Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

2 gün öň
54

Düýn — 27-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Çagalar awtoşäherçesinde «Garaşsyz Watanymyza Täze ýyl geldi!» atly dabara geçirildi.

Oňa Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde bilim alýan 4-5-nji synp okuwçylar gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň görkezen çykyşlary çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».