"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Özgerişler mekany

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» boýunça welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Maksatnama, ilki bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy. Maksatnamanyň esasy maksatlary boýunça eýýäm birtopar işler ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion-senagatlaşma derejesini has-da pugtalandyrmak hem şolaryň biridir.

Dünýäni özgerdýän ýollar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň halkymyzyň ruhuny belende göterýän täze tapgyrlaryna geçilýär. Diýarymyzy gülledýän, ykballary özgerdýän, halkymyzyň ýaşaýşyna barha täze eşretleri getirýän, mähriban Watanymyzyň mertebesini günsaýyn beýgeldýän we gözelleşdirýän taryhy işleriň sanawy artýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem şolaryň biridir. Bu ýoluň esasy bölegi Türkmenabatda tamamlanýar we ol goňşy ýurtlara uzaýan ýollara birleşýär. Ýoluň Mary — Türkmenabat bölegi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1 aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, örän möhümdir. Bu ýol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek boýunça möhüm wezipäni amala aşyrýar. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändigi bilen hem guwandyryjydyr.

Şahyryň görelde alan ussatlary

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti Gündogar edebiýatynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol orta asyr edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň eserlerini, halk döredijiligini ymykly öwrenipdir. Öz döredijiliginde olara telim gezek ýüzlenipdir. Olardan ylham alypdyr, ussatlaryň edebi mirasyny nusga edinipdir, şolaryň hatarynda bolmagy arzuwlapdyr. Şahyryň sekiz bentden ybarat bolan «San bolsam» atly goşgusyny mysal getireýin. Goşguda gadymy we orta asyryň belli şahsyýetleriniň otuza golaýynyň atlary tutulýar. Şolaryň ençemesi dünýä belli bolan ussat şahyrlar hem-de filosoflar. Ine, şol goşgynyň bir bendi:

Watan şahyry

Setirleri müň ykbal, şygyrlary aýdyň ýoldur,Sözlernden doýup bolmaz, göýä olar misli baldyr, Bossanyna seýl etmeseň, kalbyňa dünýe dardyr,Sözden gaýdýan akaba bar, görünmeýär ahyry,«Watan» diýlen bu döwletiň Şahyry bar Şahyry. Bütin dünýä oňa aşyk, doýma ýokdur hiç haçan,Waspyna şygyr ýazyber, kalbyň açyp aç-açan,Göýä Gökden inmiş gudrat, bu äleme nur saçan,Ýüreklerde orun goýdy şygryýetiň zahyry,«Watan» diýlen bu döwletiň Şahyry bar Şahyry.

Halk Maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň nusgasy

Berkarar Watanymyzda agzybir hem bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýar. Indi däp bolşy ýaly, her ýyl bu mukaddes baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mejlis Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilip, onda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ruhy-medeni ösüşinde ýeten derejesi hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Il-ýurt bähbitli permanlardyr kararlar, çözgütler kabul ediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Liderimiziň baý durmuş we syýasy tejribesine, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelýän beýik başlangyçlaryna esaslanýan ýokary derejedäki guramaçylykly işler döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşykly hereketi emele getirýär. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi onuň aýdyň mysalydyr. Mejlisiň gün tertibinde

Milletiň ruhy keşbi

Goja taryhymyza ser salanymyzda, şu günki türkmen Tugunyň geçen ýolunyň hem halkymyzyň özi ýaly, gadymyýetden gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýä meşhur akyldarlar, haýsam bolsa bir döwletiň geçmişini, şu gününi, geljekki tutumlaryny bilmek, halkynyň ruhy dünýäsine düşünmek isleseň, şol döwletiň baýdagyny içgin synlamalydygyny aýdypdyrlar. Hut şoňa görä-de, baýdak tutuş döwletiň ýüzüniň tuwagy, milletiň ruhy keşbiniň aýnasy hasaplanylýar. Ol her bir özbaşdak döwletiň durmuşynda, onuň halkynyň ykbalynda baş nyşanlaryň biri hökmünde möhüm orny eýeleýändir. Döwlet baýdagy döwletiň häkimiýetini, garaşsyzlygyny we agzybirligini janlandyrýan, halkyň hatyrasyny, mertebesini, onuň azatlyga we özbaşdaklyga bolan arzuwlaryny suratlandyrýan nyşan bolup, ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Baýdak taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, ilkinji tuglar Müsürde we Hytaýda peýda bolupdyr. Tuglar, tuwulgalar goşunbaşylara söweşde ugurlaryny kesgitlemäge, soňlugy bilen bolsa döwletleri parhlandyrmakda ýardam beripdirler. Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy, täze döwletiň döremegi jar edilenden soň, geçirilýän ilkinji dabaraly çäre bolupdyr.

Bileniň — baýlygyň

Dünýä çöllükleri √ Siriýa çöllügi — Siriýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň we Saud Arabystanynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy meýdany 1 million inedördül kilometr. Ortaça temperaturasy: gyşyna -70 С, tomsuna +300 С. Siriýa çöllügi esasan çägelik ýerlerdir. Ir döwürlerde düýe kerwenleri Ortaýer deňzi bilen Mesopotamiýanyň arasynda gatnaw edipdirler. Häzir bu çöllügiň üstünden goňşy ýurtlary birleşdirýän ýokary tizlikli awtoýollary geçýär.

