Durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

17 Aprel 2024
535

Täze taryhy döwürde Bitarap Türkmenistan durnukly ösüşi gazanmakda ulaglaryň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmek babatynda tagallalary birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 47-siniň awtordaş bolmagynda işlenip düzülen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge mynasyp goşant goşýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu Kararnama BMG-ä agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde eden çykyşynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi barada aýratyn belledi. Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalary döretmegiň başyny başlady. Şu nukdaýnazardan, 2016-njy ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulaglar boýunça ilkinji ählumumy maslahaty, şeýle hem 2023-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda bu iri halkara guramasy bilen bilelikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara duşuşygy üstünlikli geçirildi.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň mümkinçilikleri has-da giňeldilýär. Şeýle hem halkara ulag geçelgelerini döretmek, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryny gaýtadan dikeltmek, şonuň netijesinde söwdanyň, özara bähbitli hoşniýetli gatnaşyklaryň geriminiň has-da giňelmegine gönükdirilen iri taslamalar üstünlikli alnyp barylýar.

Pirmuhammet MUHAMMETGURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar