"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Daragt kökünden suw içer

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary barada söhbet Diplomatiýanyň taryhyna ser salsak, soňky bir asyryň dowamynda ählumumy gatnaşyklary ugrukdyrmakda, ýagdaýlaryňdyr wakalaryň barşyna täsir etmekde aýgytly ornuň halkara guramalara degişli bolandygyny görmek bolýar. Halkara syýasatdaky şindiki çylşyrymly ýagdaýlar sebitleýin goşulyşmagy zerur talap hökmünde öňe çykarýar. Şoňa görä-de, hut sebitleýin meýdançalar döwletleriň tiz düşünişip, ylalaşyp, bilelikde ädim ätmeginde amatly hem ygtybarly bolmagynda galýar. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy Ýewraziýa giňişliginde tagallalary utgaşdyrmakda öz ornuny barha berkidýär.

Türki döwletleriň habarlar giňişliginde

«Türki halklar Baýkaldan Balkan ýarymadasyna çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýarlar. Hemmä mälim bolşy ýaly, türki siwilizasiýa öz gözbaşyny Beýik sähradan alyp gaýdýar. Türki Döwletleriň Guramasy bolsa biziň umumy gymmatlyklarymyzyň mirasdüşeri hasaplanýar» diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Astana sammitinde eden çykyşynda Gazagystanyň guramany mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady».

Merkezi aziýaly we koreýaly işewür hyzmatdaşlaryň duşuşygy

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özboluşly itergi beren işewür hyzmatdaşlaryň bu gezekki duşuşyklary mazmun taýdan has baý häsiýete eýe boldy. Sebitiň ýurtlarynyň umumy bähbitlerine laýyk gelýän dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan bu giň möçberli çäreler gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem ýaşlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boldy. 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasynyň» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu çäräni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde gurady. Alty ýurduň döwlet düzümleriniň, Ýaşlar guramalarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürlik assosiasiýalarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça halkara guramalaryň, hususy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşan bu çäräniň dowamynda ýörite ugurla

«Blanc Bleu» – ýagty hem arassa

Özbegistanda mineral suwlaryň önümçiligini alyp barýan «Ocard Group» kompaniýasy ýerli bazarda mynasyp orun almak, şeýle-de Russiýa Federasiýasyna we Ýewropa ýurtlaryna eksport etmek üçin 2021-nji ýylda täze brend suwuny öndürip başlady. Islendik halkyň wekilleriniň göwnünden turmagy üçin, brendiň adyna, çüýşesiniň özboluşly formasyna, etiketkasynyň dizaýnyna döredijilikli çemeleşmek gerek.

«Baskin Robbins» doňdurmasy Hytaý bazaryna çykar

30 ýyla golaý wagtlap rugsatnama bilen «Baskin Robbins» doňdurmasyny öndüren Moskwanyň «БРПИ» (ozalky «Баскин Роббинс Продакшн Интернэшнл Лимитед» kompaniýasy) doňdurma fabrigi «Russiýada öndürilen» haryt nyşany bilen önümlerini Hytaý bazaryna çykarmagy meýilleşdirýär. «Hytaýly müşderiler üçin öndürilmeli doňdurmalarymyz önümçilige we gaplanylmaga doly taýýar ýagdaýda dur. Ýakyn günlerde önümlerimiz Hytaýa barar. Biz öz önümlerimiziň tiz wagtda bölek söwda dükanlarynda, elektron onlaýn söwda meýdançalarynda ýerleşdiriljekdigine berk ynanýarys» diýip, kompaniýanyň baş direktory Agnessa Osipowa gürrüň berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşy

(Astana şäheri, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan — Bütindünýä söwda guramasy: ösüşe barýan ýol

Milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna we innowasion-senagat tehnologiýalaryna geçirmekde, diwersifikasiýalaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ykdysady ulgamyna ygtybarly goşulyşmak, bazar gatnaşyklaryny halkara derejede we kanunçylyk binýatly esasda ýola goýmak maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça 2013-nji ýylda Hökümet topary döredildi. Topar BSG bilen hyzmatdaşlygyň milli bähbitlere laýyk gelýän ähli ugurlaryny içgin seljerdi. Şonuň ýaly-da, gurama agza ýurtlaryň tejribe, agzalyk üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeden itergi bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Kararyna laýyklykda, ýurduň daşary ykdysady işlerine jogapkär ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny girizmek arkaly gürrüňi edilýän Hökümet toparynyň düzümi täzelendi. Gahryman Arkadagymyzyň Birinji Hazar ykdysady forumynyň açylyşynda sözlän sözünde BSG-niň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklary ý

Döwletara dialog pugtalandyrylýar

Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Muňa 1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga gelen Koreýa, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň daşary işler ministrlerini kabul etmegi aýdyň subutnamadyr. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Myhman «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Ýaşlar telekeçiligi işjeň ilerledilýär (Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy)

Özara hormata, bähbide esaslanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi sebitiň umumy bähbitlerine laýyk gelýär. Şunda gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda ýaşlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär.

Doganlyk gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna giň ýol açyldy. Iki dostlukly döwletiň gatnaşyklary ösüşleriň hil taýdan täze derejesine çykdy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenip geçilýär. Şol mynasybetli iki dostlukly döwletiň arasynda medeni maksatnamalaryň birnäçesi taýýarlandy. Ýurdumyzda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygynyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň döwletimizdäki ilçihanasynyň bilelikde guramagynda koreý-türkmen medeniýet günlerini geçirmek giň gerime eýe boldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde halkymyz koreý medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyş boldy. Koreý kinofilmleriniň birnäçesi görkezildi, koreý milli egin-eşikleriniň, tegym, kaýagym we çangu ýaly koreý milli saz gurallarynyň sergisi guraldy. Sergä gatnaşyjylar koreý milli aşhanasynyň meşhur tagamlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki o

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

2-nji noýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda guralan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalyk pudagynyň, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşaw ministrliginiň, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) we Koreýanyň Dokma önümleriniň söwdasy assosiasiýasynyň (KTTA), Koreýanyň Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH), şeýle hem dürli ulgamlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri

29 — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Medeni çäräniň ilkinji gününde Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä iki ýurduň medeniýet, ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

2-nji noýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda guralan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalyk pudagynyň, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşaw ministrliginiň, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) we Koreýanyň Dokma önümleriniň söwdasy assosiasiýasynyň (KTTA), Koreýanyň Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH), şeýle hem dürli ulgamlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

1-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde «Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri» atly umumy mejlisiň barşynda çykyş edenler — Merkezi Aziýa döwletleriniň we  Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen çäreleriň sebit syýasatyny sazlaşdyrmak, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhümdigini bellediler.

Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň  gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, bu forum ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki wajyp meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de degişli halkara düzümleriň işini utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleridir wezipeleri, sebitiň döwletleriniň bu ulgamlarda ädýän ädimleri boýunça pikir alşyldy, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen teklipler beýan edildi.

Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri

29 — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Medeni çäräniň ilkinji gününde Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärä iki ýurduň medeniýet, ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda guralan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalyk pudagynyň, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşaw ministrliginiň, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) we Koreýanyň Dokma önümleriniň söwdasy assosiasiýasynyň (KTTA), Koreýanyň Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH), şeýle hem dürli ulgamlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesini ösdürer

Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «nCa» web saýty habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Ulag forumy geçirildi. Forumda Özbegistanyň Ulag ministri Ihlom Mahkamowyň, Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerewiň hem-de Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýewiň arasynda «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Merkezi Aziýa – koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça mejlis geçirildi. Duşuşyk utgaşykly görnüşde “Elektron hökümeti we elektron hyzmatlary: Jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmak hem-de raýatlar bilen özara gatnaşyklary ýokarlandyrmak maksady bilen, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri” atly mowzuk bilen geçdi. Duşuşyga Tüurkmenistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

2-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti gatnaşdy diýip, «Orient.tm» habar berýär. Duşuşykda söwda we ulag aragatnaşygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitde bar bolan ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek, olaryň netijeli ulanylmagy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.