Halk häkimiýetiniň dabaralanmasy

20 Awgust 2024
109

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi raýat jemgyýetini has-da kämilleşdirmäge, halk häkimiýetiniň milli nusgasyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle hem döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup, bu ugurda dünýä nusgalyk işler üstünlikli dowam edýär. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda guralýan maslahatlarda we duşuşyklarda hem buýsançly çykyşlar diňlenilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän şeýle ähmiýetli işlere ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Çünki watandaşlarymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmek ugrundaky özgertmelere goşant goşmak biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalardan ruhlanyp, ilatyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işlerini yzygiderli wagyz ederis.

Şyhmyrat HOJAÝEW,
Halaç etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar