Plas­ti­ka­ny tab­şy­ran­la­ra ýe­ňil­lik

2 Awgust 2024
116

Abu-Da­bi­niň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry Emir­li­giň hem­me ýe­rin­de gur­lan re­wer­siw en­jam­lar (RVM) ar­ka­ly gaý­ta­dan iş­le­mek üçin plas­tik çüý­şe­le­ri tab­şy­ryp, ýe­ňil­lik­le­ri we bo­nus­la­ry alyp bi­ler­ler. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da ga­lyn­dy­la­ry oý­la­ny­şyk­ly ulan­ma­gy hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Tad­we­er Group» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan se­ýil­gäh­ler­de, hö­kü­met bi­na­la­ryn­da we Abu-Da­bi ho­wa men­zi­lin­de 25 sa­ny RVM otur­dyl­dy.

RVM – bu plas­tik çüý­şe­le­ri we al­ýu­min gap­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň amat­ly usu­ly bo­lup, 2030-njy ýy­la çen­li şeý­le ga­lyn­dy­la­ry 80 gö­te­rim azalt­ma­ga ýar­dam be­rer. Her bir plas­tik çüý­şe ýa-da al­ýu­min gap üçin kre­dit be­ril­ýär. Soň bol­sa bu kre­dit­le­ri dür­li söw­da hyz­mat­daş­la­ryn­dan baý­rak al­mak üçin çal­şyp bo­lar. Hä­zir­ki mak­sat­na­ma­nyň ara­syn­da «No­on.com», «Ama­zon», «Luft­han­sa», «Go­ur­met Lab», «Max», «Less for Marks», «Fil­li», «Emax», «Dream­works Spa» we baş­ga­lar bar.

Beýleki habarlar