Döwletara dialog pugtalandyrylýar

3 Noýabr 2023
434

Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Muňa 1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga gelen Koreýa, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň daşary işler ministrlerini kabul etmegi aýdyň subutnamadyr.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Myhman «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar