Durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

18 Aprel 2024
454

Her bir döwlet öz geografik ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak bolsa Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşmek bilen, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribesine laýyklykda, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşleriniň esasy özeni sebit we halkara derejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň her biriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga şertleri döredýän sazlaşykly ulag ulgamynyň emele gelmegine bagly bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzda öz işine başlan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi aýdyň görkezýär.

Işanmyrat MÜRTIÝEW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar