Hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

3 Noýabr 2023
387

1-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi.

Forumyň çäklerinde «Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri» atly umumy mejlisiň barşynda çykyş edenler — Merkezi Aziýa döwletleriniň we  Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen çäreleriň sebit syýasatyny sazlaşdyrmak, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhümdigini bellediler.

«Watan».
Beýleki habarlar