Aýagyň düşsün, 2025! (Durmuş we biz)

1 gün öň
60

Eýýäm üçje gün galaýypdyr geleriňe. Köçeler ýene şagalaňa beslenipdir. Bir-iki sapar gar dagam ýagdy. Mazaly sowady howalaram. Şunça adamlar ýene seniň geleriňe howlugýarlar. Dünýäniň süýjüden-süýji günleriniň, başdan geçirilmeli gowulyklaryň, ýürekde beslän arzuwlarynyň hasyl bolary üçin hemme senden umytda. Üsti naz-nygmatdan doly saçaklaram hut şol yrym bilen ýazylýar. Her ykbala alyp geljek şohlugyňy, dile getirilmese-de, her kimiň şol bolluk bilen ölçäsi gelýär. Şeýdibem, tutuş Zemin bolup seni garşylaýarys.

Hasam çagalar gowy görýär seni. Dükanlardan sowgat baryny ýüklenip, öýe gelýän kakalaryna garaşmak, goşgy aýdyp, arçanyň daşyndan aýlanmak häzir olar üçin nähili ýakymlydyr. Ynsan jady diýilýän zada özüniň iň arassa duýgulary bilen ynanýar, iň arassa arzuwlaryny siňdirýär. Onuň bu duýgulary uly adam çykansoň hem ýatlaýanlygy şondan. Köçeden alagoh bolşup, Medeniýet öýüniň öňündäki arça tarap howlugyp barýan çagalary görüp ýylgyryşyma, birden hyýalymda olara goşulyşyp gidiberesim, edil şolaryňky ýaly, Aýazbabanyň başgabyny geýip, surata düşesim geldi. Çagakak töweregiň oglanlary bolup, Täze ýyl agşamy münjek ulagymyzy zer bilen bezeýşimiz, köçeme-köçe aýlanyp, adamlary Täze ýyl bilen gutlap, el salgaýşymyz ýadyma düşse, süňňümi şu wagt hem şol duýgular gaplap alýar. «Ylaýym, siziňem Täze ýylyňyz gutly bolsun, balalar! Ak gyz ýoldaşyňyz bolsun!» diýip, törlerindäki Täze ýyl saçagyna mürähet edýän daýzalar göz öňüme gelýär. Olaryň şol Täze ýyl gijesi dillerinden çykan arzuwlary ýyllar geçip, herimizi bir öý-işik, herimizi bir maşgalanyň atasy etdi.

Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyň Bäherden etrap geňeşiniň başlygy.