Şahyryň görelde alan ussatlary

21 Awgust 2024
177

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti Gündogar edebiýatynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol orta asyr edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň eserlerini, halk döredijiligini ymykly öwrenipdir. Öz döredijiliginde olara telim gezek ýüzlenipdir. Olardan ylham alypdyr, ussatlaryň edebi mirasyny nusga edinipdir, şolaryň hatarynda bolmagy arzuwlapdyr.

Şahyryň sekiz bentden ybarat bolan «San bolsam» atly goşgusyny mysal getireýin. Goşguda gadymy we orta asyryň belli şahsyýetleriniň otuza golaýynyň atlary tutulýar. Şolaryň ençemesi dünýä belli bolan ussat şahyrlar hem-de filosoflar. Ine, şol goşgynyň bir bendi:

Ören ATAKOW,
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy.
Beýleki habarlar