Saud Arabystany nobatdaky mega-taslamasyny yglan etdi. Patyşalyk 92 müň orunlyk stadion gurmakçy. Dünýäniň iň uly sport desgalarynyň biri Patyşa Salmanyň adyny göterer. Gurluşygy 2029-njy ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanjak bu stadionda 2034-nji ýylda Dünýä Kubogyny guramak meýilleşdirilýär. Stadionyň meýdany 660 müň inedördül metrden geçer. Stadion oýna tomaşa etmek üçin oňaýly bolar ýaly ýörite sowadyjy ulgam bilen üpjün ediler.