Diýarymyzda dünýäniň estrada ýyldyzlary

2 gün öň
58

Eziz Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri bilen tamamlanyp barýan ýene bir ýyly arka atyp, täze — 2025-nji ýylyň bosagasynda dur. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjegi şowhunly dabaralar, göwün göteriji çäreler bilen gurşaldy. Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alyp, tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, şu günler paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda konsert maksatnamalary dowam edýär. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan konsertler Aşgabadyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döredip, tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak ýakymly wakalarynyň birine öwrülýär.

Mährijemal ÇARYÝEWA,
«Watan».