Türkmenistanyň wekiliýeti IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy

19 Awgust 2024
117

Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti 16-17-nji awgustda Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy.Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşýan Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, şeýle hem Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy.

Çäräniň esasy gününde, 17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ählumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» atly ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy boldy.

Beýleki habarlar