Taryhy tutumlara beslenýän döwür

Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilmegi, üstünlikleriň üstünliklere ulaşmagy berkarar Watanymyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki ornuny berkidip, abraý-mertebesini has-da belende göterýär. «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýip nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary ajaýyp zamanamyzda rowaçlyga beslenýär. Peder ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýetilýän täze sepgitler bu mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, köňüllerdäki buýsanjy goşalandyrýar, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan döredijilikli zähmeti has-da joşdurýar. Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli ugurlarynyň kemala gelmegi durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri ýokary depginlerde alyp barmaga mümkinçilik berýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady g

Kuwwatly döwlet — bagtyýar halk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky orny ýylsaýyn pugtalanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän  döwletli tutumlar her bir türkmenistanlynyň buýsançly başyny has-da belende göterýär. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ýetilen belent sepgitler dünýä nusgalykdyr. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan ýokary görkezijileriň, eziz Diýarymyzyň has-da gözelleşen şäherleriniň, şäherçeleriniň, obalarynyň binagärlik keşbiniň, ýylba-ýyldan sany artýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, döwrebap zawod-fabrikleriň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň, durmuşymyzyň bezegine öwrülen döwletli tutumlaryň, özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Garaşsyzlyk bagty

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýy barha golaýlaýar. Bu toýa halkymyzyň aýratyn ähmiýet bermegi ýönelige däl. Çünki Garaşsyzlyk külli türkmen halkynyň baş baýramydyr, naýbaşy toýudyr. Bu sene bagtyýar ulus-ilimizde has giňden bellenýär, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaňa beslenýän dabaralar geçirilýär. Garaşsyzlygyň geçen ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyny çäksiz buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Gysga taryhy döwürde Diýarymyzyň giňişliklerinde täze, döwrebap obalar, şäherdir şäherçeler peýda boldy, ilatly nokatlarda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly desgalar guruldy. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna täsirini ýetirdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Ýokumly we datly miweler

Bagtyýar çagalar — eşretli ertirimiziň eýeleri

Şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 19-njy awgustda gözel paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän, kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada säher bilen başlan baýramçylyk şowhuny, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary daş-töwerege şirinden-şirin owazlary bilen ýaň salyp, bu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyşyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Il-ýurt bähbitli möhüm ädimler

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek barada ileri tutulýan wezipelere garalar. Eziz Watanymyzyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň, halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl dolýar.

Halk häkimiýetiniň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi raýat jemgyýetini has-da kämilleşdirmäge, halk häkimiýetiniň milli nusgasyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle hem döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup, bu ugurda dünýä nusgalyk işler üstünlikli dowam edýär. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda guralýan maslahatlarda we duşuşyklarda hem buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän şeýle ähmiýetli işlere ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Çünki watandaşlarymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmek ugrundaky özgertmelere goşant goşmak biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalardan ruhlanyp, ilatyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işlerini yzygiderli wagyz ederis.

Erşi — tar, çitimi — aýdym

Haly hakynda öň hem köp zatlar aýdylypdyr. Rowaýatlar, tymsallar, nakyllar döräpdir. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly ajaýyp kitaplaryny ýazdy. Ine, şu ýagdaýlaryň özi hem halynyň diňe maddy gymmatlyk bolup çäklenmeýändigini, onuň halkymyzyň ruhy durmuşynda-da aýratyn ornunyň bardygyny aňladýar. Halyçylyk sungatyna türkmen halkynyň durmuşynyň, häsiýetleriniň, dünýägaraýşynyň şöhlelenmesi diýip bolar. Ýaşaýşyň, dünýäniň gözelliklerini aýratyn ýitilik bilen duýýan, pany jahany elmydama oňyn tarapdan görüp, ähli ruhy, aňyýet, döredijilik güýjüni durmuşy gözelleşdirmäge sarp edip gelen halkymyzyň halyçylygy diňe bir sungat derejesine ýetirmek bilen çäklenmän, öz durmuşynyň köp taraplaryny, ýagny adamçylyk gatnaşyklary, ynsaplylyk, işe yhlas, sabyrlylyk, edep-ekram, hoşniýetlilik ýaly iň oňat häsiýetleri terbiýelemegiň, ýüze çykarmagyň inçe senedi hökmünde kämilleşdirendigi bellidir.

To­mus­da ke­sel­den go­ran­mak üçin...

Dür­li mi­we­le­riň­dir gök önüm­le­riň ýe­tiş­ýän döw­rün­de gyş üçin iş­däa­çar­la­ry, mü­rep­be­le­ri, gaý­nat­ma­la­ry taý­ýar­la­ýan ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň bu gün­ler hy­syr­dy­sy ýe­tik bol­sa ge­rek. Biz hem dür­li ke­sel­çi­lik­le­riň ýü­ze çyk­maz­ly­gy üçin hök­ma­ny su­rat­da ber­jaý edil­me­li düz­gün­ler ba­ra­da söz aç­ma­gy ma­kul bil­dik. Bo­tu­lizm­den ägä bo­luň!

Türkmenistanyň wekiliýeti IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti 16-17-nji awgustda Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy.Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşýan Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, şeýle hem Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy. Çäräniň esasy gününde, 17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ählumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» atly ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy boldy.

HALK MASLAHATY – SYÝASY JEBISLIGIŇ MILLI NUSGASY

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilen döwlet gurmagyň baý tejribesi, şöhratly ýoly, nusgawy milli demokratik mekdebi bar. Oguz hanyň döwründen bäri akylly, paýhasly, tejribeli ýaşululara geňeş salyp, maslahat etmek däbi ýörgünli bolupdyr. Adalatlylygy bilen belli bolan Oguz türkmen döwletiniň, Seljuk türkmenleriniň döwletiniň, Osman türkmenleriniň döwletiniň ählumumy halk ýygnagy esasynda döredilendigi taryhdan mälimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmak işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berip, demokratik institutlar ösdürilýär, raýat jemgyýeti kemala getirilýär, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslary pugtalandyrylýar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli çäre gurady

14-nji awgustda Belarusuň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň — Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy gurady. Çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Minskde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Özbegistanda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy

16-njy awgustda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Ilçi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy A.Nuridinow, medeniýet we sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.