G7 Merkezi Aziýa maýa goýmakçy
G7 ýurtlary Merkezi Aziýadaky infrastruktura taslamalaryna 200 milliard dollara çenli maýa goýmaga taýyndygyny mälim etdi. Gazagystan şeýle maýa goýumlarynyň esasy ugurlaryndan biridir. BMG-niň habar berşi ýaly, bu barada ABŞ-nyň Global infrastruktura we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ýörite utgaşdyryjysy Helaina Matza Gazagystanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň esasy maksady, dünýäde azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmekdir. Maksatnama laýyklykda, G7 ýurtlary – Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ 2027-nji ýyla çenli ösýän ýurtlara 600 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär. Şolardan 200 milliard dollary Merkezi Aziýa üçin niýetlenendir.