Türkmenistan — Bütindünýä söwda guramasy: ösüşe barýan ýol

4 Noýabr 2023
710

Milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna we innowasion-senagat tehnologiýalaryna geçirmekde, diwersifikasiýalaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ykdysady ulgamyna ygtybarly goşulyşmak, bazar gatnaşyklaryny halkara derejede we kanunçylyk binýatly esasda ýola goýmak maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça 2013-nji ýylda Hökümet topary döredildi. Topar BSG bilen hyzmatdaşlygyň milli bähbitlere laýyk gelýän ähli ugurlaryny içgin seljerdi. Şonuň ýaly-da, gurama agza ýurtlaryň tejribe, agzalyk üçin talap edilýän köptaraplaýyn söwda ylalaşyklary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalary düýpli öwrenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeden itergi bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Kararyna laýyklykda, ýurduň daşary ykdysady işlerine jogapkär ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny girizmek arkaly gürrüňi edilýän Hökümet toparynyň düzümi täzelendi.

Gahryman Arkadagymyzyň Birinji Hazar ykdysady forumynyň açylyşynda sözlän sözünde BSG-niň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklary ýola goýmak üçin adalatsyz bäsdeşlikden goraglylygy üpjün edýän hem-de düşnükli we aýan ýörelgelerde işleýän esasy halkara meýdançalaryň biri bolup durýandygy barada aýdanlaryny aýratyn nygtamak gerek. «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen halkara maslahatda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli halkara maliýe edaralary, şol sanda BSG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny hem-de 2019-njy ýylda oňa agza bolmagyň kadalaryny we düzgünlerini öwrenmek boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirendigini beýan etdi. Agzalyk bilen bagly işleriň netijesinde, şol ýylyň iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy hukuk derejesi berildi. Marrakeş Ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň noýabrynda biziň ýurdumyz bu halkara bileleşige goşulyşmak barada arza berdi. 2022-nji ýylyň fewralynda onuň Baş geňeşine agza ýurtlar tarapyndan Türkmenistanyň arzasy biragyzdan makullanyp, oňa «goşulýan ýurt» derejesini bermek kararyna gelindi.

Ylham ÝARAŞOW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar