"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sungatlar «sözleşende» hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine ýol açylýar

Uzak menziller aşyp, alys ýurtlara barlanda, köplenç, ýerli ilat ýa-da çet ýurtly kärdeşlerimiz tarapyndan: «Öň biziň ýurdumyzda bolduňyzmy? Şäherimiz sizde nähili täsir galdyrdy?» diýen ýaly sowallar berilýär. Elbetde, alys ýurtdan gelen myhmanyň dogduk mekanyň hakdaky ýakymly sözlerini eşitmek, ajaýyp pikirlerini bilmek her birimiz üçin hem ýakymly. Daşary ýurtda ilkinji sapar bolmagyň, görmegiň lezzeti bir başga, ol hiç bir zat bilen öwezini dolduryp bolmajak pursatlar bolup hakydalara dolýar. Şu ýylyň 1 — 3-nji aprelinde iş sapary bilen Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine ilkinji gezek myhman bolanymyzda hem, şol ýakymly pursatlary başdan geçirdik. Şol täsirleri kalbyňa doldurmagyň, ony müdimilik ýadyňda saklamagyň, gören-eşidenleriňden ylhamlanyp işlemegiň lezzet, ýakym, ýalkym bolup göwünleri ganatlandyrýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Şu ýakymly duýgulary ynsan ömrüne bagyş edip, ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sahawatly işleriniň dowamat-dowam, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde «Zamahşary, Gaýyby, Nowaýy, Azad

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody «Weichai» kompaniýasy bilen “Saparmyrat Niýazow” gämisini döwrebaplaşdyrmagy babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Hytaý Halk respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy «Weichai» iženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda zawodyň wekilleri myhmanlary «Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň ýerine ýetirýän wezipesi, önümçilik mümkinçilikleri we ýokary tehnologiýaly önümleriň köp görnüşi, ýagny zawodyň gurluşyk sehlary we gurluşyk meýdançalary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar esasanam zawodyň häzirki zaman önümçilik infrastrukturasyny we ösen tehnologiýalaryny aýratyn bellediler.

Ашхабадская декларация придаст новый импульс развитию международных транспортных коридоров

На проходящем в столице Туркменистана 38-м заседании Совета управляющих и ответственных представителей железнодорожного транспорта государств-членов Организации сотрудничества железных дорог (ОСЖД) в четверг была принята Ашхабадская декларация. В заседании участвуют делегации железных дорог от Азербайджана, Афганистана, Беларуси, Венгрии, Вьетнама, Грузии, Китая, Ирана, Республики Корея, Корейской Народно-Демократической Республики, Казахстана, Кыргызстана, Латвии, Монголии, Польши, России, Словакии, Таджикистана, Туркменистана, Узбекистана, Чехии и Эстонии.

"Hytaý demir ýollary" döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna baryp gördüler

Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky "Hytaý demir ýollary" döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar portuň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy,  şeýle hem, infrastrukturasy, tehniki enjamlary we gelejegi babatynda ösüşleriniň ugulary bilen tanyşdylar.

DÝHG agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň çäginde degişli resminamalara gol çekmek çäresi geçirildi. Günüň ahyrynda guralan çärede Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli Türkmenistana ýörite ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Şu günler Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi pudagyň halkara ähmiýetli meseleleri boýunça anyk çözgütleri kabul etmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Şu gün bu ýerde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli Türkmenistana gurama tarapyndan taýýarlanan ýörite ýadygärlik nyşanynyň gowşurylýandygyny yglan etdi. Ol Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň taýýarlan ýadygärlik nyşanyny «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa gowşurdy.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Dabaranyň başynda gatnaşyjylara ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

Her bir döwlet öz geografik ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak bolsa Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşmek bilen, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribesine laýyklykda, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşleriniň esasy özeni sebit we halkara derejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň her biriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga şertleri döredýän sazlaşykly ulag ulgamynyň emele gelmegine bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzda öz işine başlan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi aýdyň görkezýär.

Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty habar berýär. Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew, ulag boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, Topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary(UNDESA) Li Szýunhua, BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Žan Todt, Durnukly pes uglerodly ulag boýunça SLOCAT hyzmatdaşlygynyň Baş sekretary Maruşa Kardama, Türk maýa goýum gaznasynyň prezidenti Bagdad Amreýew, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Konsultatiw geňeşiniň başlygy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň hormatly başlygy Martin Marmi, Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag babatyndaky kararnamalarynyň awtordaşlarynyň hataryndan Hemişelik Wekilhanalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we akademiki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi: dördünji iş güni

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň dördünji iş güni öz işne başlady. Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forumyň bu gününiň hem ähmiýetli meseleler boýunça işjeň ara alnyp maslahatlaşmalary özünde jemlemegine garaşylýar.

Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin işler alnyp barylýar

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan sişenbe güni Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli guralan tanyşdyryş çärede ýakynda Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi. Türkiýäniň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde guralan tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýurduň syýahatçylyk agentlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistan we «TRACECA» gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «TRACECA» Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşyk geçirdi - diýip, TDIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostluk şahalary gül açýar

Halkymyzda: «Bir derýadan suw içen ýaly» diýen ajaýyp meňzetme bar. Biri-birine ýakyn, ýürekdeş adamlara hut şeýle diýilýär. Şahyr aýtmyşlaýyn, gadymdan bir çäýnekde çaý çaýlaşan, agyr ýüki deň taýlaşan, bir çöregi jüp paýlaşan türkmen we özbek halklaryny diňe joşly Jeýhunyň däl, eýsem, taryhy-medeni, ruhy-edebi mirasynyň bitewülikleriniň umman deý giň akabasy hem birleşdirýär. Bu gün Aşgabatda «Daşkent», Daşkentde bolsa «Aşgabat» seýilgähleri, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýynyň, özbek paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçeler bar. Ynsanyýetiň şahyry

Nurana geljege uzaýar ýollar

15-nji aprelde paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. Forumyň «Türkmendemirýollary» agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen utgaşýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Myhmanhananyň giň eýwanynda ýerine ýetirilen halk aýdym-sazlary baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Bu ýerde guralan sergide gadymy taryhymyzyň, baý medeniýetimiziň nyşany bolan amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Durnukly ösüş ugry bilen

«Hoş habaryň ganaty bar» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede geçiren hökümet mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygy barada aýdylan hoş habar ulus-ilimiziň kalbyny egsilmez şatlyga besledi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň dünýäniň abraýly guramalarynyň netijeli hyzmatdaşyna öwrülendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmegiň hatyrasyna özüniň giň gerimli başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edip, bu ugurda aýratyn tagallalary durmuşa geçirýär. Özi-de ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky anyk ädimleri tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýedigi we özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletimiz BMG-niň adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, syýasy we ykdysady çökgünligiň öňüni almak ýaly möhüm ugurlarda hem maksatlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda öz tagallalaryny gaýgyrmaýar. Türkmenistan soňky ýyllarda özüniň Bitarap hukuk ýagdaýyna we köpasyrlyk ýörelgelerine esaslanyp, ynamly halkara hyzmatdaş hökmünde Birleşen Milletler Guramasy we on

Durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Täze taryhy döwürde Bitarap Türkmenistan durnukly ösüşi gazanmakda ulaglaryň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmek babatynda tagallalary birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 47-siniň awtordaş bolmagynda işlenip düzülen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge mynasyp goşant goşýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu Kararnama BMG-ä agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde eden çykyşynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi barada aýratyn belledi. Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalary döretmegiň başyny başlady. Şu nukdaýnazardan, 2016-njy ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulaglar boýunça ilkinji ählumumy maslahaty, şeýle hem 2023-nji

Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň Tejen – Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu gün Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegine 5 sany halkara güwänama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, gowşurylan halkara güwänamalar şulardan ybarat:

DÝHG-niň başlygy: Merkezi ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny möhümdir

Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda DÝHG-niň başlygy Miroslaw Antonowiç «Turkmenportalyň» habarçysyna Merkezi ulag geçelgesiniň ösüşi üçin Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. «Häzirki wagtda guramamyz 30 ýurdy öz içine alýar we giňelmegini dowam etdirýär. Guramamyza iň soňky agza bolan döwlet Laosdyr» diýip, Miroslaw Antonowiç belleýär.

Aşgabatda DÝHG-a agza döwletler geljegiň möhüm ugurlaryny maslahatlaşýarlar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň üçünji iş gününde oňa gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde yzygiderli iş alyp barmaga hem-de DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak arkaly ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler. Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz" myhmanhanasynda geçirilýän mejlise DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «TASS» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, «RDÝ»-niň wekili Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda žurnalistiň agzalan ugur boýunça gatwany täzeden ýola goýmak baradaky beren sowalyna «Men diňe şonuň tarapdary» diýip jogap berdi.