ARKADAG ÝYLDYZY ASMANDA – ARKADAG ŞÄHERI ZEMINDE ŞÖHLE SAÇÝAR

2 Awgust 2024
81

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tu­tu­lan uly toý-da­ba­ra­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň, je­bis­li­gi­mi­ziň, ga­zan­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň be­genç-buý­sanç­ly be­ýa­ny­na öw­rül­di. Şat­lyk­ly toý gü­nün­de as­man ji­sim­le­ri­ni öw­ren­ýän «Kos­mos-Ýer» jem­gy­ýe­tin­den älem gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň bi­ri­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy il­deş­le­ri­mi­ziň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny has-da art­dyr­dy. Mu­nuň özi älem-ja­ha­nyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len bu aja­ýyp kün­jek­de ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re bil­dir­ýän buý­san­jy­nyň öz­bo­luş­ly şöh­le­len­me­si­dir. Älem gi­ňiş­li­gin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan as­man ji­si­mi­ne «Ar­ka­dag» ady­nyň da­ky­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­nyň, şeý­le-de te­les­ko­pyň we onuň dü­şü­ren su­rat­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­ne gow­şu­ryl­ma­gy bol­sa, Ar­ka­dag­ly eý­ýa­my­myz­da älem­şy­nas­ly­gyň ös­me­gi üçin uly iş­le­riň yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len, bu ugur­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­ri tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy. Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny mynasyp dowam etdir­ýän hor­mat­ly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bi­na bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri bol­sa şu gü­nüň hem gel­je­giň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny dö­ret­mek­dä­ki we gur­mak­da­ky mek­dep­dir. Tä­ze şä­her hal­ka­ra sy­lag­la­ryň eý­ýäm 21-si­ne my­na­syp bol­dy. Şä­he­riň gur­lu­şy­gyn­da ýa­şaý­jy­lar üçin iň amat­ly, ra­hat we howp­suz şert­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­on çöz­güt­le­riň we «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň aň­ry­baş de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­gy dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de hem haý­ran gal­dyr­ýar.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ýy­gy-ýy­gy­dan iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, şä­he­ri ös­dür­me­giň ikin­ji tap­gy­ryn­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bi­len tan­şyp dur­ýar. Ýa­kyn­da Gahryman Arkadagymyza Çe­per­çi­lik ha­ly kär­ha­na­sy­nyň we se­ýil­gä­hiň taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­sy hem gör­ke­zil­di.

Beýleki habarlar