohlugyňy, dile getirilmese-de, her kimiň şol bolluk bilen ölçäsi gelýär. Şeýdibem, tutuş Zemin bolup seni garşylaýarys. Hasam çagalar gowy görýär seni. Dükanlardan sowgat baryny ýüklenip, öýe gelýän kakalaryna garaşmak, goşgy aýdyp, arçanyň daşyndan aýlanmak häzir olar üçin nähili ýakymlydyr. Ynsan jady diýilýän zada özüniň iň arassa duýgulary bilen ynanýar, iň arassa arzuwlaryny siňdirýär. Onuň bu duýgulary uly adam çykansoň hem ýatlaýanlygy şondan. Köçeden alagoh bolşup, Medeniýet öýüniň öňündäki arça tarap howlugyp barýan çagalary görüp ýylgyryşyma, birden hyýalymda olara goşulyşyp gidiberesim, edil şolaryňky ýaly, Aýazbabanyň başgabyny geýip, surata düşesim geldi. Çagakak töweregiň oglanlary bolup, Täze ýyl agşamy münjek ulagymyzy zer bilen bezeýşimiz, köçeme-köçe aýlanyp, adamlary Täze ýyl bilen gutlap, el salgaýşymyz ýadyma düşse

Şygryýet bossany

DOSTUMA Badyhowa ýaşlyk sowuldy eýýäm,Besdir, ýel ugruna her ýana ykdyk.Azapsyz, «Alma biş, agza düş» diýmän,Soňsuz arzuwlaryň gözlegne çykdyk.

Ylham joşguny

ÖTÜNÇ Umyt aýnaňy döwdüm,Etdim-de pagyş-para.Ynjytdym men göwnüňi,Galdym şum gargyşlara.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary boldy. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Möhüm meselelere garaldy

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ahalda

Il saglygy — bagtyýarlyk

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Milli Liderimiz bu ýerde gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy. Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.

Suw üpjünçilik ulgamy kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Diýarymyzda dünýäniň estrada ýyldyzlary

Eziz Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri bilen tamamlanyp barýan ýene bir ýyly arka atyp, täze — 2025-nji ýylyň bosagasynda dur. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjegi şowhunly dabaralar, göwün göteriji çäreler bilen gurşaldy. Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alyp, tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, şu günler paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda konsert maksatnamalary dowam edýär. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan konsertler Aşgabadyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döredip, tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak ýakymly wakalarynyň birine öwrülýär.

Bereket çeşmeli ammar

Ýurdumyzda ýetişdirilen ter miweler, gök-bakja önümleri bilen ak bazarlarymyzy, söwda nokatlarymyzy ýylyň ähli paslynda üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli welaýatlarymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň, gök-bakja, miwedir ir-iýmişleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şeýle desgalaryň biri-de Daşoguz welaýatyndaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin niýetlenen ammardyr. 3 müň tonna barabar önümleri saklamaga niýetlenen bu desga 2016-njy ýylda işe girizildi. Ol ýerde miwe we gök-bakja önümleriniň ýylyň ähli paslynda-da ilata terligine ýetirilmegi üçin şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen ýylyň başyna şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök we miwe önümleri satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär. Hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu bolsa sahawatly toprakdan bol hasyl alyp, ykbalyny topraga baglan ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň öz kärine söýgüsini artdyrýar.

Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Düýn — 27-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Çagalar awtoşäherçesinde «Garaşsyz Watanymyza Täze ýyl geldi!» atly dabara geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan 4-5-nji synp okuwçylar gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň görkezen çykyşlary çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.